Garry gaýrat | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Garry gaýrat

Sentýabr 16, 2021 | 0 teswir | 446 okalan

Stanislaw Lýubşin diýip orslaň gowy artisti bar. Meň ýaşymdakylar gowy bilýändir "Şit i meç" diýip razwedçikler hakynda kinoda baş roly (Iogan Waýs) oýnap meşhur boldy. Teatrda-da belli artistleň biri diýýädiler. Özem birki sany kino-da aldy. Garaz, şol şu wagt 88 ýaşynda eken.  Düýn-öňňunlykda orslaň TW-sinden habar berdiler - ol teatr sahnasynda oýnap durka bijaý ýykylypdyr. Keselhana äkidipdirler. Çehowyň "Çaýkasynda" oýnaýan eken. Artist hakykatdanam şol ýerde ýykylmaly eken. Ýöne togsana ýetip barýan garry gatyrak ýykylandyr-da. Häzir ýagdaýy gowy diýýär. Keselhanadan çykyp, öýüne gelipdir. Belki, bu zatlar size gyzyklam däldir welin, meni haýran gadyran zat 88 ýaşly garry adamyň sahna çykmagy. Men entek ýetmişem ýaşamok welin, kän öýden çykasym gelenok. Sähel bahana bolsa, hyklap ýatýan. Logofetem kitabynda orslaryň kyn şertlere agyr görmän uýgunlaşýandyklary, 40 gradus yssyda, aç-suwsuz diýen ýaly, gözüni Garagumyň çägesine gömdürip, serhet zastawasynda sanaýmaly adam bolup birnäçe ýyllap, göwnübir gulluk edip ýörendiklerini ýazýar. Nemesleriň Afrikada gulluk edýän ofisserleriniň şertlere çydaman janyna kast edýänleriniň kändigini mysal getirýär. Men muny bir milletiň agyr şertlere çydamly başga bir milletiň ejiräkdigini aýtmak üçin ýazmadym. Megerem, adam hemme ýerde adam. Bedenem gaty bir (iki-ýeke bolaýmasa) biri-birinden ullakan tapawut edenok. Lýubşin diýilýänem bir daýaw, eginlek pyýada däl. Ýöne ýaşasaň ýene sanaýmaly ýyl ýaşarsyň, şonda-da teatra gidip, repetisiýalara gatnaşyp... görgi görüp ýörşüni gaty geň gördüm. Özüm öň teatrda işläp göremsoň, artistiň işiniň hupbatlydygynam bilemsoň, hasam täsir etdi. Şonuň üçin, aýplaşmaň, eşden, gören zadyny ýazaýýa diýmäň. "Garry gaýrat" diýilýän bar eken-aý. 

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.