19.03.12.
Bize ýazýanlaň arasynda özlerini uly tutýanlar hasaplaýarlar. Ulumsy däl, gopbam däl, emma özlerini uly tutýän, ýagny beýlekileri kiçi görýän diýýärler. Şol bir wagtda biziň erbet ýazmaýandygymyzam kabul edýärler, dine ýykgyn edýärler diýip, yza galak hasaplaýanlaram bar.
Şu gürrüňleriň hemmesi ýalňyş, biz beýle däl diýip bilemok. Hakykatdanam, beýlekileri gowşak hasaplamak (gowy zatlaryna gowy diýsegem, muňa begensegem, bahylçylyk etmesegem) bizde, has dogrusy, mende bar. Munuň esasy sebäbinem, özümiziň selhozy gutaryp edebiýatçylaryň arasyna goşulanymyzdan, soňam biraz “batyrgaý ýazýalar” diýip döşümizden itilmeginden görýän. Iň esasy, baş sebäbem hakkatdanam deň-duş ýazyjylarymyzyň gowşak ýazýandyklarynda bolsa gerek. Gurbannazaram deň-duşlarynyň özünden gowşakdyklaryny bilendir. Ýöne ol kiçijikliginden edebiýatçy, ýazyjylar bilen tanyşmaga teşne. Ýoldaşlaram Annaberdi, Kerim aga, Mämmet Seýit... Emma ol has “gowşaklar” bilenem tirkeşip gezerdi. Olaryň käbirini yzyna tirkäp öýmüzede getirerdi. Emma, men özümiň “gowşaklar” bilen tirkeşip, oturyp-turuşyp ýörüşimi göz öňüme getirip bilemok. Ýok, men olar bilen urşup-sögüşemok, ýöne olar ýüregimi gysdyrýar. Bahymrajyk olar bilen hoşlaşanymy kem göremok. Owalam şeýledim, häzir-ä hasam beter. Bu ulumsylykmyka? Özüňi uly tutmakmyka? Ýok, diýesim, men hakyky bolmalysy ýaly bolýan, her kimi öz bahasyna görä bahalandyrýan, gadyr goýýan diýesim gelýär. Özümiň şu häsiýetimi aklara entegem söz, bahana kän. Ýöne hakyktada welin, men hakykatdanam özümi uly tutýan. Sebäbi men adamlary bir tarapdan ölçeýän. Ýazyp bilýärmi? Dostoýewskini okapdyrmy? We şuňa meňzeş ölçegler. Ynsan diňe şular bilen ölçelmeýär ahyryn. Geçirimli bolmaly diýen bolup, geçirimlilik satýan. Aslynda, nämäň geçirimlisi. Ol näme günä iş edipdir-de sen geçirimlilik etmeli? Sen näme sudmy, kazymy? Ol bendäň ýaradylyşy şeýle, göreni, öwreneni, öwredileni şol. Çagasy, öýi, gazanjy, pikirdeşleri bilenem oturyp elli gram içmek. Munuň üçin geçirimlilik etse Alla tagala etsin, sen kim? Iň esasy zat ol seniň ýazyp bilýäniňi kabul edýär, seniň özünden güýçlüdigiňi boýun alýar. Senem pakgarýaň. Isa pygamberiň (a.s.) “Haýsyňyz günäsiz bolsaňyz, daşy ilki şol zyňsyn” diýende, ýekeja adamam daş oklap bilmeýşini hemmämiz eşidendiris. Pygamberleriň durmuşyny, hereketlerini, aýdanlaryny şol bada kabul edýäris, emma, özümize degişlidir öýtmeýäris. Hakykatda mende nämä esaslanýan hak-hukuk bar başga birine baha berer ýaly, “gowşak” diýer ýaly. Gurbannazar “Bilýän içlerinde erbetleň baryn/ýöne men olaram gowularyň arasyna goşup söýýärin” diýýär. “Söýýärin” diýýär, “geçirimlilik edýän” diýenok... Mundan artygy artyk.
Teswirler (6 sany)
Salamlar. Shu günden bashlap ya nesip yazgylaryñyzy okap bashlamakçy. Ilki bilen saytyñyzy gutlayan, begenyän yazyjylarymyzyñ täze tehnalogiyadan peydalanyandygyna!
