Täze ýylyň ýigriminji güni | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Täze ýylyň ýigriminji güni

Ýanwar 19, 2021 | 1 teswir | 521 okalan

 Günortan telewizordan "Türkmen owazyny" görüp otyryn welin, Bäşim Lallak pahyr ýadyma düşýär. 14-15 ýaşlarymdakam "Piýonerler köşgüne" dutar öwrenmäge gatnaýardym, Bäşim aga-da mugallymymyzdy. Pahyr gyzlaryň dutar öwrenip bilmeýänine gynanardy. Ýörite öwretjek bolup, birki sanysyny iş edinenini, ýöne öwredip bilmänini gürrüň bererdi. "Dutar çalmak haly dokandan kyn däl ahyryn" diýerdi. Elbetde, ol kružokda öwrenýän, çalýan sazlarymyzy göz öňünde tutandyr. Bilmedim. Biz - okuwçylaram geň görerdik, soňam bu ýagdaý şobada ýadymyzdan çykar giderdi. Ýogsa "Aýal bagşy" diýilýänem ýaşap geçipdir. O döwürler Nabat Nurmuhammedowa dagam aýdym aýdardylar. Ýöne Bäşim aga "Araňyzda, ortarada bir gyzjagazam siziň bilen deň dutar çalyp otursa, gowy gelişjek-dä" diýerdi. Dutara gatnaýan oglanam ep-esli bardy. "Türkmen owazynda-da" dört sany gelin dutar çalyp otyr. Özem kyn sazlary çalýalar. Näme üçin beýlekä? Näme üýtgedikä? Owalam gyzlara "Dutar çalmarsyň" diýýän ýok, häzirem "Hökman çalarsyň" diýýän ýokdur. 

"Täze ýyl geldi" diýip begenşip oturanymzdan bäri eýýäm 20 gün geçip barýar. Dekabryň 31 bilen ýanwaryň 1-niň arasynda tapawudyň ýokdugy belli. Şonda-da edil tapawutly ýaly birine "köne", beýlekisine "täze" diýdik. Bu hakykatdanam şeýle bolaýmasyn? Men öýlenen ýyllarymda, geçen asyryň ýetmişinji ýyllary (nähili gadymy eşdilýär, hamala, üstüni gum basyp giden ýaly) kellesine ýaglyk daňynmaýan gyz ýokdy. Ýogsa, gyzlaryň ýaglyk daňynmaýany üçin edepsizleşmändigine gözüm ýetip dur. Mesjitler ýokdy, namaz okaýan azdy, ýöne şükür edýän, kanagatly adamlar köpräk ýalydy. Ýok, men asla, geçen gowudy, häzir erbet, geljek ondanam erbet bolar diýjek bolamok. Meni tapawut haýran galdyrýar. Hakykatdanam, tapgyr-tapgyr täze adamlar gelip durmyka? Her nesliň ady adam bolsa-da, özleri başga-başgamyka? Fantastiki kinolardaky adamlary göremizde, haýran galýas hem onuň hakykat däldigini bilip otyrys. Ýöne men özümiň atamdan gaty tapawutly atadygymy bilýänmi? Ýüz ýyl, elli ýyl mundan öňki adamlar bilen häzirki adamlar şeýle bir biri-birinden uzakda, hatda, "olaryň ikisem adam" diýesiňem gelenok. Käteler häzirki adamlaryň özi şeýle üýtgän bolsa, olaryň adynam üýtgetmeli diýýäň. Gurbannazar bolsa "Asly, durky, maňzy bilen meňzeşdir..." diýýär. Yzyndanam ""Kimse haýryň zary, kim şeriň zary" diýip, haýyr bilen şeriň Adam atadan bäri üýtgemändigini aýdýar. 

Ýeri üýtgände näme, üýtgemände näme? Adamlar üýtgeýän bolsa, üýtgetmän saklap bilmejegiň belli. Aslynda, ony üýtgetmejek bolmagyň özi dogrumy? Eger ynsan dünýe döräpdir üýtgemeýän bolsa, onda üýtgedip bolmajagam görnüp dur. 

Edýän gürrüňim boş gürrüň bolaýdymy? Adam garrasa boş gürrüňlere, boş aladalara ötägidýärmikä? Özümi arkaýynlaşdyrasym gelýär. Ondan gowsy, pelsepe otaryp oturma-da agtyklaryň ýanyna bar diýýän. Bu kyn däl. Kompýuteri ýapyp turup gidibermeli. Ýöne näçe gün giderin? Bäş günmi? On günmi? 

Ýadadym, Gurbannazary getirmejek günlerden, Tokara, Bapba duşurmajak günlerden ýadadym diýesim gelýär. Diýsem, agtygymy "Ata salawmaleýkim" diýdirip gapydan getiren güne näme diýeýin? Ertir olaryň toýuny getirjek günüň ýüzüne nädip seredeýin?! Goý, ähli zat, içinde adamzadam üýtgese üýtgäbersin. Menem üýtgäp gidendirin. Bir duran ýerinde duran zat barmy? Esasy zat, iki dünýe ýüzigara bolanlardan etmesin. 

Teswirler (1 sany)

Hüdayi Jan:
26 Fewral, 2021

Gündeliklere bir zat ýazanyňyza gaty begendim. Arada blog açylmady, gündelikdir bir zatlar ýazmany düýbünden taşladylarmyka diýpdim, şeýle däl eken, şükür.

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.