20.02.12. | Gündelik | Hydyr Amangeldi

20.02.12.

Fewral 20, 2012 | 0 teswir | 870 okalan


Düýn kino görmedim. Diňe kitap, şol bir kitaby (400 sah) okadym. Gowy zatlary aýdýaar. Arman, 10 ýyl mundan öň şol kitap elime düşen bolsady. Kim bilýär, häzir düşmegi has gowudyr. Wagtym az. Ýetişdirmeli, ýazmaly. “Ýazyp bilermikäm bir?” diýibem  pikir edýän. Ýöne ýazaýmaly, ikirjinlenseň, özüňe ynamyň bolmasa bolmaýar. Bu her işde-de, edebiýatda-da şeýle. Alla diýip ýapyşmaly. Alla-da kömek eder. Esasy zat sen ýazýan zadyň gerekdigini, onuňam sendedigini berk bilseň bolýar. Onsoň, Ylýasyň diýýän “gamçysy” geregem däl bolup biler. Agyr hassa ýatan ejeň, iňňildäp “suw” diýende bar zady taşlap ylgaýşyň ýaly, ylgamaly. 60 ýaş gaty uly ýaş. Wagt hakykatdanam az. Bizden soňkulara basgançak gerek bolar. Eger boşluk dörese soň kyn bolar. Hawa, özüňi “Ýeriň-gögüň diregi” hasaplamaly. Her bir adam özüni “Ýeriň-gögüň diregi” diýip duýmaly. Özüňden garynja ýasamak aňsat. Hawa, başga biri “Baý, uly gürleýär-aý” diýip biler. Diýse men nädeýin? Ol meniň diňe özüňe talapkär bolmak, özüňde jogapkärçilik duýmak üçin şeýle diýýänime düşünmese, bu sözlerimi kesä çekse, men näme edeýin? “Janyň saglygy. Her kimiň bu dünýä öz düşünşi bar” diýäýmesem.
“Şükür bagşy” Bulat Mansuryň, Hoja Narlyň, Nury Halmämmedeiň diplom işleri. Şol ýaşda adam özüni, diňe özüni bir zatlar başaryp bilýän “Ýeriň-gögüň” diregi hasaplaýar. Şol hyjuwam, jogapkärçiligem, talapkärligem netije berýär. Aslynda, netije Allaň elinde, men elimden gelenindenem artygrak etjek bolaýyn, soň utanmaz, ökünmez, günäkär bolmaz ýaly. Bilmedim welin, 70 ýaşda (eger o ýaşa Alla ýetirse) 60 ýaşyma ýokardan (ýa-da aşakdan) serederin, hem “elimden gelenini etidmmi?” diýip özümden soraryn. Şonda, gynanmasam bolýar. Şol gynanç agyr gynanç bolar, düzedip bolmaýan, yzyna gaýtaryp getirip bolmaýan gynanç bolar. Alla şolardan etmesin!

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.