26.02.12.
Gurbannazaryň ejesini görmäge gitdik. Öz ejem ýadyma düşüp gitdi. 90 ýaşapdyr. Ejemem 91 ýaşapdy. Ejemem sessiz aýaldy.
Dogumly erkekleriň aýallary ýuwaş bolýarmyka? Aý, ýaradylyşy bolaýmasa. Ýuwaşamajagy ýuwaşadyp bolmaýan bolaýmasa. Aýal erkekgi ýeňjek bolmawersin, bu söweşde ýeňiji bolmaýar. Erkek kişi ýeňiji bolaýanda-da ol ýeňiş üçin söweşmeýäni üçin ýeňiji bolmaýar. Şonuň üçin aýallara ynsap bersin.
Är-aýal dawasy bu ýerde nireden çykdy, özümem düşünmedim. Eziz aga bilen Gülnabat daýzaň gaty oňuşykly ýaşanlaryny bilýän. Eziz aga nirä gitse, Tejene, Büzmeýine, Aşgabada... – nirä gitse, Gülnabat daýza-da Gurbannazar bilen Eziz agaň yzyna düşüpdir. Ejemem kakamyň gaňyrşyna giden aýal däldir. Kakam ony etdirjek adamam däldi. Meni elmydam haýran galdyrýan zat Gülnabat daýzanyň ýeke oglundan, onda-da nähili oglundan, adamsyndan aýrylansoň iki büklüm bolman, gaýrat edip, agtyklary üçin ýaşap bilendigi. Aglap-eňräp oturan gezegine duşmadym. “Gurbannazar jan gitmedik ýaly, ýanymda ýaly” diýýär. Adamy adamdan aýra salýan ölüm däl, adamlaryň özleri. Gülnabat daýzaň ogluna ýakynlygy, biziň dost-ýarlarymyza, çagalarymyza ýakynlygymyzdan has ýakyn, ýogsa biziňkiler diri gezip ýörler...
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.