Ak sakally režissýorlar | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Ak sakally režissýorlar

Sentýabr 05, 2023 | 0 teswir | 375 okalan

Sakally diýýänim hakyky türkmen sakally – bäş wagtyny sypdyrman okaýan, “namazly-täretli” diýilýän sakally ýaşululaň kino režissýorlugy hakda. Dogrusy, başdalar birhili bolýadym, kärimiz edebiýat, sungat bolsa, sakal goýbertmek nämämize gerekdi diýýädim. Diňe türkmende ýok bolaýmasa, “sakalyny sallap” her dürli kärde işleýänler beýleki milletlerde kän, musulmanlaryň arasynda-da şeýlemikä diýýän. Ýeke-ýeke milletleri sanap, içinde sakally režissýory bolmadyk millet ýok diýen anyk bilýän diýsem ýalançy. Ýöne başga milletlerde seniň sakalyň geň görünmejek ýaly. Millet kändir, her hilisem bardyr, gürrüň o hakda däl – Hydyr-Ylýaslar, ýaşy ýetmişden geçen iki sany ak sakal ýaşulyň režissýorlygy hakda. 

Sakal bilen bahym öwrenişdik. Obada-garada sadakada-toýda görünemizde başda ähli kişi bize seredýän ýalydy. “Ynjytma” diýip ýazan ssenarimizden gowja film boldy welin, hasam ekezlendik. Bardyk-da kinostudiýaň başlyklaryna “Ýaşymyzyň soňunda ýadygärlik, kiçi göwrümli filmi özümiz alaýsak, eger rugsat berseňiz” diýdik. Başlyklaram sag bolsun, göwnümizi ýykmadylar. Şeýtdik-de iki sany sakally režissýorlar bolduk. Ýene bir ýagdaýam bar, birhili biz özümizi režissýor hasaplaýan ýalam görünýär. Ýok, ýöne filimiň öňünde-soňunda adymyz geçensoň, bu işiň jogapkärçiliginem boýnumyza alamyzsoň, aýyplaşmarsyňyzda. Şol wagt bir gysga göwrümli film üçin ýazylan ssenarimiziňem kabul edilenine birki ýyl bolupdy. Owal 5-6 filmiň ssenarisini ýazamyzsoň, ýazmak meselesinde bizde problema ýokdy. Göwnümize ýazylan zady surata düşürmegem kyn bolmajak ýalydy. Artistleri saýladyk, hijisi ýok diýmedi. Ýogsa bir artistimiz bizdenem uludy. Ýetmişi ortalap barýanam bolsa, şolam kyn görmedi. Artistler bilen eden başdaky ýygnanşygymyzda esasy isleýän zadymyzyň gepleşikde ýasama diliň bolmazlygy hemem näçe az gürläp, aýtjak bolunýan zady hereket bilen görkezjek bolmakdygyny aýtdyk. Artistleriň hemmesi muny makul gördi. Kinomyzda baş rollaryň birini oýnaýan professional artist däldi. Ol “Ynjytma” kinomyzda çala görnüp gitdi. Belki, şonda göwnümizden turandyr, ýöne esasy zat, ol gelniň dutar çalyp bilýänligi. Sebäbi ssenarimize görä, ol çagasyny her gije dutar çalyp ýatyrýar. Çagany hüwdülemek, sallançakda ýa-da aýakda ýatyrmak türkmene mahsus, ýöne dutar çalyp uklatmak geň. Kinoda-da ýalan sözleseň, ýasama bir zat etseň bildirip dur. Muny ynandyrjy oýnamaly. Meni iň uly alada goýanam şo boldy. “Kino diýilse, ýapa degmejek ýalan zadam alaýýalaraý” diýilse, bar azabymyz köýjekdi. Nädip ynandyrjy etmeli? Muňa ilki bilen režissýoryň özi, soňam şol rolda oýnaýan artist ynanmalymyka diýýän. Artist bolmadyk bir dutarçy geline, “Şuny ynandyrjy oýnamaly” diýsem, “Nädip ynandyrjy oýnamalyka?” diýip, hasam aljyrap özüni