Biziň kinossenariý ýazyşymyz-2 (dowamy) | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Biziň kinossenariý ýazyşymyz-2 (dowamy)

Mart 07, 2022 | 0 teswir | 378 okalan

Megerem, kinossenariý ýazmak işine garaýşyň, iň esasy zatmyka diýýän. Eger şol işe telegepleşik taýýarlan ýaly seretseň, (diýjek bolýanym, has ýeňil iş hasaplasaň) netijesem şoň ýaly bolýar. Tarkowskiý ýaly, meşhur režissýorlar oňa mukaddes zat hökmünde seredipdirler. Pul gazanmak, şöhrat gazanmak, başga-da ş.m. "gazançlar" hakynda pikir etmändirler. Käte duş gelýär, oglanyň şeýle bir kino alasy gelýär, ähli zada döz gelmäge taýyn, ýöne birinji maksady - şöhrat. Şeýle bolsa, eden işiňde derek bolmaýar. Ýaponlaň bir sözi bar "Birinji iligiňi ters daksaň, galan ilikleri ömürem dogry ildirip bilmersiň." Bilmedim, Ylýas ikimizem kino mukaddes zat ýaly garaýas diýsem, öwündügim bolar, ýöne şeýle garamagyň gerekdigini bilýäs diýip bilerin. Orslar aýtmyşlaýyn "serýozno" seretjek bolýas. Režissýor has gowsuny etjek bolup, käbir ýazan epizodlaryňy almasa, gaty gynanýas. "Heserli" ssenarimizem şu meselede garamaňlaýrak boldy. Ssenarimizi ilki başda gysga metražly diýip plana goşupdyrlar. Gysga metražly, kiçi göwrümli kino üçinem az pul goýberilýär. Kino işinde pul meselesem esasylaryň biri. Kinony almaga döwlet tarapyndan az pul goýberilse, senem uly göwrümli kino aljak bolsaň, megerem bu mümkinem däldir. Jübiňde köýnege ýetjek puluň barka, penjek aljak bolana meňzeýär. Şonuň üçin, režissýor ilki bilen ssenarini gysgaltmaga başlaýar. Elbetde, Ylýas ikimiziň bu işden habarymyz ýok. Men-ä şo wagt Türkmenistanda-da däldim. Kinostudiýaň "içki işlerini" ile ýaýradýan ýaly boljak, has detallary ýazmaýyn. Gepiň gysgasy, režisýýoram ssenarini kesmäge dözenok, eýdip-beýdip, az çykdajy bilen, uly göwrümli kino almagy başarýar. Ýöne bialaç alyp bilmedik epizodlaram bolýar. Aýratynam, filmde oglanjygyň halypasy, oba ussasynyň obrazy gysgaldylypdyr, şoňa gynandym. Filmde ikinji kömekçi plan diýilen zat bolýar. Ol baş gahrymana goltgy berýär, kömek edýär. Onuň üsti bilen baş gahrymanyň haýran galdyrýän, ondan baş gahryman ýasaýan hereketleri ynandyrjy bolýar. Ýogsa, baş gahryman duşmanlary ýeke özi "gypyrdyp" başlasa, içiňden "Görogly bol-a" diýeniňi duýman galýaň. Kinossenaride ynandyrjylyk hökman gerek. Il içinde "Bu gürrüňiň-ä kino ýaly boldy" diýen gürrüňem bar welin, kinossenariniň hökmany şertleriniň biri gahrymanlaryň hereketleriniň, diliniň tomaşaçy üçin ynandyrjy bolmagy. Sen fantastiki bir zat ýazanam bolsaň, ynandyrjy bolmaly. (Tarkowskiň "Solýaris" diýen filmini görüp bilersiňiz.) Biziň baş gahrymanymyzam şonuň ýaly "Heserli" sazyny bir gezek diňlände öwrenip bilýär. Elbetde Alla beren talant, ýöne "Alla "Ýalançy dünýede näme iş etdiň?" diýip sorasa, "Bir oglanjyga dutar öwretdim" diýip bilerin" diýýän halypa-da zerur gerek. Filmde ussa gaty passiw rol oýnaýar. Belki, biz ýazamyzda ussaň obrazynyň üstünde, has köp işledik. Dogrymy aýtsam, Ussa agany oglanjykdan pes göremok, ony gowy görýän. Gürrüň berýän welin, aýdýanlarymyň ýöne mesaýy gürrüň däldigine düşünmegiňiz üçin, ssenarini okap görüň diýesim gelýär. Men ol obrazyň kesilip, gysgaldylanyna gaty gynandym. Ýöne kinoda oglanjygyň dutaryny kakasy döwendensoň, ejesi aglaýan oglanjygy bir agajyň aşagynda gujagyna alyp, ony köşeşdirýär. Ýagyşam bedreden guýulýan ýaly guýýar. Şu epizody režissýoryň özi goşupdyr. Ssenaride ýagyşam bar, dutaram döwülýär, ýöne ýagyşyň aşagynda mähnet agajyň düýbünde oglanjygy köşeşdirýän eje ýok. Filmde oglanjygyň ejesiniň roluny oýnaýan aktrisanyňam bizi begendirenini aýdasym gelýär. Onuň ady Maýa, fämilýasy ýadymda galmandyr. Aslynda, film saz hakynda bolsa has gowy bolardy. Bizde sazanda oglanjyk hakynda boldy. Şuňa-da