21.02.12.
Kinostudiýadan jaň geldi. Ertir at çapýan oglanlar kinoproba üçin kinostudiýa gelmeli diýdiler. Atajana jaň etdim. Bararys diýdiler. Soň S.Jalla özüm jaň etdim. Bile işlesek gowy bolar, päsgel bermen, gerek bolsa podskazka ederin, atyň öz spessiwikasy bar diýdim. Hawa,hawa, bileje işläris, bolmalysam şeýle diýdi. Garaz, indi kellämde diňe kino diýen ýaly. Bir kyn zat bar, menem, S. Jallam, ikinji režissýorlaram hemmämiz özümizi kinodan akademik, Oskar alan ýaly duýýarys. Şonuň üçin birek-birege gep düşündirmek, diňletmek kyn. Görmeli-dä. Özüňe diýeniňi etdirip bolanok, diýenimi etdirerin ýa-da etdirjek bolamagam dogry däl. Diňe maslahat bermeli, etse-de, etmese-de öz işi. Gaty bir uly maksatlar, uly tamalar etmek ýalňyş bolaýmasa. Diýeniň bolsa, gowy zat, bolmasa-da zyýany ýok, başga biriniň diýeni bolar. O-da erbet däl. Gowy tarapy alynmaly kinony detalno görýän, esasy ideýalaryny bilýän. Nädip etmeli, kadra nädip ýerleşdirmeli, inşaalla onam S.Jally oňarar. Oňa kino tehnikasyna ökde diýip aýdýarlar. Ertir diňe oglanlary iberip oňman özümem barmakçy. Neneň-niçik bolýar. Oglanlaram köpden bäri göremok, görüşerin.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.