27.02.12.
Düýnki güni ýatlap otyryn. Bolmadyk ýaly. Etmeli, edýänje işlerimi etdim. Üýtgeşik täsir galdyran zadam bolmady. Biri bilen “aşa yhlasyň, aşa islemegiň” gürrüňini etdik. Her bir zadyňam aşa geçeni gowy däl. Balam aşa köp iýseň adama zäher bolup bilýär. Emma, gowluk, arassalyk, ýagşylyk dürslük, dogruçyllyk, ýene-de şular ýaly ynsany bezeýän zatlarda-da aşa islemek, aşa boldurjak bolmak dogrymyka? “Gören kim...-de” Marlaen mugallym Alla ynanmagam belli bir derejede diýýär. Mysal üçin käte ýalan sözläbem bolar, ogurlygam gabat gelse edip bolar, käte zyna-da...” diýen ýaly gürrüň edýär. “Alla ynanmagam gerek onsuz bolmaýar, emma aşa geçmeli däl” diýýär. (Marleniň sözleri sözme-söz däl). Gürrüňimiz biraz uzaga çekdi, ýöne gysgaldyp aýtsam, özüňi düzetmäge, arassalamaga... we beýlekilere näçe aşa isläp bilseň, aşa yhlas etseň gowy, ýöne başga birine gezek gelende dogry däl diýen netijä geldik. Poýezdi saklap bilmejek bolsaň, kelläňi onuň tigiriniň aşagyna sokup saklajak bolmak akmaklyk diýdik. Daşaryny arassalamak üçin öz öýüňi arassa saklamaly. Bu dogry ýöne içeriňi arassa saklamak islegi daşarynyň arassa bolmagyny çyny bilen arzuw edýän adamda has güýçli bolýar diýdik. Mysal üçin, “Men öz öýümi bir arassa saklaýyn, daşary bilen işim ýok” diýmek bar. Birem “Öz öýümi arassa saklaýyn, her kimem öýüni arassa saklamak islär, şeýdibem daşary arassalanar” diýen düşünje-de bar. Şonda gürrüňdeşim “Pygamberimiziň dili bilen yslama höweslendiren adamlaryndan, göreldesi bilen höweslendireni kän” diýdi. Men munuň şeýledigini däldigini anyk bilemok. Emma, arassa, ahlakly, dogruçyl, wyždanyňy diňläp ýaşamagy öwretmek kyn, görelde görkezip bilseňem boldugy. Erbetligiňem ýagşylygyň dar agajyndan asylýan wagty bardyr. Erbetligiňem gowulygy görende utanýan wagty bardyr.
Teswirler (2 sany)
Döwlet, bu pikir "Gören kim...-däki" bir gahrymanyň pikiri. Eger wagtyň bolsa okap, pikiriňi aýtsaň begenerdim. Gündelik umuman degdi-gaçdyrak bolýar.
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Umuman umumy pikire goşulsamda, Marlen mugallymyň yman barada aýdan sözlerine goşulamok. Marleniň özi pelsepede aşa gidip, ymana da pelsepe bilen nazar edipdir öýdýän. Ymanyň aşasy bolmaýar. Yman etmek aňsat däldir. Näçe yman etsekde çägimiz belli. Öňümizde Pygmaberimiz bar, pygamberler bar, Hz. Ebu Bakr bar Hz.Omar bar Hz.Osman bar, "Gözlerimden gaýb perdesi aýrylsa, Allahy göni görsem, ymanymda zerre mukdar üýtgeşiklik bolmaz" diýen Hz.Aly bar. Ýagny Hz. Aly hem bu dünýäde ymanda öz çägine ýetipdir we doly doly yman edip ýaşapdyr. Bize de nesip etsin.