28.02.12. | Gündelik | Hydyr Amangeldi

28.02.12.

Fewral 28, 2012 | 0 teswir | 863 okalan


Ýaramadym. Uzak gün diýen ýaly ýatyp geçirdim. Soňam kitap, agşamam kitaby okadym. Ýarsyndan geçdim. Teoriýany şeýle gowy öwredýär welin, teoriýa diýlen zadyň ýokdugyna çenli düşündirýär. Emma, goşgy ýazylanda küpletleriň, kapiýalaryň, setir sanynyň saklamalydygy ýaly saklanylmaly kanunlaryň bardygyny aýdýar. Ýeke-ýeke durup geçýär. Giden bir ylym. Kinostudiýadan henizem habar ýok. Entek golam çekilenok. “Ýa sabur!” diýmekden başga etjek alajymam ýok. Ahyry haýyr bolsun!

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.