Giç gelen setirler | Gündelik | Hydyr AmangeldiGiç gelen setirler
Noýabr 11, 2022 | 1 teswir | 503 okalan
Sapargeldi Han,
Saňa nesihatym.
Ýolma guşuň ganatyn!
Ýolsaň guşuň ganatyn
Allagulydyr Bapba
Bolmazmy garym-gatym?!
Bir ýerden kelläme şu setirler geldi-de, günüme goýmady. Allaguly diýýännim Ýusubow diýip “Ýaşkomda” bölüm müdirimiz bardy. Olam birki ýyllykda ýogalypdyr diýip eşitdim. Imanlary hemra bolsun. Sapargeldi hanam baş redaktorymyzdy. Bu setirleri degişme diýip kabul ediň. Aňyrsynda hiç hili çynlakaý many ýok. Kä wagt bolýar-a, bir aýdymdan bir küplet kelläňe girýär-de çykanok, bulam şoň ýaly bir zat. Ekizlere goýmasamam bolýady welin. Allagulam erbet adam däldi. Men oň elinde işledim, bir bölümde. Indi adyň ýerine “käbirleridir” diýip düzedäýesimem gelip dur. Ýeri bolýa, diri bolan bolsalar okap bererdim, gülüşerdiler. Allagulam menden öýkelemezdi. Şoň üçin, arkaýynrak biraz. Ýöne hakykatdanam, näme ýamanlyk etseňizem guşuň ganatynny ýolmaň! Aslynda, ýolup barýanam ýok, Bapba ýaly guşam ýok.Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Hydyr aga, Allaguly aga we Bapba aga bu goşgujyga gülüşerdiler diýseňizem, meniň özüm-ä gelşiksiz gördüm.
(elbet-de ýoldaşlaryňyzy özüňiz has gowy tanaýansyňyz).
Bilmedim, deňeşdirmek gerekmi adamlary?
Goşguny dolulygyna goýaýyn, ýatlamak üçin.
Ýolma, guşuñ ganatyn!
Ne oýundan, ne çyndan,
Ýolma guşuñ ganatyn!
Pent bolsun şu menden
Ýolma guşuñ ganatyn!
Kim galkar asman sary,
Ýolsañ guşuñ ganatyn?!
Uçýan, uçmaýan bary
Bolmazmy garym-gatym!
Guşuñ ganatyn ýolma,
Bozma kaddy-kamatyn.
Bolsañ bol ýerde ýorga,
Ýolma guşuñ ganatyn!