18.02.12. | Gündelik | Hydyr Amangeldi

18.02.12.

Fewral 18, 2012 | 1 teswir | 937 okalan


Onda ýazmaly dälmi? Alla her kime bir ukyp berýär. Gurban Berdiýew trener, Ata Ilew çapyksuwar, Nurberdi han türkmeniň hany, Magtymguly türkmeniň akyldar şahyry. Bularyň hiç birem Alla bermese, özleri “Men boldum” diýip bilmez. Daýhanam ýeri sürüp ýörendir, tohum taşlar, suw berer, otar, bejerer iň soňunda-da “halysyly Alla berdi” diýer. Sebäbi, diňe suw bilenem, tohum bilenem, bejergi bilenem, Alla bermese, bolmaýandygyny o daýhan göre-göre geýär. Indi sen özüňde ýazmaga Alla tarapyn berilen ukyp bardygyny bileniňden soň ýazmasaň bolarmy?
Halk ýeke ýazyjy-şahyr, ýeke kirap bilenem ýaşady. Ölmedi. O ýyllaram geçip gitdi. Ýetmiş ýyllap kommunistik ideologiýadan çykmaýan edebiýat bilenem ýaşady. Ölmedi. Emma, nadanlyk diýip bir zat bar. Eger adam daşaryk çykmasa, hereket etmese, gymyldaman ýatsa, sen ony näçe naharlasaňam igläp, süňke dönýär. Akyl diýlenem edil şonuň ýaly. Duýgy diýlenem şonuň ýaly. Ölmesine ölenok, emma nadanlyk bildirmän gelýär. Bäş-alty adam bolup otursaň edere gürrüň tapaňok, dymyp oturmajak bolup edilýän gürrüňem warsaky. Çagaň nämä güýmenjegini bilenok. Eliňe Magtymgulyny alyp okabermäge-de taýýarlyk gerek. Derrew ukyň tutýar. Bir setirine düşünseň, onusyna düşüneňok. Bir güýmenje tapsaň kaýyl. Gün geçirmeli. Işe diýip gidýäniňem bir gowy zat. Eger öýde bolsaň nätjek? Ýogsa, edebiýat, sungat adamyny güýmemek üçin döredilmeýär. Emma, güýmenere zat tapsaňam kaýyl. Bu zatlar üçin ýazyp bilýärkä ýazmasyny taşlanlar jogapkär dälmikä? “Men ýazmaly. Onda-da adamlaryň aňyny ösdürmek, terbiýelemk üçin ýazmaly. Ýazyp bilmeýän bolsam, öwrenmeli, kämilleşmeli” diýip bilmeýän “kiçigöwünliler”, “pespälliler” jogapkär dälmikä?
Hawa, hakyky ýazyjy ýa-da çyny bilen ýazjak bolýan adam döşüne kakmaz. Onuň döşüne kakmaga elem degmez. Onuň derdi uludyr. Emma, ýazyjysyz, şahyrsyz, sungatsyz halk ýokdur. Bolubam bilmez.

Teswirler (1 sany)

Dr.Mukhtar:
20 Fewral, 2012

cok guzel dostum

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.