27.01.12 | Gündelik | Hydyr Amangeldi

27.01.12

Ýanwar 27, 2012 | 1 teswir | 998 okalan


“Her kimiň öz kyblasy bardyr”. Kelläme taýak degen ýaly etdi. “Her kimiň öz namazy bar” diýýärdim. Sebäbi her kim öz başarşyna, ýeten derejesine görä Alla ybadat edýär, ýöne her kimiň öz kyblasynyňam bardygy...
Aslynda her kimiň öz butam bar bolsa gerek, ýagny, gulluk edýän, çokunýan, sygynýan, ýetsem diýip höwes edýän, ýalbarýan, egilýän, ýaranjaňlyk edýän, ýaranasy gelýän – öz buty. Meniň maksadym näme bolsa, Allamam şodur. Mysal üçin, uly wezipä ýetmek, şöhrat gazanmak, pul, maşgala (ogul öýermek, öýlenmek we ş.m.), Allaň didaryny görmek, jennete ýetmek, dowzahdan halas bolmak... – bularyň bary maksat. Akylymda maşynym – arassa saklamak, sabynlap ýuwmak, pul toplap has gowsuny (“leksus”) edinmek maksadym gulluk edýän butum bolup bilmezmi? Onda öýüňden çykma-da ýat, namazlykdan düşme... Ýok, bu beýle däl eken. Ýadyma düşýär oglankam aty gowy görerdim. At münmek üçin aýlawa welosipedli aladaňdan giderdim. Şonda gowja welosipedimiň bolaryny isleýärdim. Sebäbi eslije ýol (bir sagada golaý) geçmeli, soňam at münjek bolsaň, soň ýene yzyňa gaýtmaly. Ýeňiljek, aňrybaş welosiped gerekdi. Bir bada maksadym welosiped ýaly görünse-de, hakyky maksadym at münmekdi. At münmejek bolsam şol welosiped maňa gerek däldi. Diýmek, şol wagtlar meň butum at bolupdyr. O wagt oglandym 13-14 ýaşlarymda. Ýöne häzirem üýtgän zat az. Butum at däl welin, roman ýazmak, kino almak, ogul öýermek... indi atyň ýerini tutdy. Hakyna seredeniňde Alla saňa roman ýazma, kino alma, ogul öýerme diýenok – olary buta öwürme diýýär. Edil at münmek üçin welosiped almaga höwes edişim ýaly, Allaň razylygy üçin kino almaga-da, roman ýazmaga-da, ogul öýermäge-de höwes edip bilerin.
“Hiç kimem Allany närazy edip ogul öýerjek bolanok” diýibem bolar. Ýöne, ogul öýermek derdi-aladasy, höwesi Alladan öňe-de düşüp bilýär. Bu juda inçe bir mesele. Ýok, halal gazanyp ogul öýer diýjek bolamok, bu şeýle-de düşnükli. Hudaýa şükür, haram-halal meselesinde ejizligim ýok bolsa gerek. Has çuňurak pikir etseň, mesele diňe halal-haram bilen çözülenok. Allanyň razylygy üçin her ädimiňi ätmek, akylyňa gelýän pikirlerem şol süzgüçden geçirmek hakda pikir edýän. Sada, päk, türkana adamyň bir gezekde ýetýän derejesi. Biz ýalylar şeýle derejä ýetmek üçin, nebsini Gurbannazaryň şöhraty ýenjişindenem beter ýençmeli.
Alymlar adam ýalan sözlände beýnisiniň bir nokady derrew adama duýduryş berýär diýýärler. Adamyň ýürek uruşy, gan aýlanyşy, dem alyşy, derleýşi, bolşy... üýtgeýär. Şolaryň esasynda-da “detektor lži” (ýalany anyklaýan detektor) ýasalýar. Beýnidäki şol nokada “wyždan” diýibem bolar, “iman” diýibem bolar. Mesele onda däl, mesele biziň şol nokadyň iberýän signallaryna nä derejede üns berýänimizde. Seň maksadyň Allaň razylygymy? Şondan sähelçe gyşarsaň, saňa signal gelýär. Sen şolary diňle. Ýaradylany ýaradandan aýry tutsaň bolmaýar. Dünýä bir aýry, Alla bir aýry bolup bilmeýär. Sen ýa Allany razy edýäň ýa-da närazy.

Teswirler (1 sany)

Namam:
27 Ýanwar, 2012

Bet bolupdir.

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.