Näme üçin?
Anyk bilemok haçandan, ýöne köpden bäri bu sowaly, soragy unutdym. Ne özüme, ne başga birine ýa-da töwergimde bolup geçýän hadysalara, wakalara “Näme üçin?” diýemok. Gynansamam, begensemem ýa-da başga biri aglap oturanam bolsa “Näme üçin?” diýemok. Aglaýana elimden gelen kömegi etjek bolýan, edip bilmesem oň halyna gyýylýan – “Bu näme üçin beýle?” diýen sowal akylyma gelenok. Bu bilgiçlikden däl. Bilgiç pal atar, hasap çykarar, biljek bolar. Nadanyň nadanlygyny göremde-de ýa-da tersine bir paýhasly pikiri eşdemde-de bolmalysy ýaly kabul edýän – ne geň görýän, ne-de oňa biparhlyk edýän, näme üçin beýledigini soramak, biljek bolmak häsiýeti yzymda ýitip gidipdir. Edil egin-eşiklerimiň ilki kiçi bolup, soň könelip, ýyrtylyp gidişi ýaly.
Ilki gözledim, soň tapdym, soň ýitirdim iň soňunda ýene tapdym welin, tapanym bir gum üýşmegi, tümmek boldy. Ol üýşmek gumuň başynda oturamda ne tapanyma düşündim, ne ýitirenime. “Näme üçin?” diýibem soramadym.
“Mazarstanda mülküm meň
Agdarylan gaýyk ýaly...”
Bir giden agdarylan gaýyk ýaly tümmekleriň arasynda olam biri. Edil aňyrsy görünmeýän deňiziň kenarynda agdarylan gaýyklar... Olar deňizde ýüzdüler-ýüzdüler-de ahyram kenara çykdylarmy? Kenara ýetenlerinden soň, eýeleri olary agdaryp goýdular-da özleri gury ýer bilen gidiberdilermi? Olar deňizi küýseýämi ýa-da “ahyry ýetdik” diýip, topraga bagyrlaryny berip ýatyrlarmy?
Öňler, ýaşkammy, ýigitkämmi ertirimiň, brigünümiň, geljek ýyllarymyň pikirini ederdim. Olary göz öňüme getirjek bolardym. Soňa-baka geljegim bilen bütewleşer giderdim. Olary mensiz, meni olarsyz akylyňa-da getirip bolmaýardy. Her günüm “Näme üçinlerden” doludy. Indi tolkunlar ýatypdyr, kenaram görnüp dur. Bahym menem kenara ýeterin, gaýygymy agdaryp goýaryn. Bu şeýle bir tebigy, ýöne öň muňa düşünmän, muny görmän ýaşapdyryn. O ýaşalan, seniň yzyňy eýgermän galan ýyllara-da adamlar “ýaşlyk”, “ýigitlik” diýýäler. Häzirki kenara golaýlap, hem kenary görüp, hem deňizde ýüzüp ýören halyňa-da “garrylyk” diýýäler. Garrylykda “Näme üçin?” diýen sowal bolmaýan eken. Sebäbi ol “üçinleriň” barynyň jogaby kenar ýaly görnüp dur. Ýeser ýeri o jogap kenary ne daşlaşdyrýar ne-de golaýlaşdyrýar. Ýigitkäm ýitirenimi bilýädim, oňa düşünýädim, indi garramsoň tapanymy bilýän, ýöne oňa düşünemok. Ýogsa ýitirenimi tapdym. Ynha ol öňümde bir tümmek bolup ýatyr, ýöne tapanyma düşünemok. Tapanymyň ýitirenimdigini görýän, ýöne görýänim ýitirenim däl. Munuň başgaça bolmagy mümkinem däl. Islendik ýitirilen zat, öňküsi ýaly tapylmaýar eken. Hat-da sen “Näme üçin?” diýibem soramaýan ekeniň...
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.