19.02.12. | Gündelik | Hydyr Amangeldi

19.02.12.

Fewral 19, 2012 | 0 teswir | 986 okalan


Dogrusy, bu gün 21-i. Iki gün gündelikleň başyna barmadym. Kino, kinossenäriý ýazmak aladalary bilen hiç zada elim degmedi. Amerk. “Potomki”, “Boýewoý kon” diýip kinolaryny gördüm. Sokurowyň “Moloh” diýip bir kinosynyňam başyny gördüm. Esasy kinossenariý ýazylyşy baradaky kitaby okadym. Gowy kitap. Nota bilýän, pionino çalyp bilýän diýip, saz ýazjak bolsaň başarmarsyň diýýär. Teoriýany bilmeli diýýär. Teoriýany bilmän iki ssenarini kinostudiýa tabşyrdym, ikisinem gowy gördüler. Diýmek, teoriýa hökmanam dälmi? Öwrenmäge ýaltansaň, hökmanam däl diýip bolar. Ýöne her ugruna özüň ýykylyp-sürüşip teoriýany öwrenersiň, ýogsa hakykatdanam bolmaýar. Ol iki ssenariýnem entek has gowy edip biljek ekenim. Bilmän deňinden geçen zatlarym bar. Ýöne 1977-78 ýyllardan başlap, kino bilen gyzyklanýardym. Žurnallary, kitaplary, ssenariýleri okaýardym. TW-de režissýor bolup işledim. Onuňam maňa köp peýdasy degdi. Ýöne teoriýa ýalňyşmasam, öwrenip, bilip, soňam ýadyňdan çykarylmaly zatmyka diýýän. Sebäbi toeriýa seni ştampa eltip bilýär. Bir zada ökdeleseň, çep eliňde edip bolýar. G.Daňatarowyň gaty köp pýesalarynyň bardygyny, hemmesiniň diýen ýalam teatrlarda sahnalaşdyrylandygyny bilýän. Emma, Tarkowskiň bar kinosy 7 sany. Diýmek, teoriýaň iň birinji öwredýän zady, teoriýalaryň daşynda işlemek. Özüňçe, başgaça ýazmak. Senden öňküleriň geçen ýoluny öwrenmeli, ýöne ýene-de şolaryň hiç birini saýlap almaly däl. Belki, dil-edebiýat fak. gutaran deň duşlarymyzyň ýazýanlaryndan türkmen ýazyjylarynyň ysynyň gelýändigem şonuň üçindir. Emma, teoriýany äsgermezlik etmegem notany bilýän, pioninoda-da çalyp bilýän diýip saz ýazjak bolmaga, hakykatdanam, meňzeýär. Garaz, kelläm çişdi.

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.