Ulema hem ogry
Ýakynda Biri diýip biri söhbetdeşlige şeýle rowaýat goýupdyr:
Biri: Bir ulamany köpçüligi ýygnap edýän wagyzlaryñ biziñ syýasatymyza dogry gelmeyä diyip türmä basypdyrlar. Türmede ol ogry bilen bir yere düşüpdir. Tussaglary bir ýere çagyryp gowy edip ýençýän ekenler. Ogry bilen ulamany çagyryp gowy edip urupdyrlar. Olar urlanson ogry: "Ursa, urup gecsinler. Daşaryk cyksam barybir ýene şol kärime dowam edyän. Siz nähili pikirde?" diyipdir. Ulama hem pikirlenip: "Men-ä dowam edip bilmesem gerek" diyip,gorkuly gürläpdir. Şonda ogry : " Men erbet iş ücin-ogurlyk ücin tayak iymage tayyar. Siz dogry iş ücin, Allanyñ razylygy ücin tayak iymekden gorkyanyzmy? " diyipdir. Gowy goren tymsalymy siziñ bilen paylaşaýyn diydim.
Birine bu rowaýaty üçin sag bol aýdyp, jogap ýazsamam, ynjalyp bilmedim. Aýdasym geleniň hemmesini aýtmadyk, kemter gaýdan ýaly boldum. Öňem bir Radiý Fiş diýilýän jöhüdiň Jelaletdin Rumy hakynda ýazan kitabyny okapdym SSSR döwründe. ŽZL (Žizn zameçatelnyh lýudeý – Ajaýyp adamlaryň ömri) seriýasynda gaty owadan neşir edilen kitapdy. Adaty satuwlarda tapdyrmaýardy, bize nädip düşüpdir bilemok. Garaz şol kitapda Rumynyň, iki goly, iki aýagy kesilen indem dar agajyna höküm edilen bir ogra hormat görkezenini (baş egdirýämi bir zada etdirýä anyk ýadyma düşenok) görüp şägirtleri geň galýalar. Şonda Rumy ol ogrynyň şonça jezalandyrsalaram (Yslamda ogryň ilki bir eli soň beýlekisi, soň aýaklarynyň biri, soň ikinji aýagam kesilýär) pälinden gaýtmandygyna, niýetinde berk durandygyna hormat goýdum diýip düşündirýär. Bilmedim bu Fişiň öz tapan toslamasymy ýa-da başga biriniň düzen rowaýatymy, soň Rumy hakda okan kitaplarymda şol waka duş gelmedim. Bu rowaýatlaryň ikisiniňem manysy meňzeşiräk - näme etselerem niýetiňde berk durmak. Pygamberimiziň ömri bilen baglanşykly kitaplarda janyňa howp abanan wagty kiçi diliňden bärde (ýürekden däl bolsa) özüňi halas etmek üçin maňa küfür sözleri aýdanyň zyýany ýok diýen manyda sözleri aýdandygy gürrüň berilýär. Şu wagt ýörite kitap açmamsoň Pygamberimiziň (s.a.w.) aýdanyny sözme-söz gaýtalap bilemok, ýöne manysy şeýle.
◦ Buça bolanyna görä ýene bir bolan wakany aýdaýyn. Otuzynjy ýyllarda obamyzda bir mollaçar adam bar eken. Oglan okadyp, Kur’an öwredip ýören biri bolmaly. Ol bolşewikleriň özüni tutjakdygyny öňünden bilip iki çüýşe arak alýar. Birini içip gutaryberende GPU-ň işgärleri ony tussag etmäge gelýäler. Gelseler, ol lüt serhoş, galan bir çüýşänem paýlaşaly diýip, komandire hödür edýär. Komandirem “Şular ýaly mollalar bize gerek, degmäň. Içmesini goýan güni ýygnarys” diýýärde, o biçäräni tussag etmän gidýär. Şondan soň, ol molla aragyny goýmandyr, mydam içgili, köçelerde “Ak ýüzli maralym” diýip zowladyp gezipdir. Şeýdip, ol adam janyny halas edipdir. Basa-bas döwri sowulansoňam ol içgini goýmandyr. Belki soň, Ekzýuperi aýtmyşlaýyn “içýänine içi ýanyp” içendir onçasyny bilemok. O döwürler atylan işanlar, ahunlar, mollalar köp bolupdyr. Muny bilýänsiňiz. Onsoň bir işigaýdan, biçäre bendäni mysal getirip, oň ruhyny bimaza edip oturmak dogram däldir. Ýöne meniň ýagdaýa düşünesim gelýär, dogrusy, şol bendäni aklasym gelýär. Jan süýji zat, Allaňam amanady. Ony gözsüz batyrlyk edip horlamagam, pida etmegem bolmaýar. Namartlamagyň, bigaýratlygyň, ejizligiň gürrüňini edemok. Düşünýän, ilki namartlyk edip, soňam şeýleräk delil bilen özüňi aklabam bolar. Ýöne pohuňy iýeňsoň, özüňi aklajak bolup oturmasaňam bolar. Sebäbi akladyň aklamadyň tapawudy ýok, sen özüň nämäň nämedigini gowy bilýäň - namartladyňmy ýa-da janyňy halas etdiňmi. Özüň bilmeseňem Alla bilýär. Halkyň öňünde, belki, goý, aklasa aklasyn, belki, düzeler. Halka näme tapawudy bar, sen ak bol, gara bol. Hasap soraljak sen, jogap berjegem sen.
Aslynda, bu rowaýatlarda mysal hökmünde ogrynyň getirilýändigi, ulamanyň, din adamsynyň ogry bilen deňeşdirilýändigi, hat-da ogruça-da ýok ýaly görkezilýändigi janymy ýakýar. Ogry ogurlygyndan dänmez sebäbi onuň başga elinden gelýän zat az bolýar. Hünärli, bilimli adamlar aňsat biriniň jübüsine girip ýörmeýär. Ogra ogurlygyny goýmak, din adamsynyň Alla edýän hyzmatyny azaltmagyndan, gowşatmagyndan has kyn. Ol diniň belli bir amallaryny şerte görä goýmagy niýet edýär. Entek bu niýetinem saklap biljekmi, bilmejekmi belli däl. Günäkärlemek aňsat. Din adamsy din hyzmatyny esasan Allaň razylygy üçin etse-de, halka hyzmatam ol işiň aňyrsynda bar, emma halk onuň arkasyny alýarmy? Ýok. Bir adam gelip GPU-nyň komandirine “Şol adam meň çagama Kur’an okamagy öwretdi, oňa degmersiň” diýip gelipmi? Ýok. Onda nämäň hasabyna sen ol biçäräni günäkär hasaplaýaň? Ol adam tutuş obaň öňünde ýüzigaramy ýa-da tutuş oba oň öňünde aýplymy?
◦ Aslynda diňe din ulemasynyň ýa-da Jelaletdin Rumy hezretleriniň gürrüňini etmek islemedim, islendik adamy, islendik ýagdaýda, aýyplajak bolsak, seresap bolmalymyka diýýän. Bu zatlaryň hemmesi Allaň synagy.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.