Gussamerk
Kakam pahyr bir kesel hakda gürrüň bererdi. Keseliň ady – gussamerk. Adyndan belli, adam gussa batýar, içini hümledip, töweregine garyşyp gatyşyp bilenok. Ýuwaş-ýuwaşdanam dällireýär. O döwrüň tebipleri bu keseli şeýdip bejerýän ekenler. Olar näsaga “Öýüňden biraz uzagrakdan ýer edin, oňa-da ýorunja ek. Birem at al. Soň her gün irden atyňy münde ýorunjaly peliňe git. Suwuna seret, gülüne seret. Gaýdaňda-da bir desse oty orda, atyň yzyna basyp alyp gaýt. Onam, öýüňe gelip, atyň öňüne dök” diýer ekenler. “Gülli ýorunjaly meýdan, ony oraňdaky otuň ysy, at münmek adama melhemdir” diýerdi kakam pahyr.
14-15 ýaşlarymyzdadyk, obamyzyň ilersinde, öýmüziň golaýynda kolhozyň athanasy bardy. Giň howluda on-oki sany baýtal, ýedi-sekiz sany taýçanaklar, birem Murgap diýip höwür atyny saklardylar. Hanow aga diýip, Eýrandan bärik geçip, soňam serhet bekäp, yzyna geçip bilmedik kürt ýaşulysam olara serederdi. Gürlände dili çalgyrtdy, her iki sözünden bir “welinim” diýerdi. Bizi gaty gowy görerdi, pahyr. Biz diýýänim ekiz taýym Ylýas hem ýen birki sany goňşy deň-duş oglanlar – Hanow agaň ýanyna gelerdik. Garram bolsa, maňňal urup ýorunja ýatyrmaga ökdedi. At howlyň ilersem giden ýorunjalyk meýdan. Hanow aga ýorunja ýatyrardy, bizem olary goltuklap arabasyna ýükleşerdik. Soňam getirip höwür ata, baýtallaň öňüne dökerdik. Häzirem käte, Ylýas bilen şol öňki ýorunja ekilen meýdana, Hanow agaň at howlusynyň ýerine aýlanmaga çykýas. Bildiňiz, at howlam ýok, ýorunjaly meýdanam, Hanow aga-da...
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.