ýitirip dursa näderin? Nähilem bolsa, oýnamaly rolunyň kyndygyny aýtman, ilki ssenarini ol gelne berdik. Bizi begendiren hemem ynam döreden zat, ol ssenarini halady. Baş rolda oýnamaly sekiz ýaşlyja oglanjygam öz ogly ýaly gowy gördi. Filmi düşürmäge başladyk. Ilkinji alan epizodymyzam çaga ýatyrka, gelin gelip ogluny oýarmaly. Ony ýidirip-içirip okuwa ugratmaly. Surata düşürýän ýerimiz öz öýüm, agtyjaklarymyň biriniň ýatýan jaýy. Bu maňa gaty amatly boldy. Sebäbi öz öýüňde aljyrap, başagaý bolup ýörmezlik şansyň artýar. Edil şo jaýda, gelnimiň çagalaryny irden oýaryşynam kän gezek görüpdim. Gelnim menden ýaşynsa-da hereketleri gözüme ilýärdi. Dogrusy, men geljekde kino alamda gerek bolar diýip, muňa üns bermeýärdim. Megerem, “gelnimiň çagalarynyň dilini tapyşy nähilikä?” diýen alada bilen gören bolaýmasam. Sekiz ýaşly çaga ukuda bolmaly, soňam ejesiniň sesine oýanmaly. Bu başda kynyrak düşdi. Ýöne soň bir gün başga bir epizody alamyzda çaga hakykatdanam uklady. Ol eýýäm bize öwrenşip gidipdi. Kömekçi režissýorumyz onuň ýorganyny çekip zordan oýardy. Operatorymyzam onuň ukudan oýanşyny aldy. Hakykatdanam ukudan oýanan çaga gaty ynandyrjy boldy. Adatça filmde surata düşjek çaga saýlananda ilki bilen üns berilýän zatlaryň biri – çagaň dogumlylygy. Dogumly bolsa, artistligem başarar, oňa öwretmegem aňsat düşer diýen pikir bolýar. Bize bolsa, dogumly çaga däl-de, öz dünýesine gümra bolup ýören, ýuwaşja, pikirli çaga gerek. Ýuwaş çaga baş roly ynansaň, soň işimiz kyn bolmazmy diýen aladamyz bolmady. Näme üçindir, menem Ylýasam düşbi, pikirli çagany gözledik. Sebäbi, dogumlylygy gerek bolsa, oýnadyp bolar, ýöne pikirli çagany oýnadyp bolmaýar, ol çagaň häsiýetinde bolmaly diýip düşündik. Biz bu düşünjämizde ýalňyşman ekenik. Şu ýerde bir zady aýdasym gelýär. Dagda surata düşürip ýörkäk, bir mesele bilen garaşyp oturmaly bolduk. Oglanjyk az gürleýär, meňem ony gürledesim gelýär. Şonda ol açyldy-da kakasynyň, ejesiniň oňa dutar çalýan oglanjyk hakda kinony “Kinoda gowy oýnajagyň çynyň bolsa, şu kinony gör, öwren” diýip gördürendigini gürrüň berdi. Onuň iş edinip göreni biziň ssenarimzden alynan “Heserli” filmimiz bolup çykdy. “Ýeke özüň gördüňmi? Ýarsyna ýeteňde uklap galansyň” diýdim welin, soňuna çenli görenini, kinonam halanyny aýtdy. Men muňa şeýle bir begendim, oglanjygyň ene-atasyna şeýdipsiňiz, sag boluň diýmegiňem ýoluny tapmadym. Şonda bir zada anyk gözüm ýetdi, baş gahrymanymyz çyny bilen biziň aýdanymyzy etjek bolýardy. Megerem, ene-atasy ssenarinem oňa okap berip, düşündirendirler. Mümkin kä ýerini nähili oýnasa gowy boljagyny bilişleriçe öwredendirler. Sebäbi oglanjyk, köp ýerde biziň isleýşimiz ýaly oýnaýardy. Biz çagany oýnatmagy başardykmy? Bu eýýäm başga gürrüň. Biziň öňümizde alynmaly epizodlar garaşýardy.  Olar hakda indiki ýazgymda gürrüň bereýin...

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.