Şahyryň öý muzeýi
Stambula gelip henize çenli bir ýazyjynyň ýa-da şahyryň öý-muzeýini görmeýänime gynanyp ýördüm. Nesibeli güni bar eken, ýakynda dostum Hüdaýy Jan bilen Tewfik Hikmetiňkä gitdik. Muzeý gaty owadan ýerde ýerleşýän eken. Bosfor bogazynda. Beýikde, barmagam aňsat düşmedi, ýöne ýadanyma, birnäçe gün aýaklarymyň agyranyna degdi. Dogrusy, 1867-1915 ýyllar arasynda ýaşap geçen bu şahyr hakda hiç zat bilemokdym. Onuň Aşiýan (höwürtge) adyny beren bu öýi hakykatdanam bir garlawajyň höwürtgesi ýaly. Şahyr suratam çekýän eken, öýüniň çyzgysynam özi çyzypdyr. Kän syýasata goşulmasa-da dogruçyl, buýtar-suýtar eteýän bu adam hökümet tarapyndan kän halanmandyr. Köşk şahyrçylygyny etmändir. Ümür diýip bir meşhur şygyryna şol döwrüň belli türk suratkeşi surat hem çekipdir. Deňiz, deiziň aňyrsyny ümür tutupdyr. Günüň şöhlesem zordan gaçipdir. Gowy synlamasaň ýa-da bir habarly adam aýtmasa, görkezmese ümüriň aňyrsynda Stambulyň meşhur binalarynyňam gizlenendigi bildirmeýär. Hemme öý-muzeýlerinde bolşy ýaly, şahyryň egin-eşikleri, dostlarynyň, myhmanlarynyň, ene-atasynyň, oglunyň suratlary goýlupdyr. Muzeý seni 1900-nji ýyllara alyp gidýär. Türkiýäniň Ýewropa, aýratynam fransuzlara eýerjek bolan ýyllary. Goşgynyň, prozaň şolara öýkünilip täze formada ýazylyp başlan ýyllary göz öňüňe geler ýaly edilipdir. Penjireden bolsa Bosfor bogazy eliň aýasynda ýaly görünýär. Töwereginde ýanaşyk oturan goňşusy ýok. Kyrk sekiz ýaşynda (süýji keselinden) dünýeden öten şahyryň mazaram şol ýerde. Howlusynyň daşynda Aşiýan gonamçylygy. Gürrüňi näçe uzaltsamam muzeýi gören ýaly etmäge meň güýjüm ýetmez, ony görmeli. Hatda dokumental film şekilinde kino düşürilen bolsa-da gören ýaly bolmaz. O howluda üýtgeşik howa, şahyr atmosferasy bar. Men-ä bu beýige dyrmaşyp, bir şahyryň öýüni görjek diýip gelýän biz ýaly iki-ýeke bolaýmasa diýip pikir etdim. Ýöne adamlaryň bir topary gitse, ýene bir topary gelip dur. Esasanam ýaşlar köp. Bizem şahyryň öýüni görmek üçin beýige dyrmaşdyk, soň aşak indik, ahyry aýlanyp-dolanyp, giçlik öz öýümize, bolýan ýermize geldik. Meni agyr gussa basdy. Muzeýdekämem, soňam Gurbannazar zol ýadyma düşdi durdy. Men Gurbannazarlara kän barypdym. Özi barka-da, soňam… Basgançaklaram, öýleriniň deňinden akýan beton ýapjagazam, uzyn agaç oturgyjam, kiçijik bölejik-bölejik otaglaram, ullakan iş stolam, ýeňleri çermelgiligine galan köýnegem… göz öňümde. Bilýän ol öýe gaty köp adam barandyr, görendir, ýöne ýyllar geçip dur, ol adamlaram azalyp gidip otyr. Gaty kän ýaşlar, bir gezejik şeýle şahyryň ýaşan öýüni görsedim diýip arzuw edýänler köpelýär. Onsoň bu ýagdaýa neneň gynanmajak. Biz gaty owarramçyl. Nädip beýle owarramçyl bolduk aklym haýran. Aýaklarymyň agyrysy aýryldy gitdi, gussam welin gidenok...
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.