Ýazmak keseli
Hakylatdanam bu bir kesel eken. Ýöne ajalyň ýetmese, keselden gutulyp bolýa - mundan gutuljak gümanyň ýok. Özem ýokuşmasy aňsat bir dert. Ýazan zadyň gowymy ýa gowşakmy, ulurakmy ýa iki setirmi tapawudy ýok, gazýetleň birinde çap edildimi - onsoň boldy, sen eýýäm özüňi ykrar edilen, ýazyp bilýän hasaplaýaň. Seň aladaň indiki ýazjak zadyň. Hawa, şeýle, ýöne näme üçin kesel? Belki, tersinedir? Halas bolmak, derdiňi ýeňletmek, garaz, bilmedim, ýene-de şolara meňzeş gowulykalardyr. Entek, şöhrat, tanymallyk - bu zatlar hakda aýdybam oturmaýyn. Menem başda şeýle pikir edipdim. Hasam soňky tanymallyk hasam özüne çekipdi. 14-15 ýaşlarymda dutary ýaňy tyrňyldadyp başlamda, höwes bilen diňlejege-diňlemejege çalyp bererdim. Dutarym iň ýakyn dostumdy. Nirä gitsem ýanymdan aýyrmajak bolardym. Häzir welin, tozan siňip ýatyr. Elläýinem diýemok. Elime alsam, barmaklarymyň gödeňsiliginden utanýan. Ýeke özüm oturybam bir sazy başdan aýak çalyp bilemok. Sebäbi gulaklarym hakyky sazandalaň hakyky sazlaryndan ganypdyr. Öz çalyşym düýe patanaklança-da bolanok. Onsoň nädip dutaryňy eliňe aljak. Indi ony görüp agtyklarym "Atamyz dutaram çalýar eken" diýäýmeseler. Ýazmak diýilen närse welin, beýle däl. Ýazyp bilmedigiňçe ýazjak bolup dyrjaşýaň, onda-da uludan ulusyna, kynyndan kynyna ýapyşýaň. Ýogsa indi adymyň gazetde çykmasyny, ýazan zadymyň elden-ele geçip okalanyny islemek ýaly höweslerimden saplandymam. Ýazanlarymy çap etdiresimem gelip baranok. Şonda-da...
Arada biri "Näçe ýaşyňdan bäri ýazmaga başladyň?" diýip sorapdyr. Ýigrimi üç diýdim. 75-nji ýylyň ahyrky aýlarynda "Edebiýat we sungatda" birinji hekaýam çykypdy. Şondan bärem ýazyp ýörün. Arasynda goýan ýalam etdim. Bir setirem ýazman eslije ýylam ýaşadym. Belki, ýazmak keselinden açylybam barýadym. Soň bir sebäp tapyldy-da ýene başlandy. Şol başlap gidip otyryn. Indi taşlarynam öýdemok. Kesel diýýänim ýazmagyň agyrlygyndan, aladasynyň känliginden, göwnümiň isleýşi ýaly ýazyp bilmeýänimden däl. Ömrümde eden ýalňyşlyklarymyň köpüsiniň aňyrsynda şu ýazmak keselimiň durany üçinem diýemok. Ýazmak diýilýän zat aşagyndan çykyp bolmaýan agyrlyk. Ştangaçylar daşy göterip bilmeseler yzyna oklap goýberýändirler, muny oklap bolanok. Ýazmak bu agyr bergi. Hiç üzülişip bolmajak bergi. Elmydam seni utançda goýýa, dili gysga edýä. Näme ýazýaň diýselerem näme diýjegiňi bileňok, öwselerem nätjegiňi bileňok, ýamanlasalar ýere girip bileňok. "Entegem ýazjak bolup ýör-aý" diýýänem kändir.
Ýöne men size bir zady gürrüň bereýin.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.