Täze ýurt | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Täze ýurt

Dekabr 20, 2022 | 1 teswir | 589 okalan

Öňräkden bäri pikirini edip ýördüm Ekizler2-iň könelendigi hakynda. Ilki nägile bolýan zadym surat goýup bolmaýandygydy. Köne suratlar hakynda birnäçe ýazgy ýazdym, ýöne suratlary ýanynda goýup bilmedim. Garaz, biderek başyňyzy agyrtmaýyn, Medium. com diýip saýt bar eken şonda öz adyň bilen ýazgylaryňy goýup bolýan eken. Menem ýuwaş-ýuwaş şo saýta geçmekçi bolýan. Häzir birki sany ýazgy goýdum. Biri köne 1990-njy ýyllarda ýazylan geroin belasy hakynda, birem ekizlerde öň goýan ýazgym. Ekizler2-iň okyjylary sizem medium.coma girip meň ýazgylarymy öňküňiz ýaly açyp okasaňyz begenerdim. Bu saýtyň siziň üçin amatly tarapy men täze ýazgy goýsam size habar gelýär. Siz gaýta-gaýta saýta girip durmarsyňyz, suratlary goýup bolýar, komentleri has janly edip bolýar... başga-da amatly taraplary bar, olaram öwrenerin, ulanaryn ýazgylar öňkzsinden has gyzykuly, has gowy okalar diýen tamam bar. Birinji ýazgymyň linki şeýle:   https://medium.com/@h.amangeldi/hal-%C3%BDa-da-%C3%BC%C3%A7%C3%BCnji-d%C3%BCn%C3%BDe-cae2743f5f17

Biraz uzynyrak link boldy. Megerem men gysga görnüşini alyp bilýän däldirin. Siz şuny kopiýalap goýsaňyz, täze saýtdaky bir ýazgym açylar. Galany onsoň aňsat. Häzirlikçe oňuşyk edeliň. Bilýän öwrenşenje ýeriňden başga ýere geçmek aňsat däldir size-de maňa-da kyn, ýöne täze ýurt öňküsinden has gowy bolar, inşalla. Girip bilmeseňiz soraň, men elimden gelen kömegi ederin. Entek ekizler2-nem ýapmak niýetim ýok. Bolýa, häzirlikçe sag boluň, täze ýurtda size garaşýan. 

Teswirler (1 sany)

Serdar3030:
14 Aprel, 2024

Öňki çorny bely suratlary paýlaşsaňyz, görerdik...

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.