Ak sakally režissýorlar (dowamy) | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Ak sakally režissýorlar (dowamy)

Sentýabr 05, 2023 | 0 teswir | 271 okalan

Bu kinoň ssenarisiniň esasynda bir bolan wakajyk bar. Inilerimiziň ogullarynyň biri oglanjykka goňşularynyň towuk keteginden ýelek getirip, mellekleriniň bir gyrasyna ekin eken ýaly edip sanjyp çykýar. Soňam ejesine “Ýelek ekdim, jüýje çykar ýaly” diýýä. Öýdäkiler muňa gülüşýäler welin, “Oýun etdim-laý” diýen bolýar. Soň muny geňje zat diýip, ilki hekaýa, soň kinossenariý edip ýazdym. Biraz ösdürdik, üstüne ýene-de wakalar goşduk. Hekaýa görnüşi has gysgarakdy. Ssenarini gysga göwrümli, 20-30 min. filmiň edebi esasy diýip, kinostudiýa tabşyrdyk. O taýda-da haladylar, ýöne gysga (kiçi göwrümlem diýýäler) göwrümli bolansoň, alaýyn diýip, ýapyşyberen režissýor bolmady. Ösdüreli, doly göwrümli edeli diýip teklip eden tapylmady. Şeýtdi-de, ol birki ýyl kinostudiýaň ssenariler bölüminde, redaktorlaryň tekjesinde ýatdy. Soňunam bilýäňiz, ony özümiz surata düşüreli diýdik. Bize 20 mintlyk diýip rugsat berdiler. Başlangyçdaky ady “Ýelek”, ýöne kino düşürip başladygymyzça, ondanam ir – ssenarini gaýtadan elimize alyp, kadrlar şekilinde göz öňüne getirip başlanymyzdan ssenariý giňäp, ulalyp başlady. Hat-da soňky günlerimize ýakynlaberende, başda görkezilmedik, smeta goşulmadyk, artistem çagyrylmadyk bir epizodam goşmaly bolduk. Ahyrynda, onuň ady “Atamyň penjegi” boldy. Kinoň manysyny, ideýasyny umumylaşdyryp aýtsam, oňuşykly, sada, arassa iki sany maşgala hakynda. Urşam ýok, dawa-jenjel ýa-da öýke-kine, jedel, görnüp duran gapma-garşylygam ýok.  Birhili kanagatsyz, mydama bir zatlardan närazy, her kim özünkini dogry etjek bolýan, gündelik goh-galmagaly ýetik maşgalalara, içerilere, bir köçede, biri-biriniň gabat garşysynda ýaşaýan (ssenaride dul-degşirdi) iki doganyň maşgalalaryny, olaryň birek-birege hormatyny, biri-birini gowy görüşini, biriniň çagasyny beýlekisiniň özüniňki ýaly görüşini, ýönekeýje zadam uly bir lezzet, keýp bilen kabul edişlerini (iki maşgala bolup, jemlenşip, ir ýetişen garpyzy iýýäler ýa-da kiçisi çagalaryny alyp ulusynyň öýünde degişip-gülüşip kofe içýäler) garşy goýmak isledik. Olarda ýekeje ýetmeýän zat – ulysynyň çagasy ýok. Munam olar uly bir tragediýa edip ýörenoklar. Günlerine şükür edip, sähel zada begenip, her güni hoş kabul edip ýaşap ýörler. 

