14.03.12.
Biz dünýä inenimizde atam: “Alla meni ýalkajakdyr, ömrümiň soňunda ekiz agtyk berdi” diýipdir.
Bu sözüň manysyna indi-indi düşünjek bolýan. Owal “Garry adamdyr, ölüminiň ýakyn geleni belli, her zady gowluga ýorýandyr” diýip pikir ederdim. Bu aýdylan sözüň birinji, göze dürtülip duran manysy. Häzir özüm altmyşa ýetdim welin, atamyň has çuň bir zady aýdanyny duýýan.
Adam nesli dowam edýär – ogul, agtyk, çowluk. Bizde “Alla jan, çagalarymyň ýamanlygyny görkezme!” diýip dileg etmek ädehedi bar. Bir işi özüň bitirersiň, başarjaňlygyňa begenersiň. Başga bir işi, hasam öz başaryp bilmedik işiňi ogluň, perzendiň bitirer – muňa-da begenersiň. Ikisem deň duýgymy? Şunuň deň däldigini aýdyp biljek. Çagaň şol kyn işi bitirende, hamala, özüň bitiren ýaly begenýäň. Bu begenç has ganatlandyryjy, ruhuňy göteriji bolýar eken. Ýa-da Alla görkezmesin, başaraňok, çagalaryň- a hasam dereksiz – beýle ýagdaýda başyňdan geçirjek duýgyň hasam agyr bolar. Sebäbi sende “Men başarmasamam, belki, oglum, gyzym başarar” diýen umyt bar. Şol umydam puç bolsa, munuň agramyny göz öňüne getiriň.
Atamdan soň ilkinji dowamly bäş wagtyna namaza başlan biz ekizler bolduk. Ýogsa, edebiýat, goşgy, kino diýip ýörenem biz. Men munuň atamyň dogasynyň netijesi diýip hasaplaýan. Alla atamyzyň hormatyna biziň ýüregimize namazy guýýar, ýüzümizi Özüne tarap öwürýär. Ol islemesedi biz nädip islärdik? Ogul bolup ataň ruhuny şat etmegiň nähili uly zat ekendigine altmyşda akyl ýetijek bolýan. Gaty giç diýmäň, ony özümem bilýän.
15.03.12.
Gündelileri yzygiderli ýazyp bilmeýänime gynanýan. Belki, daşyndan “Aý, bolýa-laý” diýýän ýalam görünse görünýändir. Düýn telefonumy galdyrypdyryn, internete girip bilmedim – şular ýaly ownuk bahanalar tapylyp dur. Käte-de hakykatdanam hiç zat ýazasyň gelenok. Aňryň boş, pikirleriň garym-gatym. Şu günler kellämiň köp bölegi kinoda. “Nädip, masgara bolman şu işi bitirip bolarka?” diýip alada edýän. Munuň esasy sebäbem bu işiň meniň üçin garaňkydygy, beýleki oglanlara-da kän bir ynamym ýok “Aý, bolar-laý” diýäýjekler ýaly. Ýogsa beýle pikir eder ýaly hiç hili esasam ýok. Emma, öňki alynan kinolar ýadyma düşýär-de howsala düşüberýän.
Şu gün gowy bolup ýaşamagyň adam üçin has aňsatdygy barada pikir etdim. Birine ýamanlyk etmegem, ýalan-ýaşyryk sözlemegem, pyryllaklar gurmagam arkaýyn, sada, dogry-dürs ýaşandan kyn ahyryn. Emma, şonda-da kynçylyklary, päsgelçilikleri saýlaýarys. Sähel zady erbede ýorup çişirýäris. Ýaltanýarys, bahana gözleýäris, başga birini şol işe itekleýäris.Işiň iň aňsadyny saýlaýmaly ahyryn. Seni alada goýýan bolsa, diýmek bir ýalňyş, ters düşünjelerim bardyr. Kino almak meselesinde-de şeýle. Başga biriniň ýaltalygyna, höwessizligine duş gelerin, ýöne munam öz höwesliligiň, yhlasyň bilen düzedip bolar. Her kimiň akylam seňkiçe bardyr, ýöne pikirlenişi başga, ýalňyş bolup biler. Muny düzetjek bolmaly, şonda-da bolmasa nesip işi. Esasy zat Saşa Jallyda gowy iş etmek islegi özümkiden pes däl, diňe düşünişmek, onuň pikirinem sylamak gerek. Ara şeýtany salmajak bolmaly. Haýyrly işiň arasyna düşmek üçin şeýtanyň aklyňa gelmejek oýunlary salmagy mümkin, Alla gorasyn.
Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Ishleriñiz ileri bolsun!
Yene bir yazgyda kino hakda agzap geçipsiñiz welin, siz senariya yazyañyzmy?