23.02.12. | Gündelik | Hydyr Amangeldi

23.02.12.

Fewral 23, 2012 | 2 teswir | 943 okalan


Oglanlar bu günem kinostudiýa barypdyrlar, suratçy bolmany üçin bir sagat garaşdyryp, ugradypdyrlar. Şeýle. Bu entek başlangyjy. Bu işi, edil şonuň ýaly ähli işem Alla tabşyryp edäýmeseň, sabryňam, akylyňam çydajak däl. Her bir zadyň çeni-çägi bar, Alladan başga. Menem çenden aşa kino höwesimiň-islegimiň bolmagy gowy alamat däl. Her ugruna şol kinoň (eger Alla islese) boljagy, häzirki döwürde bolup biljek derejede gowy boljagy belli. Gaýta, meň beýle oda düşmegim diňe işe zyýan eder. Şonuň üçin ssenariý ýazmak baradaky kitaby okaýan. Gowy zatlar bar. Bir gowy söz eşitdim “Bu dünýede ownuk, iri diýlen zat ýok” diýýär. Bir döwürler “Gapysynda ekin ekip, şonam bazara äkidip satyp, agşamam gazananja puluny sanap, şoň bilenem kanagatlanyp ýaşaýan, ýaşap geçjek adam nähilikä?” diýip pikir ederdim. Hamala, özüm hekaýa ýazýan, uly maksatlara gulluk edýän, ölenden soň yzynda yz galdyrmak üçin ýaşaýan adammyşym. Daýhanam geldi-geçer. Gelenem belli däl, geçenem bilinmez. Diňe belli günlerini ogul-agtyk etse, şol gün iki-ýeke ýatlan bolaýmasa diýerdim. Indi pikir edýän, hakykatdanam dünýede ownuk, iri diýlen zat ýok. Sen başaranyňy ak ýüregiň bilen, Allaň razyçylygy üçin edýän – bolany. Daýhanam şony edýär. Çagalaryny ekleýär, namazyny-ybadatyny berjaý edýär, haram iýenok. Gaýta, men göwnümi aldaýan, özümi oýnaýan “yzymda bir zat galdyrmaly” diýip. Emma, bu diýildigi senem daýhançylyk ediber diýildigi däl. Edeýin diýsemem başarmaryn. Her kime Alla bir kär beripdir, esasy wezipäň – gulluk, Alla gulluk etmek. Şol gullugyň içinde her edýän işiňi et. Her edýän işiňi Allaň öňündäki gullugym diýip et. Postda duran eli ýaragly esgerem, çastyň içini süpürip ýören esgerem Generalyň ýanynda des-deň. Goý, eline ýarag berilen öz ýanyndan gomparsa gomparybersin. Gaýta onuň ýüki agyr. Belki, agyrlygynyň peýdasyny görer, kim bilýär göterip bilmän, injigi ejiz gelmegem mümkin. Meniň kinom bilen, hekaýam bilen gapysynda käşir ýetişdirýän daýhanyň ekininiň Allaň öňünde ululygy-kiçiligi ýok. Baram bolsa, ol başga ölçeglerde öölçelýär. Nä derejede Allany ýatlap, Allaň razylygy üçin edilipdir şol iş – mesele şonda. Eger iň owunjak işlerde-de şu ölçegi ýadymdan çykarmasam, uludyr öýdýän işlerimem, beýleki işlerim bilen deňleşer. Olaryň hemmesine deň yhlas görkezmeseň, “Aý, bu hiç-le” diýsem, şeýle diýenim üçin uly işlerem maňa: “Sen hiç, sen bu işi başarmaýaň. Ownuk işde ownuklyk edýän uly işde irilik görkezip bilmez” diýýär.

Teswirler (2 sany)

Dowlet:
24 Fewral, 2012

Dogry. Adamyň wezipesi ulaldygyça, yhlasyny goramak has hem kynlaşýan eken. Şoň üçin bir alymyň "Wezipe ulaldygyça toba we dilegi köpeltmeli. Gündizleri gahryman bolup bilmek üçin, gijeleriň gahrymany bolmaly." diýen sözleri ýadyma düşdi. Adamyň haýsy amaly bilen Allahyň razylygyny gazanjagy belli däl. Biri metjit gurar niýetini halys saklap bilmez, gaýtam buýsanmana başlar, kiçeler. Başga biri halys niýet bilen birje pişige eýe çykar, nahar berer, suw berer ulalar. Esasysy, halys niýet bilen Allahyň razylygyny gazanmak üçin uly,kiçi diýmän ähli mümkinçilikleri ulanmak.

kimdirbiri:
25 Fewral, 2012

"Alla hiç kime göterip biljeginden artyk yük yüklemez." Maksadymyz ücin çykan yolumyzda bizi garşylayan böwetler we ol böwetlerin esasy sebapkari Mefisto, özlerinin bizde beyle pikir yöretmelere sebap bolyanyny bilse, onumuzı açsa-da açardy...

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.