18.03.12. | Gündelik | Hydyr Amangeldi

18.03.12.

Mart 18, 2012 | 1 teswir | 871 okalan


Ýaňy-ýaňam nowruz gelse diýip howlugýardym. Nowruza çenli hemme zat belli bolmalydy. Howa-da açylmalydy. Hemme zat diýýänim kino bilen baglanşykly. Hawa, kino meselesi çözüldi. Emma, onuň meselesi indi başlaýan eken. Ýene 3-4 aý geçse, kinoň nähili bolup çykjagam belli bolsa diýip howlugyp bilerin. Ýöne hiç zat üýtgänok. Gol çekilse-de, kinoň netijesi belli bolsa-da ullakan üýtgän zat bolmaz. Bu dünýe garaşmalar dünýesi. Ol gelýär, beýlekä garaşýaň. Gelenleriň hiç birem garaşanyňy getirenok ýaly görünýär. Elbetde, boşam gelýän däldir, ýöne men has köp zada garaşýan bolaýmasam. Ýeser ýeri garaşýanlarym garaşmaýanlarymam yzlaryna tirkäp alyp gelýärler. Ahyret, kyýamat güni – seö bardygyňa şükür edýärin. Diňe şonda dünýäň aldawçy oýunjaklarynyň soňy geler. Bir tarapdanam şol oýunjaklaryň bardygam gowy zat bolmagy mümkin. Çagany oýunjaksyz göz öňüne getirip bolmaýşy ýaly, adamam hyýalsyz göz öňüne getirmek kyn. Aldanýanyma gynanmaýyn, aldanýandygma düşünýändigime-de begeneýin. Näme üçindir bu dünýede hemme zat tersine bolup çykýan ýaly. Begenýän zadyň hakynda çuňrak pikir etseň gynanmaly bolup çykýar, gynanýan zadyň barada-da oýlansaň begenere zat tapylýar. Belki, elmydam beýle däldir, ýöne köplenç şeýle bolýar. Diýmek, garaşmaly zada däl, hiç zady üýtgetmejek bir zada garaşyp, ondan ullakan bir zatlar tama edip ýörmek özüňi aldamak bolýar. Seni aldamajagyna gözüň ýetip duran zatlara baglan, oglanlyk etme, eý, altmyşa ýeten gardaş!

Teswirler (1 sany)

Belulym:
21 Mart, 2012

Garashmak b/n biz wagtymyzy geçiryäs. Adam hemishe gözlegde bolup, durmushdan bir zatlara garashyp gezishi bu ömrümizi dowamlandyrya dälmi gaytam? Wagt her zady öz yerinde goyya. Garashyshymyzça netije bolmayan bolsa diymek biz üçin bu hayyrlysydyr.

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.