Ak sakally režisýorlar (soňy)
Aslynda, bu gürrüň beýle uzaga çeker öýtmändim. Ýogsa başardygymdan gepi köpeltmejek, kä bir zatlary ýazmasam gowy, ters düşünäýmesinlerem diýibem geçdim. Belki, indi antireklama diýen ýaly ýalňyşan ýerlerimiz hakda ýazsam laýyk bolar. Iň uly ýalňyşlygymyz, (eger ýalňyşlyk bolsa), biz tomaşaçy hakda az pikirlenipdiris. Beý diýsem göwnüňize almaň, ýöne öwrenşilen zat köplenç normal kabul edilýär öwrenişmedik zadyňy bir bada kabul etmek kyn. Biziň kinomyzyň baş gahrymany sekiz ýaşlyja, ýuwaşja, özbaşyna gümra bolup ýören oglanjyk. Kino-da çagalar üçin däl, uly adamlara niýetlenip alynan. Bir çagajygyň bolup ýörşi, dünýesine uzak wagtlap (tas bir sagat) ýadaman seretmek kyn. Uly adamlar, uly meseleler, uly gapma-garşlyklar bolsa özüne çekiji bolýar, soň näderkä diýdirýär. Emma çagajykdan näme çyksyn. Üstesine-de Ekzýuperi (diliň zordan öwrülýär) diýdi, kiçijik şazada diýdi, akyl öwredýän tilki… Hindi, türk, ors seriallary bilen deňeşdirsek, biziňki gaty ýürekgysgynç, öwrenişilmedik zada, düşünilmesi kyn tema meňzeýär. Çynymy aýtsam, başda-da, kinony alyp ýörkägem beýle pikir etmedim. Gaýta, oglanjygyň — Ýunusjygyň bolşy meni gaty gyzykdyrdy. Ol kän bir kino bilenem däl, beýleki artistleriň oýnaýşyna-da gyzyklanyp seredip ýörenok. Ýöne et diýeniňi öwredişiň, görkeşiň ýaly edýär. Diňe bir gezek aljyratdy. Biz onuň gelnejesi bilen aşyk oýnaýan ýerini tutuşlygyna täzeden almaly bolduk. Günem gijikdi. Ir ertirki haýdap ýörşümiz — ilki Gäwersiň ýokarsyndaky oba, soň “Täze Zamanda”, iň soňunda-da bize “Ýalkyma” geldik. Hemmämizem ýadaw, Ýunus hasam beter ýadan bolmaly. Onda-da “ertir alaýalyň” diýip bolanok. Başladyk welin, çaga gaty gowşak, zordan ýöreýär, zordan sesi çykýar. Üstesine, aramyzda birem oňa gygyryp, gyssajak, janlandyrjak boldy. Hernä, doňdurmajyk äberdik, ýarym sagat töweregi dynç aldyk özüne geläýdi. Meň nähili aljyranymy biliberiň, oglanjygyň tekstini aýdyp gapdalda okap aýdyp beremde “Aşygy gyzlar oýnaýar-a” diýýän, oglanjygam iki dublyň ikisinde-de meň aýdanymy düzedip “Aşygy oglanlar oýnaýar-a” diýdi. Soň montažda görsek, oglanjygyň ysgynsyzjalygy gaýta, erbedem gelişmändir. Häzir pikir edýän welin, “Atamyň penjeginiň” öwrenşilmedik temadan, öwrenşilmedik şekilde alanymyza ökünibem duramok. Esasy zadyň aýdasyň gelenini aýtmakdygyny, tomaşaçyň göwnünden turjak bolup ýasama zatlary almazlykdygyny her kimem bilýän bolsa gerek. Ýöne şonda-da azajyk “düşnüklileşdirmek” bolardy. Ýeri gelende maglumat hökmünde aýdaýyn Tarkowskiň “Zerkalo” (Ýüz görülýän aýna) diýen kinosyna şu wagtam tapmaça diýýäler. O filmde Tarkowskiý öz çagalagynyň gürrüňini berýär. Film sowuk garşylananam bolsa, düşünmedikler känem bolsa, ol eden işine ökünmändir. Hiç ýazgysynda “beýleräk alaýmalydym” diýmändir. “Atamyň penjeginde-hä” hiçhili tapmaça ýa-da düşnüksiz zat ýok. Ýene-de “Tarkowskä deňeýär” diýen tapylar welin, öňi-soňy eden işiň bir zada-ha deňelýär, bu bir üns bereniňe degýän mesele-de däl. Ýalan-ýaşyryk ýazmadyk, ýalan-ýaşyryk bir zat almadyk elimizden gelenjesini etdik. Ýöne birinji kinoňda-da, edil birinji hekaýaňdaky ýaly, birinji ssenariňdäki ýaly, köp ýalňyşlyklary öwrenjeligiň sebäpli edýän ekeniň. Olary görmek, duýmak, aýdanlarynda boýnuňa almak möhüm. Sürüjiniň ýanynda otyrkaň ýa-da kompýuterçiniň işleýşine seredeňde kän bir kyn zadam ýok ýaly görünýär. Esasy 4–5 sany hereket, şolary dogry etseň boldugy hasaplaýaň, emma roluň başyna özüň geçeňde, kompýuteriň “syçanjygyny” birinji gezek eliňe alaňda beýle däl ekendigini bilip galýaň. Ýakynda Uinston Çerçiliň aýdan bir sözüni eşitdim «Успех — это путь от провала к провалу не теряя энтузиазма» “Ýeňiş — ýeňilişlerden ýeňilişlere lapykeçlik etmän geçilýän ýoldur” diýýä. Esasy zat eliňi sowatmaly däl, “boljak däl” diýmeli däl. Belki, kimdir biriniň gözüne bu kejirlik bolubam görnüp biler, goý, kejirlik bolsa kejirlik bolsun, içiňde armanyň bir galmasyn.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.