Her gün | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Her gün

Oktýabr 29, 2022 | 2 teswir | 541 okalan

diýen ýaly ekizler2-ä girýän. Söhbetdeşligem açýan. Ýazýanja zatlarymy azam bolsa okaýan bardygyna begenýän. Asylam, toý-sadaka bolmasa, köpçüligiň üýşüberenini türkmen halabam baranok diýip özümi köşeşdirýän. Dogrusy, hakykatdanam birgiden boş okyjylaryň, tanyş-bilişleriň bolanyndan az sanly ýöne çyny bilen saňa düşünýän, pikirdeş adamlaryň bolanyny isleýän. Ekizler saýtyny açamyzda-da köp adam sanyny ýygnnamak pikirimizde ýokdy. Ýazanjalarymyzy goýarys, okasy gelen okar diýipdik. Şonuň üçin, saýta girenleriň sanyna kän bir üns beremok. Emma, dogrymy aýdaýyn, söhbetdeşlikde zatda öz pikirini aýdyp, jedelleşip, başga-da gyzyklanýan temalaryny agzap, açylyp oturan okyjylary küýseýän. Özümem şeýle, bir gowja zat okasam, içimden berekella diýýän-de geçiberýän. Gep berekellada-da däl, ýazgyny ýazan adam ony seň göreniňi-görmäniňem bilmän galýar. Ýa biz türkmenler aktiw dälmi, nämemi? Kakam pahyr gülüşdirerdi; 30-njy ýyllar bir partiýa işgäri ýygnak edýämiş oba adamlarynyň öňünnde, onsoň aktiwistka diýen sözüň türkmençesinni tapman ýanyndakydan soraýarmyş. Olam aljyranmydyr ýa-da bilgeşleýin güljek bolýamy “Aktiwistkaň türkmennçesi jalaý bolýadiýipdir. Partiýaň işgärem başlapdyr Jerenem jalaý, Oguljahanam jalaý diýip. Halk gülýämiş muňa-da. Şoň ýaly biz jalaý dalmi nämemi. 

Tokar Tugur diýip bir suratkeş dostumyz bardy. Köplenç şoň ussahanasynda edebiýatdan, sungatdan gürrüň edip oturardyk. Bizde oglanlar ýygnanardylar. Gowy gürrüňler edilerdi. Plastinka diňlärdik. Goşgy okardylar, hekaýa-da okaýardylar. Garaz, bir hepdeläp göwnümiz galkynyp gezerdik. Indi öýe ýygnanmagam birhili, internetde saýt bar, ýygnanşyp bolaýjak ýer diýýäň. Bolgusyz gürrüňleri goýman bolýar. Goýsaňam gowy edip jogabyny ýetirip bolýar. Syýasat bilen işimiz ýok, syýasatçylaryňam biziň bilen. Sebäbi meň düşünşimçe syýasatam özbaşyna bir zat. Oňam öz ýollary, ýodalary bar. Hakykatdanam men-ä şo işlere düşünemok. Tokaryň suratlaryny göremizde-de bu reňki beýle goýaýmaly ekenniň, bu şekili beýle çekäýmeli ekeniň diýip bilemizokdyk, diýmeýärdigem. Sazanda «Mukamlar başyny» çalyp berse, sen diňe sag bol aýdarsyň. Başga gowy görýän sazyňy çalyp ber diýip haýyş etmäge-de çekinersiň, birden ýeri däl bolsa, gaty gelşiksiz bolmagy mümkin. Bir gezek diňläp oturanlaň birisazanda «Balsaýady çalyp bersene diýipdir. Olam çalypdyr-da dutaryny gabyna salaýypdyr. Her kim o nä beýtdiň diýse, Balsaýatdan soň saz çalynmaýar diýýär. Aý men bilmändirin diýse-de, sazanda soň şo gije saz çalmanndyr. Syýasat diýilýän zada-da goşulmanyňdan gowsy ýok. Şu wagt şuny okap aý… diýýänler bardyr. Ýöne meň aladam, gözümi açyp görenim, öwrenenim edebiýat, kino. Geliň şo hakda näçe isleseňiz söhbet edeliň. Näçe gürrüňini etseňem gutaryp bolmajak zat. Bilmeýän zadymdan men daş duranymy kem göremok. Hawa, biz birek-birege ynanamyzok. Dogrusy, ynanmak kyn bolmagam mümkin. Adamlary biri-birinnden daşlaşdyrjak bolsaň aralarynda şübhe döredäýmeli ekenn. Internetde hezil, adyň ýok, adresiň ýok. Üstesine-de edebiýatyň, sungatyň gürrüňi hiç kimde ýakymsyz pikirler oýarmaýar. Garaz şeýle. Tokaryň ussahanasyny küýseýär ýüregim, onam bir saýtdan gözleýän. Bu asla bolup bilmejek zat bolmagam mümkin.

Teswirler (2 sany)

Mango Tropikano:
16 Noýabr, 2022

“Hydyryň söhbetdeşligi” “Tokaryň ussahanasy”-ça bar.
Men-ä kä wagt nädip çydaýaň Hydyr aga her hili berilýän soraglara diýesimem gelip gidýär.
Soralmaýan zat ýok, “marožnany nädip ýalamala” çenli soraýalar (elbet, edil beýle sorag ýok, ýöne şoňa meňzeş sorag gaty kän). Ýöne, adam pahyr söhbetdeş küýseýän bolmaly, hasam garradygyça.
Size düşünýän Hydyr aga. Realda tapmaýan zadymyzy wirtualda gözleýäs-dä. Tapýarysam. Dünýe başgalaşyp gitdaý….
Umuman, täze hekaýalar okatsaňyz begenerdik, “söhbetdeşliklerem” siziň wagtyňyzy alman, döredijiligiňize itergi bolar diýip pikir edýän. Esasam janyňyz sag bolsun.

Remezan :
18 Noýabr, 2022

Siziñ gündeki ýazan ýazgylaryñyzy okamagyñ özem hem maslahat, sapak. Gündeligiñiziñ özini jemläp okasañ gyzykly bölümlerden ybarat kitap boljak.

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.