24.02.12.
Ýene bir gün geldi-geçdi. Iş, kitap, juma bilen günüň nähili geçeninem bilmedim. Öýde-de kitap. Göräýmäge şeýle işli ýaly, hakykatda welin, gaýygyň üstünde ýüzüp barýana meňzeýän. Özüň ýüzmek bir başga gaýykda oturmak bir başga. Kürek işledýän bolsaň ýene ýagşy. Geçilen ýol, aralyk, täze kenar hamala, seni iş bitiren ýaly edýär. Derdiň çuňlugyna welin çümüp bilemok.
Jaýam kerpiç-kerpiç örülip salynýar. Belki, men birden bina galdyraýjak bolýandyryn? Her niçigem bolsa, günüm boş geçdi diýip bilmerin. Edebiýada garaýşym has çuňlanýan ýaly. Maksatlarym has giňelen ýaly. Ýa-da giňeltmek isleýän ýaly duýýan özümi. Aýallaryň erkek kişiden tapawudy – olar uzak günlerini ownuk işjagazlary edip geçirýärler. Bir işi uzak gün pikirlenip, ölçäp-biçip etmeli bolsa, çalt ýadaýarar, bizar bolýarlar, derrew başga bir işe ýapyşýarlar diýýärler. Erkek kişiler tersine, haýsam bolsa bir düýpli işi bitirjek bolýarlar, birnäçe ownuk işlerden çalt bizar bolýarlar, ýadaýarlar diýip düşündirýärler. Edebiýat bilen meşgullanýan adam hasam beter irginsiz bolmaly öýdýän. Belki, tutuş bir ýyllap şol bir zadyň üstünde kelle döwmekden ýadamaly däl ýaly. Men bolsa köplenç bir işi doly bitirmän başga birine ýapyşagan. Bir işi çala oňarýandyryn öýtsemem şeýle. Şuny oňarýan, şunda has çuňlaşaýyn diýemok. Şu ýalňyşlarymy owal beýle anyk görmeýärdim.
Teswirler (2 sany)
Hawa, goltgy diýlen zat gowy zat. Hasam ýazýan adam köplenç özüni guýa gygyrýan ýaly duýýar. Başgalaryň okaýanyny bilmek sende jogapkärçiligi höwesi hasam artdyrýar. Ýöne "Guýma gursak bolmasa, dürtme gursak neýlesinem" diýipdirler.
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Men bolsa köplenç bir işi doly bitirmän başga birine ýapyşagan. Bir işi çala oňarýandyryn öýtsemem şeýle.
Şu endigä bizde-de bar. Gaty kösenýän şondan ýaňa. Näme etmeli bilemok? Diýmek ýaş bilen düzelýän zat däl ekeni-dä. Birazajyk durnukly bol diýip özüme käýeýän hem welin çözüp bilmedik şol meseläni.
Belki bir-iki sany öz dostlaryň bilen maslahatlaşyp şolar senden talap etmeli ýaly etmeli bolmagy mümkin. "Hany nähili gidýär şol işiň, ýazdyňmy, onsoň pylan gahrymana ýa-da pylan obraza näme boldy?" diýip talap etseler gyzygyp sorap dursalar, belki adam özüçe "diýmek gyzyklanýan adam hem bar ekenow" diýip höweslenmegi mümkin. Şoň üçin näme iş edýänligimiz barada dostlarymyz bilen gürrüňleşip bilsek uzaga çekýän işlere energiýa tapmagyň usuly şol bolmagy mümkin. Pikirimçe.