gynanýan. "Bagşy halky gedaý bolar" diýmegiň gaty ýalňyşdygyny açjak bolmaly däl eken. Oglanjygyň dutar öwrenşini, her zatdan owazlar eşdişini dili bilen diýdirmän, hereketde görkezjek bolmaly eken. Onuň suw kädiden dutaryň sesini eşdip bilşini has ynandyryjy etjek bolmaly eken. Gynansamam, başda iligi ýalňyş ildirilen kino meňzedi diýsem, has öte geçerin, ýöne köp arman etdiren kinomyz "Heserli" boldy. "Zyýany ýok, kino salynmadyk zatlary, soň kellä gelen pikirleri indiki ssenarimizde ulanarys" diýenem bolýaň welin, şol bir temadan ýene ssenariý ýazmak öz-özüňi gaýtalamak ýalam bolýar. Aýtjak bolýanym, ssenariý ýazaňda, "soň ederin" diýmek, ýa-da bahymrak gutarjak, kinostudiýa tabşyrjak bolmaly däl eken. "Kinoň öz dili bar" diýilýänem dogry eken. Oglanjygyň her zatdan saz eşdişini kinoň dilinde aýdyp, görkezip bolýar. Prozada bu iş has kyn. Sebäbi kinoda saz hereketiň açylmagyna kömek edýär. Prozada düz ýazgy bilen eşdilýän sesleri ýazjak bolmaly bolýar. Mysal üçin, ssenaride obaň ahuny ýagyş damjalaryny, dürli gaplary daşarda goýup, ýygnaýar. Her damja her gaba damanda dürli sesler çykarýar. Oglanjygam muny haýran galyp diňleýär "Alla saz çalýar" diýýär. Kinoda muny has gowy berip bolardy welin, režissýor ulanmandyr. Gynanýaň ýöne etjek alajyň ýok. Teatryň bir gowy ýeri ol gaýta-gaýta sahnada oýnalýar. Ony oýnadygyňça düzedip bolýar. Kinoda muny edip bolanok. Indi sizi gyzyklandyraýjak zat, ssenaride Ylýasyň paýy känmi ýa-da meň? Muny terezä salmak, ölçemek mümkin däl. Kompýuteriň başynda men oturýan. Ylýas bilen epizody maslahatlaşýas, jedelleşýäs, soň kompýutere ýazýan, ýene ýazanlarymy okap berýän. Ylýas ýene düzediş girizýär. Daşyndan diňläňde ýazgy "edebiýata" meňzejek boluberse, gowy bildirýär. Edebileşdirseňem ynandyrjy bolanok. Gahrymanlar näçe adaty dilde gürleseler, şonça ynandyrjy bolýar. Owadan, çeper dilde gürlese, gahryman "kitap dilinde" gürläp başlaýar. Bu ilki başdaky ssenarileriňde has bildirýär. Prozaçy bolaňsoň, çeper ýazmaga çalyşýaň. Sen ýazyp oturansyň, Ylýasam ýekeje bellik eder welin, ähli ýazanlaryňy täzeden başlamaly bolýar. Käte ikimiz ylalaşamyzok, her kim öz pikirinde galýar. Şuň ýaly bolanda, köplenç şol epizody taşlaýas. Käte-de men ýaşym "uly" bolansoň, zor bilen öz diýenimi geçirýän. Ýöne Ylýasam aňsat "Aga, seňki dogry" diýenok. Garaz, şeýleräk işleýäs. Ýöne ssenarini iki bolup ýazmak dogrymyka diýýän. Daşary ýurtlarda 5-6 adam bolup ýazýalar. Felliniň bir kinosynda (adyny ýatlajak bolýan, ýatlap bilemok) 5-6 ssenarist işläpdir. Bizde, gynadyrýan ýeri, birek-birek bilen ssenariý okaşmagam kän däbe öwrülen zat däl. Kino alynansoň ony üýşüp görýäler, her kim pikirini aýdýar. Ýöne boljagy bolansoň, bu maslahatlar "gijä" galýar. "Heserlide" pişme bişirýän aýallaryň kepgirleri häzirki döwrüňki eken, şony kesip aýrypdylar. Ýene bir wakajygy gürrüň bereýin. "Heserliň" montažyny gutardym diýip režisýor bize görkezende, oglanjygyň sazy diňleýän ýeri ýok. Aslynda alynamandyr. Diňe "Tapdym, tapdym. Indi men Heserlini çalyp bilýän" diýýän ýeri bar. Garaz, "Eger oglanjygyň Heserli sazyny diňleýän ýeri bolmasa, kinoň bir köpük bolýar" diýen ýaly sözlerden soň, režisýor bir zat etjek bolaýyn diýdi. Täzeden aljak bolsaň, owalam puly zordan ýetirlen. Bu mümkin däl. Niçigem bolsa režissýoruň ökdeligi kesişdirip, ýelmeşdirip, oglanjyk toýda şol sazy diňleýän ýaly edipdir. (Rejissýor Saparmuhammet Jallyýew). Moskwada WGIK-i tamamlan Jallyýew başda gysga metražly, kiçi göwrümli diýip başlamadyk bolsa, has gowy film edip bilerdi. Onuň öz kärine ökdeligine sözümiz ýok. Indi galanyny soň ýazsam näderkä? Özümem ýadap gitdim, megerem siz mendenem öň ýadansyňyz. Ýadadanym üçin ötünç soraýan.

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.