Boýnumda şeýtan ýa-da Baýezid Bestamy | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Boýnumda şeýtan ýa-da Baýezid Bestamy

Aprel 16, 2021 | 1 teswir | 678 okalan

Ýakynda bir geň rowaýat eşitdim. Baýezid Bestamy hakynda. Sopuçylykda ýokary derejelere ýeten Bestamy Käbä zyýarata gelipdir. Görse, bir gyrada şeýtanam durmyş. Bestamy muňa haýran galypdyr. "Bu ýerlerde näme işleýäň?" diýip ondan sorapdyr. Şeýtanam "Käbir toruma salmaly adamlarym bar. Şolara garaşýan" diýipdir. Baýezid saklanyp bilmän "Menem toruňa salyp bilermiň?" diýip soraýar. Şeýtan arkaýyn: "Seni awlamak üçin toram hökman däl" diýip jogap berýär. Zyýaratyny tamamlan ulema ýurduna dolanmak üçin ýola düşüpdir. Bir derýaň ýakasyna gelende, kenarda bir haly giden gojaň iki bükülip oturanyny görýär. Weli oňa dözmän ýanyna barypdyr. Goja derýaň beýleki kenaryna geçip bilmeýäninden, mejalynyň ýokdugyndan nalapdyr.  Elbetde, Baýezid şo bada gojany bonuna mündürip, garşy kenara tarap ýöräp ugrapdyr. Şol pursadam onuň boýnuna münüp oturan goja: "Aýtdym-a seni awlamak üçin, toram hökman däl diýip" diýýär-de gözden gaýyp bolýar. 

 Nesibäm çekip menem weli hataryna giren Baýezid Bestamynyň guburyna zyýarat etdim. Onuň gubury Eýranyň Bestamy şäherinde. Adatça olar ýaly adamyň üstüne gümmez galdyrylýar, emma ol ulema daşarda ýatyr. Üstüne ýagyş-gar ýagmaz ýaly, pessejik üçek edilipdir - bolany. Golaýynda içi boş gümmez, okan, ýaşan hüjresi hem mesjit bar. Gürrüň berişlerine onuň özi şägirdiniň düýşüne girip "Meň daşyma gümmez galdyrmaň" diýipdir. Ýaşan hüjresine-de zordan iki adam sygýar. Pessejik gapy, darajyk, eliňi uzatsaň depesine eliň degip duran biri-biriniň içinden geçilýän iki sany otag. Jaýlar şeýle kiçi hem dar bolansoň diwary içinde ýanan şemiň tüssesine garalypdyr. Mesjidem beýle kaşaň, uly däl eken. Ýöne zyýaratçylar köp. Gelenleriň köpüsem türkmenler. Sopuçylykda Fena Fi'Allah (Allada ýok bolmak), adamyň Allaha iň ýakyn bolma ruhy halyna, Beka Bi'Allah (Allada bar bolmak) Allaha bolan aşa söýgüsinden ýaňa Alladan başga ähli zady terk edip, Alla bilen bar bolmak halyna ýeten bu ägirdiň boýnuna şeýtanyň münüp barýanyny göz öňüme getiremde haýykdym. Onda öz ýagdaýym nähilikä? Özümiň Alla beýle ýakyn däldigimi bilýän. Onda şeýtana has golaýdygym şübhesiz. Boýnumda şeýtan sag gulagymdan burup - saga, çep gulagymdan burup - çepe öwürýär. Injigime kakyp islän ýerinde çökerýär, burnuma urup islän ýerinden turuzýar. Beýnimiň içine girip, maýmyn edip oýnaýar. Edil beýle däldir-le diýesim gelýär. Ony diýdirýäniňem şeýtandygy şübhesiz. Iki aralyk - ne Allalyk, ne-de şeýtanlyk ýaşaýşam ýok. Hat-da şu setirleri ýazyp otyryn welin, barmaklaryma harplary basdyrýanam şeýtanyň hilesi ýaly. Sebäbi bu ýazanlarymy "öz saýtyma" goýaryn. Gün sypdyrman, käte günde birnäçe gezek muny okanlaryň sanyna serederin. Köp girseler - begenerin. Eden işimiň netijesini bilesim, ony gazanan derejäm hökmünde, "bitiren işim" diýip öz adyma geçiresim geler. "Alla razylygy üçin ýazdym, galany bilen işim ýok" diýmerin. Sebäbi boýnumda şeýtan otyr. Ýadyňyza düşýändir Bestamynyň işiginde biri: "Men Baýezid Bestamyny gözläp geldim" diýip gygyranda, ol weli: "Menem ony kyrk ýyl bäri gözleýän, tapsaňyz maňa-da aýdyň" diýip jogap berýär. Men bolsa täze ýyl ýetmiş ýaşaýan...  

Teswirler (1 sany)

Meylis:
18 Aprel, 2021

Essalam aleykum dayy.Diysen tasirli yazgy bolupdyr. Shular yalak yazgylar, ich gurletmeler bilen yygy-yygdan paylashyp durun. Dogrymy aytsam on okandygyma garamazdan yene gundelik yazgylarynyzy okap bashladym, ozimde galdyryan tasiri dil bilen beyan edip bilemok.

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.