06.03.12.
Näme üçin adam şol ýalňyşlaryň arasynda derde galyp, ökünip, gaharlanyp, kösenip ýörkä? Ýogsa, matematikadan bir formula öwrenseň ýa-da kömürturşy gazynyň ýazylşyny bir öwrenensoň, şol meselede gaýdyp ýalňyşmaýaň. Durmuşda welin, beýle däl. Edil şol bir ýalňyşlar bolmasa-da köki, gelip çykyşy bir meňzeş ýalňyşlary edýärin. Soňam başymy tutup oturýan. Gurbannazar “Durmuşy kitap däl-de, ýalňyş bilen öwrendim” diýýär. Men welin şonam başarmok. Başga biriniň ýalňyşyndan öwrenmek dagy, beýlede dursun. Iň bärkije mysal, ýaltalyk - ýalňyşlyk dälmi? Öýe gelip telewizory açmak, onda-da diňe güýmenip wagtyňy geçirmek ýalňyşlyk dälmi? Bar, “Rubine” gyzygýanym hiç diýeli, munda biraz özümkilik bar, emma haýsydyr bie kinolardan kopiýlanyp ýasalan ors detektiwini görüp iki sagadyňy ýitirmek ýalňyşlyk dälmi? Özem günde diýen ýaly goýberilýän ýalňyşlyk. Muňa ýalňyşlyk diýseň bärden gaýdýan ýalam bolup dur. Sebäbi adam bilmez – ýalňyşar, bilip ýalňyşmaz ahyryn. Bar birki gezekbilibem ýalňyşsyn, ýöne meniňki birki gezekdenem kän. Dogrusy men diýen bolýan, göwnüňize degmejek bolup welin, köpümiz şeýle dälmi? Ruhuňy ösdürmeýän işleriň köpüsi, ruhuňy kirledýär, ýadadýar, gowşadýar. Hatda ýöne mesaýy gürrüň edip oturmagam halanmaýar. “Etseň Allaň gürrüňini et, başarmasaň lal aç” hem diýilipdir. Bu ýerde “Allaň gürrüňini etmek” diýildigi bir tarapdan “Ruhuňy ösdür” diýildigi diýibem kabul etseň bolýar. Sebäbi ruh össe gutulgysyz Alla ýakynlaşýar. Aslynda, men ýalňyşlaryň gürrüňini etmekçidim.
Näme üçin ýalňyşýarys? Onuň sebäbi nämede? Käte özüňe gaharyň gelýär, bu gaharam gaýta hasam, öňküdenem beter gaharyňy getirýär. Şeýdýäňde batgadan batga batýaň. Käbir adamlar bar, (köplenjem kelleleri gazan ýaly) saýhally, salyhatly, az geplär, içini hümleder. Aýdan sözem jaýlydyr, oturşam jaýlydyr. Oňa özüň bilmän hormat goýarsyň. Käbiri bardyr serçe guşuny ýatladar (köplenç kellesem kiçiräkdir) bir şahada karary ýetmez ondan oňa böker, edýän gürrüňinden ilden öňürti özi ýadar. Kakam pahyr “Razmer ýog-a” diýerdi, “mäşirik ýaly, müçesi kiçi, syganok” diýerdi. Biziň ýalňňyşlarymyz razmerimiziň kiçiliginden gaýdýan bolaýmasyn? Heý, bir oturyp, bolup ýörüşimizi, hereketlerimizi, agzymyzdan çykýan sözleri derňeýäsmi? Ýene-de bir sebäp – biziň akylymyz, düşünjämiz, aýdýanlarymyz bilen hereketlerimiz deň gelmeýän ýaly. Şuny deňläp bolsa, ýalňyşlarymyz gaty azalaýjak ýaly görünýär. Adamda iki zat bir ýerde jemlenýär – ten hem ruh. Teniň lezzet alýan zady ruhy kanagatlandyrmaýar, ruhuň lezzet alýan zadyndan ten kanagatlanmaýar. Netijede düşünjämiz (ruhumyz) bir tarapa çekýär, hereketimiz (tenimiz) başga tarapa çekýär. Iki arada-da ynsan özi bilmän, başagaý halda (akyl başagaýlygy) ýalňyşýar. Men aty gowy görýän, oglanlykdan ilki bilen ata aşyk boldum, soň gyza. Emma, şonda-da uýanlanan at gözüme has owadan görünýär. Başy boş, dabyrap ýören at gözüme ýakmaýar. Ýabanylaşyp giden atyň ýanyna baryp bolmaýar. Beýle aty ýa biçýäler ýa-da öldürýäler. At ynsanyň hyzmatynda wagty göze ýakymly. Ynsanam ruhuna hyzmat eden wagty göze ýakymly. “Nadan” diýýäs, “akmak” diýýäs, “haýwantak” diýýäs – şularyň hemmesi jylawlanmadyk aty ýatladýar.
Teswirler (2 sany)
At basmaryn diyen yerine müñ gezek basarmysh diyyäler, adamam sheyle. Göwün diyen zat bar, ana sholam köplenç yalñyshdyryan bolaymasa. Mysal üçin menem interneda azyrak gireyin diyyän, emma göwnüm isläni üçin yene yalñyshymy gaytalayan. Adamyñ tebigaty sheyleräkdä :)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
At basmaryn diyen yerine müñ gezek basarmysh diyyäler, adamam sheyle. Göwün diyen zat bar, ana sholam köplenç yalñyshdyryan bolaymasa. Mysal üçin menem interneda azyrak gireyin diyyän, emma göwnüm isläni üçin yene yalñyshymy gaytalayan. Adamyñ tebigaty sheyleräkdä :)