hiç kim maňa erbet adam diýmedi
Arada, ýene bir sadakada geň galdyran gürrüň eşitdim. Geň diýýän welin, köpümiziň-ä geňem görmezligimiz mümkin. Gepiň gysgasy, özüm deň-duş ýaşuly, ömrüni şofýorçylyk edip, "başlyk" çekip geçirenini aýtdy. "Köp başlyk çekdim. Herhilisi bardy. Gyňyrrak, gaharjaňrak başlyk bolsa çekinerdik. Ýuwaş, mylaýym, kän gatyrganmany bilmeýän, gowy başlyklaram gowy görerdik, ýöne erbet başlyk 8-de gel diýse, 15 minut öňünden baryp durardyk. Gowy başlyk 8-e gel diýse, dokuzyň ýaryna-da galaýýadyk. Ýolda kireý duşsa şony äkidip, soň gelýädik. Durandyr görgüli papkasyny goltuklap köçede. Zadam diýmez. Senem bir bahanajyk tapan borsuň, şoň bilenem mesele çözülerdi. Soň agşam öýe geleňde, irdenki bolşuň ýadyňa düşüp: "Bäh, men erbet adam-aý. Başlygymam bolsa, gowy adam bolansoň, köçede garaşdyrýan. Bilýän ýüzüňi it dalan ýaly edäýse, gaýdyp garaşdyrmarsyň" diýýädim. "Gaty gowy bolsaňam boljak däl-ow" diýip pikir edýädim."
Gurbannazar "Hiç kim maňa erbet adam diýmedi, ýöne gowam diýmediler, elbetde. / Ine, şu aralyk men kösedi, şu aralyk goýdy meni ezýetde..." diýýä. Şu dünýäň gapma-garşylyklary alyp ýatýa. "Hawa, Gurbannazaryň aýdýany dogry. Gowy adam bolmaly, kim näme diýse diýsin, nähili garasa şoň ýaly garasyn" diýmek diliňde aňsat, üstesine-de sen ýalňyşmarsyň. Ýöne beýdip meseläni aňsat çözdüm edeniň bilen çözüläýsedi käşgä. Kakam pahyr "Birazajyk ajyňyzam bolsun, gaty süýji bolsaňyz, dadyp tükedäýerlerem" diýerdi. Kakamam köp çarşenbäni başyndan geçiren, birnjie adamy, uruş ýyllary, kellesini etegine salyp, "gözsüz batyrlyk" edip, açlykdan çykaran, diri galmalaryna sebäp bolan, özüni halka gowy gördürip bilen adam.
Ýaňky şofýory aýdylan wagtdan 15 minut öň dikilgazyk edäýesiňem gelýä. Ýöne şonsuzam, ol öz bolşuna ökünýä. Başyny ýaýkap "Gaýta, pyýada işe barýanlaňam deňinde sakladyp, käsini uly yola, awtobuslaň duralgasyna çenli, käsini şähere çenli alyp giderdi" diýýä. Şo başlygynyň adynam tutýa, töweregindäkilerem "Hä-de, hä" boluşyp ony tassyklaýalar. "Şonam ýagyşda-ygalda-da, palçykda-da garaşdyran gezeklem bar-da" diýip uludan demini alýar. Deň-duşy bolsa, şu wagt gidip razylaşaýjak welin, ýaşuly bolmaga çemeli. Şofýoruňky düşnükli - ýaşlyk, pul, kreý, biri "Gaýrat et 15 minutda taşlap gelýäň diýse, "ýok" diýip bilen däldir. Ýöne başlyk gaty "süýji" bolmadyk bolsa dogry bolmazmydy? Şofýoram indi ýaşy gaýdansoň, ökünip, puşman edip oturmazdy. Menem "Haýsysynyňky dogryka?" diýip, siziň başyňyzy agyrtmazdym. Ýalňyşmasam, bir gerekli zadyňy köçäň gyrasynda, her geçeniň gözüne iljek ýerde goýup gitseň, ertesem şol zadyňy ogurlatsaň, senem ogry şärigi bolýaň diýilýär. Sebäbi sen şol ogurlygyň bolmagyna ýagdaý döredýäň.
Bilmedim. Ýaňky aýdyşym ýaly, bu dünýe gapma-garşylyklaryň dünýesi. Ýöne bir zady aýdyp biljek, käbir tanaýan adamlarymy başlyk etseň, şofýoram köçede ýagyşda-garda, palçykda garaşdyrsa-da "Bu näme etdigiň?" diýip çala hüňürdemezem. Gaýta, "Bu ygalda maşyny otlamagam, çarkandak ýolda sürmegem aňsat däldir" diýip seni aklar. Olaň häsiýeti şeýle. Olar özleriniň kösenýänini bilmeýäler. Käbir adamlaram tersine "On bäş minut öň şu taýda dikilgin" diýip azgyrlar. Hawa, birinjiler azdyr, hasam azalyp barýandyr. Ýöne adam nähili ýaradylan bolsa, şo häsiýeti bilenem dünýede ýaşap geçip gidýär. Şonda-da "Bolaýyn diýip gowlanyp bolanok" diýsem, ýalňyş bolar. Ýöne "Belli bir ýaşa ýetiberen adam, aňsat-aňsat üýtgemeýär" diýsem, gynansamam, garşy bolmarsyňyz. Don geýip, sakal goýberdip, namaza durmankak häsiýetimiziň pikirini edewereliň.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.