Düşnükli zada düşünmek | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Düşnükli zada düşünmek

Aprel 26, 2021 | 1 teswir | 453 okalan

Sadakalara barylýar, üýşmeleňlerde oturylýar. Käte gürrüňe gyzylýar. Birhili özüňi tanatmasaň, düşünjäňi görkezmeseň, bilimiňi bildirmeseň kiçeldiläýjek, pes görüläýjek ýalam bolýaň. Janygyp, tolgunyp, gezek bermän, garşyňdakyny diňlemän diýen ýaly öz pikiriňi öňe sürýäň, arkasyny alýaň, goraýaň. Pikiriň dogrudygyny subut etmäge, garşyňdakyň aýdýanlarynyň ýalňyşyny çykarmaga dyrjaşýaň. Bu ýagdaýy biraz has dartgynlyrak ýazdym welin, edil şoňa golaýlaýar. Käte öýkeleşäýmäň bäri ýanyna-da baryberýäň. Hasam bu doganlaryň, ýakynlaryň bilen şeýle. Daşgynrak, ýadyrak adamlaryň özleri seslerini çykaranoklar ýa-da sen aşak seredip oňaýýaň. 

Käte-de sen bogazyňam ýyrtaňok, kelläňe-de agram salaňok her bir zat öz-özi ýerli-ýerinde oturberýär. Seni sylaýalar, hormat edýäler. Saňa üýtgeşik "Pylan kaka-da", "Pylan aga-da" diýenoklar. Şonda-da sen birhili rahat, daljygman, darygman arkaýyn oturýaň. Birhili seni aşa ýokaryk galdyrmagam däl, peseltmegem, kemsitmegem, ýeňjek bolmagam ýok ýaly. Bolaýsa-da bu saňa juda ähmiýetsiz. Gaýta, sen az gürleýäň, özüňi görkezmejek bolýaň. Bu abraý Allaň berýän abraýymyka diýýän. Birhili özüňi oňa känbir mynasybam göreňok.  

Öýe gelýäň, hemme zat ýerbe-ýer. Reňklerem bolmalysy ýaly, ne ýiti, ne-de solak. Howa-da ýakymly. Hat-da sowugam bolsa, janyňa hoş ýakýar. Şonda aklyňa "Aşa janygyp, derde galyp öz akylyňy töweregiňe mazamlajak bolup oturmak, pes galmajak bolup ýörmek geregem däl eken" diýen düşnükli pikir gelýär. Seň kimdigiňi Alla aňryýany bilen bilýär, tanaýar, onsoň bendesine bildirjek, tanatjak bolup derde galmagyň hökmanam däldigi şeýle düşnükli görünýär. Geň ýeri, görnüp duran zady görmeýändigiň.

Teswirler (1 sany)

Muhammetmyrat:
26 Iýun, 2021

Durmuşda köp gezek gabat gelen ýagdaýym.

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.