Aslynda kinoda gapma-garşylyk, konflikt bolmaly zat hasap edilýär. Eger konflikt, göreş bolmasa tomaşaçyny bir sagatlap (biziňki 46 min.) gyzykdyryp saklap bolmaýar diýilýär. Bu kesgitleme kino teoriýasyny iş edinip öwrenen kino öwrenjileriniň köp ýylyň tejribesinden çykaran netijeleri. Bizem munuň bilen doly razylaşýas. Ýöne filmde parahat, agzibir maşgala garşylykly, kontrast bolsun diýip oňuşyksyz, ähli zatdan närazy bir maşgalany surata düşürmedik. Dogrusy, düşürmegem islemedik. Garşylykly mysal hökmünde görkezjek bolaýamyzda-da gysga göwrüme sygjak däl. Biz konflikti, göreşi oglanjygyň dünýesiniň üsti bilen bermäge çalyşdyk. Onam göze dürtülýän şekilde däl-de, oglanjygyň käbir soraglary, okaýan kitaby (Ekzýuperi “Kiçijik şazada”), ýasaýan zatlary (ol asmandaky planetalary ýasap, öz otagynda ýokardan asyp goýýar),  Saturn planetasynyň şlýapasyna ähli maşgalalarynyň şekilini ýasap oturdýar, olaryň arasyna kakasynyň dogany – Nurmyrat kakasynyň, gelnejesi Sülgüniň ýanynda bir çagajygyňam şekilini ýasap goýuşy ýaly hereketlerinde görkezjek bolduk. “Muny etmek ilkinji kinomyzda biziň elimizden gelermikä?” diýip kän pikir etmedik. Oňam sebäbi, ssenarimizde bu zatlar bardy. Şonuň üçin çekinjeňlik, ýadanjaňlyk etmedik. Ssenarimizi kinostudiýaň ssenarilere seredýän redaktorlaryndan biri Zülfiýa Kadyrowa, operatorymyz Ata Amangulyýew, artistlerimizem gowy görüp, gyzygyp okadylar. Olaryň hiç birem, görnüp duran konflikt bolmasa ýürek gysdyrjy bolar diýmedi. Üstesine, biz ekiz – biri-birimizi goldamaga ökde. Film birnäçe biri-birine kän bagly bolmadyk  gysgajyk (2-3 min.) epizodlardan düzülen. Olar çaganyň ýadynda galan günleri, ýöne munuň şeýledigi hiç ýerde aýdylmaýar. Dogrusy, kadryň arkasyndan, görünmän diňe sesi arkaly 25 ýaşlaryndaky ýigidiň düşündirişleri, ugrukdyrmalary bilen epizodlary baglanyşdyrmakçydyk. Birküç sany tekst ýazdymam, emma soň artykmaç ýaly göründi. Şeýle-de düşnükli diýişdik. Artykmaçlyk hakda bir mysal getireýin: Oglanjygyň ejesi ogluny ýatyranda dutar çaljak bolanda “Ýat, men saňa dutar çalyp bereýin” ýa-da oglanjyk “Eje, dutar çalyp beräý-dä” diýenok. Gülaýym (Dursun) ogluny ýatyryp, dutaryny alýar-da çalyberýär, oglanam uklap galýar. Şu ýerinde biz ejesiniňem, oglanjygyňam sözüni artykmaç gördük. Durmuşda “Ýat indi dutar çalyp bereýin” ýa-da her gün çalýan bolsa her günem oglanjyk “Eje, dutar çalyp beräý-dä” diýmez ahyryn. Ssenaride welin, muny ýazasyň, artistlere diýdiresiň gelýär. Edil şunuň ýaly düşünje bilen kinodaky köp dialoglary gysgaltdyk. Üstesine-de, artistlere (iki-ýeke ýerde bolaýmasa) köplenç “Ýagdaýa görä, näme gürläsiňiz gelse gürläberiň, ýasama, agzyňa salyp berlen sözler bolmasyn” diýdik. Şunda ýalňyşanymyzy soň bildik. Sebäbi artistler aýdýan sözlerini ýat tutup öwrenipdirler, olara özüňçe gürle diýseň kyn düşýän eken. Munam birnäçe gezek repetisiýa etsek, ýola salyp bolardy. Onda-da repetisiýa etdigiňçe artist ýene-de tebigy bolşundan çykar, artistlik eder öýtdük. Ýogsa, Tarkowskiniň “Stalker” kinosynda stalkeriň aýalynyň ärine gargap, janynyň ýangyjyna aglap oturgyçdan ýykylýan ýerini 20-denem köp gezek gaýtaladandygyny, artist aýalyň (şu wagt familiýasyny ýatlap bilemok, meşhur aktrisa) ýazan ýatlamasynda okapdym. Bizde muny etmek üçin Tarkowskiňki ýaly özüňe gaty uly ynam ýokdy. Tarkowskini mysal getirenim üçin “Özüni kime deňeýär-aý” diýmäň. Men nire, Tarkowskiý nire?! Ýöne bir zady aýdyp bilerin, Tarkowskiň ähli kinosyny gaty köp gezek gaýtalap gördüm, saklap, ýeke-ýeke kadrlaryny goýuşyny öwrenjek boldum. Ýöne azajygam bolsa bir zatlar öwrenendigiňi aýdyp bolanok, ol seň kinoňda görünmeli. Yzyny soň dowam etmesem uzaga çekip barýar. 

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.