Muşmula
Stambula gelip özümi geň galdyran bir zada duşdum. Orslarda “muşmula” diýip bir agaç, (gyrymsy agaç diýseňem bolýar) bar. Men oňa güldür öýderdim. Düýn şol sözi türkçä terjime et diýsem, internnet muşmula diýip gaýtalaýar. Soň gözleşdirdim welin, bu sözi orslar türklerden alan eken. Bu söz nämäme gerek boldy, ony düşündireýin.
O wagtlar 1976-77-nji ýyllar diýen wagtymyzdy. Öýde grammofon (gramplastinka aýtdyrýan magnitofon ýaly bir zat) aýtdyryp plastinkada Woznesenskiň, Ýewtuşenkoň, hat-da Ýeseniniňem goşgularyny, ýaňy çykan Alla Pugaçewaň aýdymlaryny, Bethoweniň, Çaýkowskiň, Rahmaninowyň sazlaryny deň-duş şahyr-ýazyjy oglanlar bolup diňleýärdik. MP-3-den sesi kän durudy. Bir gün Woznesenskiň okaýan goşgusynda «muşmula» sözüni eşitdik. “O nämekä?” boluşdyk, hiçimizem bilmedik, şeýle galdy. Bir salymdan Bapba Gökleň “Мen muşmulany bilemok” diýip, ýeňsesini gütüledip, gaýta-gaýta tamyň diwaryna urýar. Köplük bolamyzsoň, muňa-da kän üns beren bolmady. Hiç kim hiç zat diýmedi. Aslynda, näme diýjek, o sözi bilmeýänimiz çyndy, bizem şoňa utanýardyk. O wagtlar internet ýok, açyp, bilýänlerden bolup, oturberer ýaly. Ýöne Bapbaň bolşy ýadymdan çykmady. Soň iş edinip gözledim, bir ýerden “gülüň ady” diýip maglumat tapdym, ynjaldym. Bapba aýdanym-aýtmanym ýadyma düşenok. Megerem aýtmadyk bolaýmasam. Bapba bilimlisireseň halamazdy, menem şeýle pikir eder öýden bolsam gerek, aýdanym-a ýadyma düşenok. Düýnem bir sebäp bilen muşmulany internede gözletdim – gül däl eken, gyrymsy agaç eken, owunjak miweleri iýilýän eken. Buça bolanyna görä, näme üçin gözlänimem aýdaýyn diýmäýin. Biriniň göwni galmagy müümkin ýa-da ýalňyşýandyryn. Garaz, göwnüüme indiki ýaş ösdürimler (gazýete bir zat ýazsaň, şuň ýaly ýerde, hökman, “käbiri”, “birnäçesi” diýen ýaly gümüürtükleşdirýän söz ulanylardy, men häzirem şony ulanaýyn) kabiri az bilip, köp bilýändirin öýdýär. Bapbaňky ýaly, özüne gaharyna ýeňsesini diwara urmag-a beýlede dursun, käbiri şu bilýännimem bolýar, ýeterlik diýýär. Asla öwrenjegem, biljegem bolanok. Nämeden beýle – bilmedim, öwrenmek, bilmek häzir has aňsatlaşandanmyka? Ýa-da häzir hakykatdanam birazajyk bilseňem ýeterlikmikä? “Köp bilseň, bahym garrarsyňam” diýilýär-ä? Men-ä ýetmiş ýaşadymam welin, özüme “Otur, garry” diýip bilemok. Megerem, bilýän zadymyň azlygyndandyr-da. Bolýa oturaýyn.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.