25.02.12. | Gündelik | Hydyr Amangeldi

25.02.12.

Fewral 25, 2012 | 2 teswir | 886 okalan


Zwýaginsewiň “Izgnaniýe” diýip kinosyny gördüm. Arada “Ýelena” diýip “Altyn aýyny” alan kinosyny görüpdim. Öň, zamanda işleýärkämem, “Wozwraşşeniýe” diýip birinji kinosyny görüpdim. Gaty güýçli režissýor. Bir meseläni iň soňky nokadyna çenli ösdürmegi başarýar. Ýogsa, meseleleri adaty durmuşy meseleler. Hiç hili effektler ýok, emma çuň pikir edýär. Kinoň dilinde aýdyp bolmaz diýiljek wakalary şeýle gowy aýtmagy, ini tikenekletjek derejede aýtmagy başarýar. Hakykaty aýtmakdan gorkmaýar. Ýalan sözlänok, ýasanok. Syýasat, wezipe diýen ýaly ownuk meseleler bilen işi ýok. Gaty düýpden tutýar. Gapma-garşylyklaram düýpli. Bir meselede çuňlaşmasaň, ýyllap kelle döwmeseň beýle kinolary alyp bolmajagy belli. Felliniň “Doroga” diýip bir kinosy bar, “Noçi Kabirii” bar. Güýçli zatlar. Çuňlugam näçe diýseň bar. Ýöne Zwýagisewde gaty ýönekeý, adaty zatlardan şeýle çuňluga ýetmek bar. Felliniň gahrmanlary biraz adaty ýagdaýdaky adamlar däl. Zwýaginsewi göreňde başdan aýak özüňi, özüňdäki duýgulary, pikirleri ýatlap geçýäň. Gutaransoňam kinodaky wakalar öz başyňdan geçen ýaly. Eger, görmedik bolsaňyz görüň. Men-ä köp zat öwrendim. Bary-ýogy üç kino. Üçüsem biri-birini doldurýar.

Teswirler (2 sany)

Nazar:
26 Fewral, 2012

Şu gündelikde ýazylýan pikirleriň käbirlerini ösdürip ulurak makalalara öwürseňiz giň okyjylar köpçüligine hödürlemäge gaty gowy bolardy. Bu pikirler gyzykly ýöne gündelik žanrynda bolsa olaryň gymmaty ýitip gidýän ýaly duýulýar. Aslynda bolsa olar ösdürmäge mynasyp pikirler. Muňa mysal hökmünde, öňki ýazgylardan "Näme üçin ýazmaly?", "Dilbilmezlik derdi", "Kino" diýen temalarda ýazylan pikirler arkaýyn hem makala bolup bilerler. Şolardan 15-20 sanysy dörese olary bir faýlda jemläp oflaýn görnüşde hem hödürlese bolar adamlara. Çeper eser okatmak kyn ýöne praktiki meselelere okyjylar gyzykýar. Çeper eseri birinjiden-ä ýazmak kyn, ikinjidenem okatmak kyn. Şonuň üçin okyjylaryň köpüsi düşüner ýaly we şol ugurdan hünärmen bolmasalar hem iň bolmanda bir-iki düşünjäni eýýäm durmuşda ulanyp biler ýaly gowy bolýar. Netijede esasy zat okyjylar-a dogry dälmi?

hydyr amangeldi:
28 Fewral, 2012

Nazar dostum,esasy zat okyjylar, ýöne makala ýazmak pikiri mende döremedi. Sebäbi "Näme üçin ýazmaly?" "Kino" ýaly makalalary ýazyp, ile hödürlemegiň üçin özüň bir zatlar döredenleriň biri bolmaly. Belki, wagty geler, ýazylar. Pikiriň üçin sag bol. Biz makala diýilse gazet-žurnallary gözöňünde tutýarys.Olaram "zakaz" etmese ýazylmaýar, köplenç. Internet üçin makala derejesinde işlemek pikiri mende bolmady. Wagty geler o-da bolar, inşaalla.

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.