Yazgyñyz hakynda menem bir zatjyk aytmak isleyän :) Gowshak hasaplayan adamlaryñyzy özüñiz b/n deñ derejede goymayanyñyza gynanypsyñyz we Ezizowyñ häsiyedine buysanypsyñyz. Bu tebigy zat ahry, hapa bolmañ. Her adamyñ bir basharnygy bardyr. Yöne Alla hemmäze bolan gatnashygy birdir, yagny sen shahyr ya hudojnik diyip ayyryp durmaz. Ol adam yazyjy bolman dayhan bolany b/n ony kiçeltmek bolmaz. Siz onuñ, olam siziñ durmushyñyzda yashamany üçin ikiñizem habarsyz. Heriñiziñ öz dünyäñiz bar.
Ezizow näme üçin gowshak adamlar b/n tirkeshenini welin men sheyle düshündiresim gelyä. Ol ähli adamzadyñ gowy bolmagny, edebiyata düshünmegini, özündäki duygy b/n olaryñ hem tanyshmagny isländir. Islegi has güyçli bolany üçin ol adamlara wagtyny gysganan däldir. Pikir edip görüñ siz tükeniksiz zemzem suwunyñ üstünden bardyñyz. Ol ähli adama yetyä. Siz ony begenip hemmelere bushlap, adamlaryñ shol suwdan ganmagyny islärsiñizmi yada hemmelerden gysganym diñe özüñiz ya gowy göryän adamlaryñyz b/n paylashmak islärdiñiz?
Eger siziñem içki meniñiz rahatsyz bolsa, synanshyp görüñ adamlar b/n bilyän zadyñyzy paylashmaga!
Alişir Nowaýynyň şuňa meňzeş şeýleräk manyda bir sözi bardy: "Ýanynda bolmak isleýänlerim meni islemez. Ýanymda bolmak isleýänleri göwnüm islemez." Bu aslynda jemgyýetden, sosial paradigmalardan sypyp çykan erkin pikirli, millet derdi bilen dertlenýän, her bir uly ruhly adamyňam ýazgydy ýaly. Arifler, alymlar, ýazuwçylar, welileriň hem durmuşynda seretseňiz mydama "dost, dost" diýp özlerine hakyky dertdeş dost gözländiklerine şaýat bolýas. Ýalňyzlyk duýgysyndan. Hakykatdanam ýalňyz her bir adam, ýöne muny hemme kimem duýyp bilenok. Beýle adamlara ulumsy diýýänlerem az däl. Ýöne çyndanam beýik ruhly adamlarda "ego" adatdakyndan has güýçli bolýar. Ol egosyna eýe çykmak üçinem has köp, has kyn synaglardan geçmeli bolýar. Nebsini terbiýelemek üçin has köp dyrjaşmaly bolýar. Netijede ile peýdaly bir şahsyýet bolup çykýar öýdýän.
Aýdan zatlaryňyza cynym bilen begendim. Taňryýalkasyn. Pikirleriňiz bilen geljekde-de paýlaşarsyňyz diýip umyt edýän. Gatnaşyp duralyň.
Päkligiň ugrunda çakdanaşa tiz we köp ylgamagyň netijesinde beýlekiler juda yzda galmagy mümkin. Onsoň olary halas etmeli, bagyşlamaly diýen ýaly düşünjeler döreýär, sebäbi özüňi olardan päk hasaplap bilýärsiň. "Yzda galanlaram" aý bize garaşman ýeke özi päk bolup gitdi, indi ulumsy boldy diýmekleri mümkin. Mesele örän çylşyrymly, päklige tarapmy, adamlara tarapmy, ýa-da päk adamlara tarap gitmelimi her kim özüçe saýlamaly bolýar.
Birini halas etmek düşünjesi özüňi has päk hasaplamagyň netijesinde döremegi dogrumyka? Adam päklendigiçe özüniň günälerini has ýiti duýýar dälmi? Onsoň halas etjek bolmak düşünjesiniň sende oýanmagy biraz düşündirmesi kyn ýagdaý, ýöne kömek etjek bolmak, eliňden gelenjäni gaýgyrmazlyk, başga biriniň derdine biparh bolmazlyk bu has düşnükli ýaly bolup dur.
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.