22.02.12 | Gündelik | Hydyr Amangeldi

22.02.12

Fewral 22, 2012 | 0 teswir | 886 okalan

Oglanlar kinostudiýa geldiler. Saçlary ösüpdir. Kinostudiýany tapman, kinoteatra barypdyrlar, stadionyň daşyndan bir aýlaw edipdirler. Özlerem şäher oglanlary. Kinostudiýada teke bazaryň gaýrasynda. Öýlerem kupalkaň ýanynda. Hemmesi bir ýerräkde diýen ýaly. Emma, tapmandyrlar. Gowşak, lellim çagalaram däl. Atlaň arasyna barsalar suwa gaçan balyk ýaly, dogumly, edenli. Türkler çagalaryny mekdebe gidýänçä başyna goýberip terbiýeleýän ekenler. Soň ulalansoň çekinjeň bolmaz ýaly. Ýöne, dünýe gözsüz batyrlardan, özdiýenlilerden, kejirlerden, talapkärlerden... doluka, çekinjeňlik, utanjaňlyk erbet zatmy? Kakam pahyr “Ors türsükli gezse, sizem geiziň – hakyňyzy gidermäň diýýärdi, ýöne mekdebi gutaryp, inst. girýänçäk  bize saç goýbertdirmedi. Tutuş mekdepde diňe Ylýas ikimiz diýen ýalydyk tahýaly, saçy syrylgy. Ýöne başym tahýaly, papkamda Dostoewskiý bardy 9-10 klaslarda okaýarkam. Başga şonuň ýaly kitaplary okaýan ýekeje deň-duş oglan görmedim, ýogsa, şäher mekdebidi. Bardyr, iki-ýeke. Hiç wagt il seni hiç zatda ýeke goýbermeýär. Özüň ýaly hökman tapylýar. Hala Dost. oka, hala bolgusyzlyk et. Gep mende däl, türkmeniň çaga terbiýeleýişi hakynda pikir etdim. Kakamyz bizi ýekeje gezek çybyjak bilen iki gezek çaldy, 4-5 ýaşlarymyzdakak. Soň urmadam, urdurmadam. Ýöne öýmüzden sähel daşa, iki öý aňry ýanymyzdaky goňşulara-da gitmek bolanokdy. Özümizem 4 sany çaga bolamyzsoň, hiç ýere gitmänem oýnap ulaldyk. Gaty utanjaňdym, ýygradym.
Kinostudiýada oglanlara ikinji režissýor goşgy bilýäňizmi, hany, bir goşgy aýdyp beriň diýdi. Ikisem “Bilemizok” diýýäler. Ýeke küplet bolmasa diýýär. “Bilemizok” diýişip otyrlar. Ikinji rež. olaryň dilini, diksiýasyny barlap görjek bolýar. Onsoň Aýaz baba gelsene... şony bilýäňizmi diýdi. Bilýäs diýip ýylgyryşdylar. Onsoň şony aýtdyrdy. Çalt aýt, haýal aýt diýip bir salym gyssady. Onsoň oglanlaň ulusy Serdary görkezip “Şuňa Baýramyň roluny bersek” diýdi. Atajan (kiçisi) müzzeräýdi. Menem: “Bulaň häsiýetlerini gowy bilýän, soň maslahatlaşarys” diýip gürrüňi goýdurdym. Soň olara saçyňyzy kiçeldip geliň diýip dellege ugratdylar. Menem şol iki sany ikinji režissýor bilen saýlanjak gyzlar hakynda, seýis hakynda düşünjelerimi aýtdym. Razylaşýalar welin, aladalary kinoda däl ýaly, üstesine-de özlerini ussat hasaplaýarlar. Bahymrak gidenimi kem görmeýän ýaly. Adam üçin başga birini diňlemek, öz düşünjesiniň ýalňyşdygyny boýun almak, ony beýleki dogry aýdýanyňka görä düzetmekden kyn zat ýok ýaly. Men-menligi ýeňmek üçin gaty güýçli adam bolmlay. Garaz, gaýtdym. Soň oglanlary S.Jallyň özi görüpdir. “Bolýar” diýipdir. Esasy mesele çözýänem şol. Şonuň üçin, öňünden alada galyp ýörmäýin. Alla ugruna eder, inşalla. Gije-de oýanyp, uklap bilmedim. Şol oglanlar, kino ýadyma düşüp ukudan açyldym durdum. Altmyşa ýeten adamyň şeýle bolmagy geňmikä? Men-ä hiç hili geň zat göremok.

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.