Biziň kinossenariý ýazyşymyz
Aslynda, üýtgeşik däl. Ýöne arada kinostudiýada bir ýygnakmy ýa-da bir maslahatlaşmamy, sorag-jogap görnüşinde bir çäre geçipdir. Ylýasam maňa dözmän oňa ýeke özi gatnaşypdyr. Gürrüň "Kinossenariýini nädip ýazmaly?", "Kinossenariý bilen pýesanyň arasynda näme tapawut bar?" diýen ýaly sowallardan başlanypdyr. Ylýasam çykyş edipdir. Garaz meň gep nokatlap oturanym, köpçülikde ssenariý ýazmak isleýänleriň kändigi, onuň ýazylşy bilen gyzylanýanlaryňam sanynyň eslije bar ekendigi. Diňe şonuň üçin, Ylýas ikimiziň bileleşip ssenariý ýazyşymyzy aýdasym geldi. Ýogsa, men özümi ssenariçem hasaplamok, ony ýazmaga şeýle ökdeledim-de, indi köpçülige aýdyp beresimem gelenok. Dogrusy, hekaýa ýa-da goşgy ýazmaga ökdelemek mümkin däl ýaly, ssenariý ýazmaga welin ökdeläp bolaýjak ýaly görünýär. Edil agaç ussasy mysaly, ölçegleri bilseň garaz, bir gezeklikçe görüp bolaýjak bir zatlar ýazmak mümkin bolmagam mümkin. Sebäbi kinossenariýde usul (tehnika) köp kynçylyklary çözýär. Bu usuly ýeke-ýeke açjak, düşündirjek bolsam uzaga çeker, köpüňiziňem ýüregini gysdyrar. Muny öwrenmek üçin ýörite okuw jaýlarynda dört-bäş ýyllap okaýalar. Şonda-da bäş ýyl okabam "boş çykýanlar" kän. Daşyndan belli ssenariçileriň okuw kitapçalaram bar. Megerem, okuwa gidip bilmeýänler, Ylýas ikimiz ýaly "gijä galanlar" üçin has amatlysam şol kitaplar. Biz şolardan gowy peýdalandyk, häzirem öwrenip ýörüs. "Yzyny diňläň" diýsem, indi gepi uzaldasym gelenok.
Ýazan iki kinossenarimiz hakynda gürrüň beresim gelýä. Biri "Heserli" ikinjisi "Gül açan miras".
Ýaňy 24 ýaşlarymdakam dutar öwrenmek üçin "Pionerler köşgüne", Bäşim Lallak pahyryň kružoguna gatnaýadym. Bir günem halypam, "Sen sazçylyk uçilişşesine, dutar bölümine okuwa gir" diýdi. Menem "Kakamdan soraýyn, bolýa diýse" diýdim. Özümiňem uçilişşede okasym gelýädi. Uzak gijäni ýatman, dutar tiňňildedip geçirýän wagtlarym bolýady. Ýöne kakam beýle pikir etmeýän eken, ol maňa: "Bagşy halky gedaý bolar. Kim toýa çagyrarka diýip ýola sereder oturar, mekdebiňi oka" diýdi. "Gedaý" sözünden gaty ürkdüm. Kakamyň aýdanlaryna garşy gitjek ýekeje sözem tapmadym. Şondan soň, uçilişşe beýlede dursun, Bäşim agaň kružogyna gatnamamam azaltdym. Dogrusy, halypaň öwredýän sazlaryny çalyp bilemsoň, känbir gyzygam ýokdy. Sahna çykyp dutar çalmagam halamokdym. Göwnüme, zalda oturyp, özüňden azyndan 10-15 metr uzakda sahnada çalynýan dutary diňlemek mümkin däl ýalydy. Elbet, bu pikirler selhozda okaýarkam, sahnada dutar çalmaly bolamda dörän bolaýmasa. Aslynda beýle däl bolmagam mümkin. Dutary 1000 km. daşlykda bolsaňam, eşdip bilseň, özüne çekýän ekendigini kän gezek başymdan geçirdim. Gürrüň terse gidip başlady, gepiň gysgasy, "Bagşy halky gedaý bolar", soň eşitdim "Döwletliniň çagasy taýagyny alar, goýna gider, bidöwletiň çagasy dutaryny alar toýa gider" diýilen sözler aňymdan çykmady. Kän wagtlap, "Nähili dogry aýdylypdyr" diýibem gezdim. Käte-de "Beýle däl" diýdim. Ine şu iki pikiriň beren "azaryndanam" "Heserliň" ilki ideýasy döredi. Üstesine "Dutar hakda, halk sazlarymyz hakda nähili gowy kino edip bolardy. "Şükür bagşy" gönüden-göni dutar hakda däl, ol parahatçylyk, dostlukly gatnaşyk hakda" diýip pikir ederdim. Ilki bilen dutary bolmansoň suw kädiden dutar ýasanyp şonda dutar çalmagy öwrenýän oglanjyk kellä geldi. Ylýas bilen "mundan" kino ýasap başladyk. Elbet, Ylýas ikimiziň jedelsiz kabul edýän zadymyz oglanjygyň edil Pürli Sary, Şamyrat Gurbannepes ýaly kiçijikliginden haýran galdyrýan eşdiş ukbynyň bardygy, şeýle ukyply çaganam sazdan aýryp bolmajakdygy. Indi oglanjyga näçe köp kynçylyklar döretseň, şonça gyzykly boljakdygy belli. Aslynda, bir zady ýazyp bolaňsoň, ony ýazmak üçin çeken zähmetiň ýadyňdan çykyp gidýär. Niçigem bolsa, ýadyma düşýänjelerini ýazaýyn. Oglanjygyň bir elinde ullakan pyçak suw kädiniň içini arassalaýşyny, oňa sap ýasap, oturtjak bolşuny kino gören ýaly görüp başladyk. Hatda oglanjygyň eli pyçakly ejesine görkezmejek bolup gara öýüň arkasyna ylganda, aýagynyň aşagyndan çykýan çägäniň turuzýan çalaja "tozanyna", onuň näzijek barmaklaryny gödek pyçagyň kesäýjek bolşuna çenli görünýärdi. Häzir pikir edýän welin, Ilki başdan ssenariý däl-de, powest görnüşinde ýazan bolsak, has köp zatlary, oglanjygyň içki dünýäsini giňişleýin ýazardyk. Kinoda muny etmek gaty kyn. Ýeser ýeri kino esasan hereketlerden düzülýär. Ýöne eger režissýor güýçli bolsa, gahrymanyň içki dünýesinem açyp bilýär. Tarkowskiň "Stalker" diýip bir kinosynda stlakeriň aýalynyň oturgyçda oturyp, soň ýer bagyrtlap, çäresizlikden aglaýşy bar. Režissýor şol agyny 20 gezek, ýigrimi gezek dubl (gaýtalap) alypdyr. Muny aktrisaň özi gürrüň berýär. Ol "4-5 gezek gaýtaladansoň, režissýor üstümden güljek bolýarmyka öýtdüm. Soň ýigriminjide, özümem, hakykatdanam, çynym bilen aglanymy duýdum" diýýä. Hindi kinolarynda her artist "bedreläp" gözýaş dökýär, olary 20 gezek dubl etmek mümkinem däl. Garaz, kino bir jady, üýtgeşik zat.
Ýazgym uzalyp gidip barýa. Yzyny maý berip, soň ýazsam gowy bolaýjak ýaly. Sebäbi uzyn ýazgyny okamak kynmyş, köp wagtyňy alýamyş.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.