01.03.12. | Gündelik | Hydyr Amangeldi

01.03.12.

Mart 01, 2012 | 0 teswir | 863 okalan


Gurbannazaryň doglan güni. Agşam tebäärek çykdyk, ýatlaşdyk. Edebiýatçy-da, umuman sungat adamsynda azajygam bolsa şöhrat höwesi bolýar. Gurbannazar ony ýenjişini goşga geçiripdir. Studentkäm Ýangibarow diýip, dünýä belli pantomimoçynyň interwýusyny okapdyp. Şonda ol “Meni kämilleşdirýän şöhraty gowy görýän” diýýär. Hawa, şöhrata höwes adamy käilleşdirýär. Ýöne şöhrata ýetensoň, şol adamyň kämilligi gutarýar, käte yzyna-da gaýdyp bilýär. Käte şöhrata höwes ony azaşdyrýar. Gurbannazarda “şol ýokdy” diýsem, “Näbilýäň?” diýseler jogap tapyp bilmerin. “Goşgularyny okaň” diýerin, emma bu ýeterlik bolmaz. Bir zady welin, anyk bilýän, 4-5 oglan bolup öýde oturardylar welin, Gurbannazaryň bardygam bildirmezdi. Diňe goşgularyny okap başlanda Gurbannazar göze ilerdi. Şu gün Gurbannazar hakynda näçe gürrüň etseň, näçe ýazsaň az ýaly, meniň welin, sesimi çykarman ony göz öňüme getirip oturasym gelýär, tä sesi gulaklaryma gelýänçä. Şonuň üçin bagyşlaň.

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.