Bir zatlar | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Bir zatlar

Sentýabr 13, 2021 | 1 teswir | 448 okalan

Bir zatlar ýazaýdym, okap görseňiz. Gündeliklerde goýsam, öňki ýazgyň üstüne goýulýar, onsoň goşgular bölümde goýdum. Kapiýasy ýok, bogun sany ýok. Kapiýa saljak bolsam, "hindi kinosyna" meňzäp barýa. Onsoň üýtgedip bilmedim, kän. Bellikleriňize garaşýan.

Ýagty
 
Ala-garaňky zyndan,
Kiçijik penjire dilik-dilik.
Ýagty düşýä diliklerden
Dilik-dilik
 
Sesi özünden eýmenç demir gapy 
Gaharly.
Tomsuň tüp yssysy, 
Radýoň gowry,
Iýýulyň howry,   
Urulýa oň demrine
Ahmyrly.
 
Içindäki bendäň derdi
Bu zatlarda däl,
Elinde galam.
Gaýta-gaýta ýazýany 
"Maşgalam..."
Dörtýanyn gurşan beton galany
Ýyksam diýýä galamy
 
Biçäräň derlän şor maňlaýyna
Biri uçsa, biri gonýar
Hötjet siňekler.
Agyzlaryna sygsa, hamana
Iýjekler.
 
Jany ýanýar, sylýa derin
Sorup demine dymyk howany 
Kowýa olary
Ýary ýazylan 
Şapbat ýaljak kagyzynyň ýüzünden
 
Gidäýýälermi?!
Birini kowsaň,
Aýlanyp gonýa başgasy
 
Bizar bolan biçäre synlaýa olary
Sanaýan ýaly.
"Ganatyňyz bar. "Dur!" diýjegem ýok size.
Uçyň ahyr, çykyň ahyr daşaryk, 
Penjiräň ýok aýnasy.
 
Daşarda Gün çykyp durandyr
Hem şemala ses edýän,
Ýaşyl ýapraklary güne garalan,
Garry tuduň saýasy..."
 
Ýene dowam edýär galam
"Maşgalam..." 
Daşardan ýagty düşýär
Dilik-dilik...
Garňky.
Ýatdy gowur
Gije sähelçe
Peseldi howur.
Demir gapam ynjalan ýaly.
Ýeke gözi ýumuk. 
Bende-de ýatyr narada
Gije-gündiz - iki arada.
 
Bir görse, siňekleň biri
Alyp barýa ýary ýazylan hatyny.
Çagalary, aýaly çyraň yşgyna
Zordan okaýalar egri-bugry harpyny.
 
Olam penjireden seredip dur ýylgyryp
Ne içeri giribilýär, ne-de aýrylyp.
Iki arada.
Narada..

Teswirler (1 sany)

Mango Tropikano:
10 Noýabr, 2021

Şu goşgyny şu ýerden alyp kitapçyda goýupdym, Hydyr aga, bagyşlaň.
Goşgy ýürekden ýürege diýilýänden bolupdyr.

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.