12.03.12. | Gündelik | Hydyr Amangeldi

12.03.12.

Mart 12, 2012 | 3 teswir | 1294 okalan

Alty gün geçipdir, hiç zat ýazyp bilmedim. Kompýuterimi täzeledim. Bir günde bitäýmeli iş ýaly welin, şunça güne çekdi, haýyrlysy, bähbitlisi bolsun diýäýmesek...

Şu gün  irden düşekeden turmankam, niredendir bir ýerden Berdi Kerbaba hakynda pikirler kelläme geldi. Dogrusy, men ol adamy dirikä görenim ýadymadüşenok. Belki,bir gezek, ýarym gezek görsem görendirin, mesele onda däl. Berdi aga türkem sowet edebiýatynyň aksakgaly diýen ady alan adam. Gurbannazaryňam özi hakynda ýörite şygyr ýazmasyna mynasyp bolan Berdi aga dünýeden ötenden soň, onuň öýi, howlusy muzeý edildi. Oňa direktor edilibem Ýagmyr Welliýew diýip bir ýaşuly bellendi. Ýagmyr aga bilenem men TW-de bile işlämsoň, aramyz gowudy. Men kän gezek Ýagmyr agaň ýanyna hemem şol bir wagtda Berdi aganyň howlusyna köp gezek bardym. Gaty gowy, şäher ýeri üçin giň howlusy bardy. Şetdaly, erik, alma, armyt... garaz howlusy dürli miweli agaçlardan doludy. Umuman, Berdi aga bagbançylygy gowy görer eken. Jaýam giň, sowgat berlen wazalar, halylar, dürli halklaryň milli eşikleri we ş.m. ýaşula degişli zatlar goýlan, gowja muzeýdi. Ýokarsyna Berdi agaň ady, familiýasy, adresi, telefony ýazylan ak kagyzlar hasam meni geň galdyrypdy. Berdi aga näme ýazsa şol kagyzlara ýazyp, redaksiýalara iberýän eken. Pul aladasy bolmandyr. “Aýgytly ädim” ony ölýänçä hor etmändir. Dürli dillere terjime edilip, şol ýurtlarda-da neşir edilensoň, Berdi agaň adynam eşitmedik ýurtlaryndan, döwletlerinden gonorar gelýän eken. GAZ-24 “Wolga” maşyny bolupdyr. Özi sürer eken. Özünden kän ýaş gürji aýaly bar eken. Oňuşyp, ylalaşykda ömrüni ötüripdir. Moskwa barar eken, ýarym aç türkmen studentlerini ýygnap restorana äkider eken. Lit. instituta türkmen oglanlaryny ýerleşdirer eken. Garaz, gahryman ýazyjy tüýküligi ýere gaçmandyr. “Aýgytly ädim” kinosy türkmenleriň arasynda gaty meşhur boldy. Ondaky aýdymlar, kinoň sazy, Baba Annanyň Artygy... hemmesi şeýle dilden-dile geçdi. Soň, soň näme?

Soň Berdi agaň muzeýi ýapyldy, soňam howlusy ýykyldy. Häzir ýerinde näme baryny bilemok, aralarda-ha boş ýatyrdy. “Aýgytly ädim” kinosam görkezilmedi. Kitabam gaýtadan neşir edilmedi. Birki ýyllykda “Şükür bagşy” kitabyny gaýtadan okap çykdym, kinosyny näçe gezek görenimem bilemok – gaty kändir. Emma, “Aýgytly ädimiň” ne kitabyny, ne-de kinosyny iki gezegem görmedim. Owal kitabyny okamda-da diňe türkmençe dilini, ýazmany öwrenmek üçin 76-77-nji ýyllarda okapdym. “Aýgytly ädim” romanynyň birinji wariýantynyň soň üýtgedilendigi, sowet ideologiýasyna laýyklaşdyrylandygy barada köp eşitdim. Belki, şondandyr bu eser, eser hşkmünde “Şükür bagşy” ýaly bolmady. Indem ýitip gitjege meňzeýär.

Bu bir ykkbal. Bir ömür. Mundan näme sapak alyp bolar? Sen howluly, bag-bakjaly, pully, gahryman, ýagny döwründe şöhratly bolup ýaşamak maksadyň bolsa, bu juda wagtlaýyn. Gurbannazaryňky, Nurmyrat Saryhanyňky ýaly, beýle bir islegsiz, emma, hakykaty ýazyp geçseňem düýbünden tersine. Dogrusy, tersine bolsun-bolmasyn, o hakda pikir etmän hakykaty ýazjak bolmak, ruslarda “istina” diýip bir söz bar, “prawdadan” aňyrda, (türkmençe muňa näme diýmeli bilemok “hak” diýjekmi?) ana, şony gözlemek, şony ýazmak dogry. Howlam, geroýlyk znaçogam, pullulygam – barysy boş, azaşmak bolýar. Berdi agaň ruhuny ynnjydan bolsam, ruhy bagyşlasyn. Mende beýle niýet ýokdy. Ol adama (bir gezegem görmedik bolsamam) hormatym uly.

