29.02.12. | Gündelik | Hydyr Amangeldi

29.02.12.

Mart 01, 2012 | 2 teswir | 1230 okalan

Dostum düýşüme giripdir. Aslynda, dost meselesini oglankam alada ederdim. Dost bolmak islärdim. Dostlarymy gowy görerdim, özüme olara wepaly bolmaly diýerdim. Kakamdan ilki eşiden nakylymam, megerem, “Ýigidi dostundan tana” diýlen nakyl bolmaly. Her kimde-de bolşy ýaly mende-de oglankam, soň ýigit çykylansoň, tä belki 40-dan geçýänçäm dostlarym kän boldy. Köp gatnaşdym. Emma birinji gezek 17 ýaşlarymda bir gyza gije ýatman hat ýazdym, onam iň gowy görýän dostuma (ol şol gyz bilen bir klasda okaýardy) “äkidip ber” diýdim. Dostum etmedi. Bahanalar tapdy. Menem haty ýyrtdym. O gyzyňam adyny tutmadym. Ýöne dost diýlýäniň edil meniň pikir edişim ýaly däl ekendigini duýdum. Soň institut dostlugy okuwy gutarýançak diýen ýaly dowam etdi. Hatda belki, ondanam ir kesilendir. Soň gazetde işe başlanymdan soň deň-duş ýazyjy şahyrlar bilen dostluk başlandy. Olaryň arasynda az salymlyk bolsa-da gaty ýakyn bolany Ahmet Bekmyrat boldy. Taryhçydy, tankytçydy. Şol bir gezek: “Ikimizem biri-birimizden aýyrarlar” diýdi. Men muňa gaty geň galdym. Kim? Nädip? Emma, hakykatdanam şeýle boldy. Ol redaksiýadan (“Edebiýat we sungat”) çykyp akademiýa gitdi, menem TW-ä işe girdim. Şeýtdi-de aramyz daşlaşyberdi. Soňky ýazyjy-şahyr dostlarymyz hakynda ýazmak maňa kyn düşýär. Olar bilen hepde-de bir gezek, belki, ondanam ýygjam biri-birimiziň öýlerinde oturyşardyk. Ýazan zatlarymyzy okaşardyk, edebiýatyň gürrüňini ederdik. Tokar bilen iýenimiz aýry gitmeýän dost bolduk.  Şol ýyllar mende “dostluk” diýlen zada garaýşymy hasam sowatdy. Diňe Bapba bardy. Men oňa islendik wagt ynanyp bilýärdim. Oňa şol haty berip bolýan bolsady äkidip bererdi.Galanyndan şol ilkinji gowy gören gyzymyň klasdaşynyň, özümiň iň ýakyn hasaplan dostumyň ysy gelip durdy. Soň dostum ýeke Ylýas bolup galdy. Biri maňa: “Size dost gerek däl, ikiňiz dost ýerinem, dogan ýerinem doldurýaňyz” diýdi. BU hakykatdanam şeýle boldy.
Indi düýşüme giren dostum hakda azajyk aýdaýyn. Ol ýakynda (bir ýyl bolup barýar) ýogaldy. Ýürek agyrysy bardy. Tarpa-taýyn gitdi. Ölmeziniň öň ýanynda-da (ilki agşam) telefonda gürleşdik. Ýary gije-de tutupdyr. Dogtorlar ýetişmändir. Ol bizden bir klas aşakda okaýardy. Öýleri şäherde bize golaýdy. Bizem iň uly doganymyzyň öýünde ýaşap, 29-njy mekdebe gatnaýardyk. Çagalykdan dostduk. Gulluga gidende hat alyşardym. Gullukdan soňam tikinçi bolup işledi. Okuw bilen, kitap bilen işi bolmazdy. Student ýyllarym onuň bilen seýrek görşüp başladyk. Sebäbi dünýelerimiz başgady. Soň birden dostlarym ýeke Bapba dirändä şol tikinçi dostum ýanyma köp gelip başlady. Indi ol taksi sürýärdi. Pullujady. Ol hiç wagtam pulsuz bolmandy. Emma, bir zada haýran galýaryn onda dostluk düşünjesi şol oglanlygyndaky ýalydy. Dosta wepalylyk, birek-biregi gowy görmek – şu duýgulary entegem bardy. Bilmedim, hemme dostlaryna beýle däl bolmagam mümkin. Ýöne ikimiz gowy gatnaşardyk. Dogrusy, ýeke özi ýaşansoň, köplenç ol meň ýanyma gelerdi. Köp oturardy. Ölmeziniň öň ýanlary sakgal goýbertdi, şeýle bir dine ýapyşdy. Tebäregi ýatdan bilýärdi. Tebigy ýiti zehini bolmansoň bu zatlar oňa kyndy. Hasam dili öwrülenokdy. Şonda-da ýapyşyp ýatyrdy. Biziň dünýämiz başga-başga bolsa-da onuň mertligini gowy görýärdim. “Ýetiş” diýsem, nirede bolsa-da ýetişjegine ynanýardym. Hatda maňa ýumuş buýraňok diýip öýkelejegem bolardy.
Hawa, dostum gaty az boldy. Belki, köp bolany islänimdendir. Has dogrusy, özümiň dar gursaklygymdan, gaharjaňlygymdan, derrew birini beýlekisi bilen deňeşdirip, göwniýetmezçilik edýänimdendir.  Emma, ýyllar meniň gapymy gitdigiçe berk ýapdylar. Indi ony açmak aňsat däl. Ýogsa, akylym näçe aç diýýär, ýüregim göwnänok. Sebäbi dostlar ýüregiňe ýara salýarlar. Ýasamalyk edip, ýapyk gapymy açyk ýaly görkezmegem başaramok. Ýöne, Hudaýa şükür, ogullarym dostlarymyň ýerini doldurdylar. Olar bilen dostlarça oturyp gürleşip, maslahatlaşýan. Olaram maňa edil dost nazary bilen seretmeselerem, “kakadyr-da” diýip daş duranoklar. Megerem, dünýede boşluk diýlen zat ýok bolarly.

Teswirler (2 sany)

nur:
06 Mart, 2012

Dostlar, gaty islanimden mi namemi menem suwagt ikije dostum bar, dostlar uytgeyarmi, dunya uytgeyarmi ya yene men uytgeyanmi bilmedim... Yone "Dostum" diyyan iki adamym bar, dostluk uytgesik bir soygu...

Belulym:
21 Mart, 2012

Dostluk yaly arassa duygy yokdur. Joralam köp, Hudaya shükür birisindenem göwnüm galan yeri yok. Yöne hakyky joram yekeje. Oña özümdenem beter ynanyan diysem yalñysh bolmaz.

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.