28.01.12.
Her gün birhili gelýär. Birazajyk dümewem degjek bolupdyr, başymy ýassykdan galdyrasym gelenok. Birsydyrgynlyk basýar. “Täze gün”, “Täze ýyl” diýýäler, “düýn”, “ertir” diýýäler. Hakyna seredňde welin, Günden köne zat barmy? 25-nji sagat bolmansoň, Günem bir dogup ýaşansoň, gaýtadan dogup gelýäne “täze” diýip kabul edipdirler. Bizem täzedir öýdýäris, ondan täze zatlara garaşýarys. Soňa-baka garaşýanymyz çykmansoň, ýaşam könelip ugransoň, garaşmany goýup, birsydyrgynlyga öwrenişmäge başlaýarys. Käte “Şu gün aýyň näçesi? Hepdäň haýsy güni” diýibem soraýarys. Adam pahyryň ýüregini gysdyrasy gelenok.
Hakyna seredeňde adamyň ädimleriniňem hiç biri beýlekisinden tapawut edenok. Arasynda böken bolýaň, ylgan bolýaň, emma, ýene-de şol bir meňzeş ädimlere dolanyp gelýäň. Ýöne öýüňden başlanan ädim, bir görseň seni “Yssambyldan” çykarýar. 1-2 ýaşda başlanan gowuşgynsyzja ädimleriň seni altmyşa ýetirýär. Seret, olaryň heý, biri beýlekisine meňzeýärmi? Asla. Sen garryja adama “ata” diýýärdiň, indi saňa “ata” diýýärler. Sen muny görmeýän bolsaň, onda mesele başga. Egniňdäki köýnegiň könelişi ýaly, her bir zat – düşünjäň, garaýşyň, namazyň, imanyň... bularam könelýäne meňzeýär. Her gün eliňi-ýüzüňi ýuwuşyň ýaly, olaryňam ýüzüni ýuwmaly-da onda. Emma, gadymylyk, ebedilik hemem könelik bar. Bulary aýyl-saýyl etmeseň, bir hudaýhon adama “Sen köne pikirlem” diýip bilersiň. SSSR döwründe “könäniň zyýanly galyndylary” diýen söz düşümi bardy. Kommunistik ideologiýa sygmaýan zatlary şoňa dykýardylar. Adamlaram näme herzat etjek täzeçe ýaşajak, birsydyrgynlykdan halas boljak – hakykatdanam iman, namaz, din, gadymdan gelýän ahlagymyz... – baryny könäň zyýanly galyndysy diýip kabul etdi. Emma, hernä, hakykat bir başga, kabul etmek bir başga zat eken. Şoňa-da şükür.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.