Teswirler (3 sany)

Belulym:
21 Mart, 2012

Aygytly ädim kitabyny menä okap görmedim, näler islesemem. Her gezek kitap satylyan yere baranymda orsçasyna dushyan. Öz yazyjymyzyñ öz dilinde yazanyny okap göresim gelyä.
B.Kerbabayew hakda näme diyeyin. Shol sanan zatlaryñyz yitip giden bolsada B.Kerbabayewyñ ady Türkmen edebiyatyndan yitip gitmejegä hakdyr.

Nazar:
30 Mart, 2012

Durmuşda mydama isleýşiň ýaly bolup gidiberenokda agam. Öwrümler aýlap-dolap şeýle bir ýere getirýär welin öňe gitseň asarlar yza galsaň basarlar diýlişi ýaly kyn ýagdaý döreýär. William agaň aýdypdyr-a durmuş bir sahnadyr her kim öz roluny oýnar. Berdi Kerbaba çylşyrymly döwrüň şahsyýeti, nähili şertlerde nähili işledi aslynda taryhy gyzykly.

Keý Kowus:
04 Iýul, 2013

Men "Aýgytly ädim" barada köp zat okadym, eşitdim. Ilkinji wariantynda hemme zat bolşy ýaly ýazylan eken. Sebäbi Berdi Kerbabaýewiň özi Eziz hanyň mürzesi bolan eken. Ýöne birinji kitaby ýazyjylaryň arasynda ara alnyp maslahatlaşylan wagty, oňa aýdylan sözleri okasaň (google-dan tapyp bilersiňiz), maslahata gatnaşan ýazyjy-şahyrlaryň aglabasy Berdi agany Eziz hany ýalňyş tanaýan adam edip goýupdyrlar. Şeýlelikde ony döwrüň talabyna laýyk getirmäge mejbur edýärler. Onuň tutha-tutluk ýyllarynda "halk duşmany" hökmünde iki ýyl türmede oturandygy hem köp zady görkezýär. Şonuň üçin ýokardaky makalany şu zatlary bilmeýän adam okasa, hamala B.Kerbaba pul üçin ýazan ýaly netije çykaryp biler("Sen howluly, bag-bakjaly, pully, gahryman, ýagny döwründe şöhratly bolup ýaşamak maksadyň bolsa, bu juda wagtlaýyn." setirlerinde). "Hemme zatdan her hili netije çykaryp bolar, men Berdi aga beýle eken diýmedim" diýmegiňiz mümkin. Dogrudyram. Ýöne soňky döwür, sosial torlarda peýda bolan G.Ezizowy we döwürdeşlerini öwmek, Berdi Kerbaba, Kerim Gurbannepes ýaly ägirtleri ýerden-ýere urmak ýoň boldy. Hatda birisi Kerim şahyra "orta gürpüň şahyry" diýip, I. Nuryýew, H. Kulyýew, A. Annaberdiýew, N. Rejebow, M. Babanazarow, A. Atabaýew we ş.m. dagylaryny ondan ýokarda goýupdyr. Agzalan şahyrlaryň arasynda türkmen okyjysynyň az tanaýan, ýa-da Kerim şahyry okaýşy ýaly söýüp okamaýan şahyrlary bar. Emma sosial torlardaky "edebi taňkytçylar" külli türkmeniň ýüreginden turýan goşgular ýazan şahyry ýönekeý halka hyzmat edeni üçin "orta gürpüň şahyry" hasaplaýar, özleri ýaly "elit edebiýat muşdaklarynyň" okaýan şahyrlaryny ondan ýokarda goýýar. Eýsem edebiýat halk köpçüligine niýetlenen dälmi, okyjysyz şahyr - diňleýjisiz aýdymçy dälmidir? SSSR döwründe ýaşan ýazyjy-şahyrlaryň ideologiýa laýyk goşgy ýazmadygy ýok bolsa gerek. Diňe ideologiýa gulluk edenini tutaryk görkezip, olaryň ähli eden işlerine diňe ideologiýa nukdaýnazaryndan seredip, ýazyjy-şahyry "orta gürpe" laýyk görmek adalatly däl bolsa gerek. Ýagny, kepiň küle ýeri, B.Kerbabaýewiň öňünde iki ýol bardy, ýa-ha Eziz hanyň adamy, anti-sowet hökmünde ömrüňi türmede çüýredip, halkyňa hiç-hili eser bermän dünýeden ötmek, ýa-da käbir eserleriňde režime laýyk düzediş girizip, türkmen edebiýatyna gulluk etmek.(Magtymgulynyň ilkinji neşirleriniň birisi B.Kerbabaýewiň hyzmatydyr) Bagyşlaň, tema siziň ýazanyňyzdan daşlaşyp gitdi, ýöne Siziň ýaly edebiýatyň içinde bolan adam bilen derdinişäýeýin diýdim.

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.