Bir çukura tüýkürmek
Şu günler Logofet diýip biriniň Eýran-Rus serheti barada 1909-njy ýylda ýazan ýol ýazgylaryny okaýan. Säwlik bilen internetde duşdum. Krasnowodskiden başlap, Owgan serhetlerine çenli ýazýar. Häzirä diňe türkmenler tarapyny ýazýar, ýöne Eýrana-da geçmekçi, şonda eýranlylar hakda-da ýazar diýip gyzyklanyp okaýan. Ýöne ýol ýazgysy bolansoň, kän çeper eser okan ýaly gyzygyp okalanok. Ýuwaş-ýuwaşdan okaýan. Onuň ýazýan ýerleri meň atam Hangeldi agaňam jigit bolup serhetde gulluk eden ýerleri, (belki ýyllary) bolansoň maňa gyzykly. Şol kitapda Logofetiň türkmenler hakda ýazanlarynyň käbiri meni geň galdyrdy. Ol "Bir çukura tüýkürmek" hakda ýazypdyr. Bizde üýşüp bir karara gelmek, her kimiň dürli pikirini bir ýere jemlemek diýen ýaly manylary berýän bu söz düzümimiz hakykatda bar, edilýän zat eken. Türkmenler bir çukurjyk gazyp, şoňa hakykatdanam tüýkürer ekenler. Muny olar alamana gitmezleriniň öň ýany edýän ekenler. Munuň manysy, serdarlaryna doly boýun egjekdiklerine, her näme bolsa-da birek-biregi taşlaman agzybir, bir adam ýaly söweşjekdiklerine kasam içdiklerini aňladýan eken. Bir çukura tüýküren alamançy tekeler öz serdarlaryna (şowly bolsun, şowsuz bolsun, dogry ýa-da ýalňyş bolsun) doly boýun egýän ekenler. Alamandan soň, bu kasam öz güýjüni ýitirýän eken. Ýene bir ýerde Logofet türkmenleri häsiýetlendirende türkmenler kän dine berk adamlar däl. Olar ruslar, dini başgalar bilen görüşip-gürleşýäler, hat-da rus dilinem öwrenýäler. Bu biziň dinimizde gadagan diýip durmaýarlar. Ýöne biri kasam içse, onam saklap bilmese, ahyretde şol kasam içeniň ýanynda duranam, ony eşdenem deň jogapkär diýen ynançlary bar. Şonuň üçin, biri kasam etse, beýlekisi ony eşitmejek bolup çykyp gidýär. Men bu häsiýetiň çalaja ujuny kiçijikkäm görüpdim. "Dogryňy aýt!" diýip birini gyssaberseler, "Hudaý kessin, göremok ýa-da edemok" diýip başlasa, ýanyndaky ony eşitmejek bolýardy.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.