05.03.12.
Bu gün eýýäm bäşi. Ýarawsyzlyk bilen günlerimiň nähili geçeninem duýmadym. Zwýaginsewiň “Izgnaniýesini” ikinji gezek gňrsem diýdim. Ýarsyny gördüm. Uly zat. Ara bir iş düşdi. Yzyny soň görerin diýibem görmedim. Sebäbem agyr kino. Kelläňe taýak degen ýaly edýär. Ikinji gezek režissýoryň kadrlaryna üns berip gördüm. Ullakan effektli kadrlaram ýok. Tekstem az. Emma, bir adamyň başyna düşýän wakalar juda agyr. Beýle agyr etseňem gowy däl-ow, diýsemem, dünýäňi dik-başaşak edýänini zor gördüm.
Ýçüne Gurbannazaryň doglan gününi Aşgabadyň 64-nji mekdebinde bellediler. Olar her belleýärler. Her ýylam gaty gowy bolýar. Çagalaryň içinde bir oglan hasam pikirli, goşgyny düşünip okaýan eken. Bir okuwçy bolsa-da uly zat. Ýöne beýlekileriň arasynda-da gowjalary bar. Başlangyç klas okuwçylaram goşulypdyr. Gurbannazaryň çagalar üçin ýazan goşgularyny okadylar. Iň soňunda bir gyzjagaz “Hüwdüni” aýdym edip aýdyp berdim. Sazanda, saz ýok, ýeke özi. Şeýle bir gowja aýtdy. Özem hiç kim ony taýýarlamandyram, özi “Menem şu aýdymy bilýän, aýdaýaýyn” diýip iň soňky gün programma goşulypdyr. 2-3 klasda okaýan gyzjagaz, haýran galyp diňledik. Mugallymlary duşuşygyň ahyrynda gürlände geçen ýylky okuwy gutaryp giden, häzir daşary ýurtda (Angliýada ýa-da Amerikada) okaýan okuwçylarymdan iki sanysy jaň etdiler, “Şu gün Gurbannazaryň doglan günüdir, gutlaýas” diýdiler diýip gürrüň berdi. Garaz, göwnümiz galkyndy. Gurbannazaryňam ruhy şat bolandyr.
Düýnem Büzmeýinli bir 10-njy klasda okaýan oglan Hytaýda uşudan çempion bolup gelipdir, altyn medal getiripdir. Kakasy sadaka berdi şoňa gitdik. Trenerem gelipdir. Oňa sag bol aýtdyk. Garaz, günler şeýle umytlandyryjy, gowy geçdi. Alla köp görmesin. Gowja çagalar ýetişip gelýär.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.