23.03.12. | Gündelik | Hydyr Amangeldi

23.03.12.

Mart 23, 2012 | 1 teswir | 975 okalan

Ot örgüni diýilýän wagtam geldi. Hemme zat üýtgeýär. Meň welin üýtgäsim gelenok. Ösesim gelýär, çuňlaşasym gelýär, berk ýapyşasym gelýär, düşünesim gelýär, emma, üýtgäsim gelenok. Üýtgemek diýilýän zada her kim birhili düşünip biler, men üýtgemegi doly üýtgemek, täzeden başlamak diýen ýaly düşünýän. Gyş ýaza geçýär. Howa üýtgeýär, agaçlar gülleýär, hemme zat täzeden başlaýar diýen ýaly. Belki, ýalňyşýandyryn, agaç gurap täzeden güllänok, belki, ol çuňlaşýandyr. Ýöne käbir döwürler täzeden başlamagy gowy görýärdim. Bir edarada 5-6 aý işlesem gaty köp işledigim hasaplaýardym. Özümde-de çuňlaşmak, sistemalaýyn ösüş ýokdy. Bir zady süsýärdim, sowulýardym, ýolumy üýtgedýärdim, dowam etdirýärdim. Aslynda, bu mümkinmikä? Sistemaly, öňünden maksatly, barjak ýeriňe tarap hiç bir zady süsmän ýöremek mümkinmikä? Megerem, mümkindir. Özüm-ä başarmajagymy bilýän, ýöne başrjak, başarýan adamlaram kän bolmasa-da bar bolsa gerek. Menem sistemaly ýaşajak boldum, gündeligem ýazyp gördüm, belli-belli adamlaň kitaplarynam okadym, psihologiýa, özüňi kämilleşdirmäge degişli kitaplaram köp okadym. Emma, sistemaly, göni, dürs ýaşap bilmedim. Bu-da megerem, bizde halypaçylyk, birine gol bermek diýlen zadyň ýoklugyndan bolsa gerek. Dutary halypa gatnap öwrenen bilen öz-özi öwreneniň arasynda ýer bilen gök ýaly tapawut bar. Dogrusy, gol berere pirem ýok. Baram bolsa, sen ýeterden uzakda. Emma, pikir edip otursaň, kitaplaram özboluşly pir. Eger sen olary saýlap okasaň, okanyňam berk berjaý etseň. Seniň aklyňdaky ähli soraglara kitapdan jogap tapyp bolýar. Hawa, kitap okamagam bir sungat, munam başarmak gerek. Belki, şu wagta çenli okan kitaplarymy düýä ýükleseň bir uly bolmasa-da, kiçiräk kerwen dörese gerek. Öwrenen zadym welin, edil towuga ýükläýmeli bolmas-da, sähel köpräkdir. Ýyl diýlen bolsa geçip barýar. 15 ýaşanym ýaňydy, 25 ýaşanym-a hasam bärde, bir görseňem... Şeýle soňy köp nokat bolaýýan eken. Adam pahyr muny duýmanam galýar. Nätjek, her kim derýadan susagyna görä susup alýar. Özüme şu ýetenje paýa-da şükür edýän. Susanjamy dargatmasamam razy.

Bu gün kinoçylar bilen görüşmeli. Inşalla hemmesi gowy bolar. “Mülk eýesi mülkünde islänini eder.”

Teswirler (1 sany)

nur:
10 Aprel, 2012

Men uytgasim gelyar, yada kabir zatlary uytgedesim gelyar...
Belki bu kabir yalnyslyklaryma okunyanimdendir...

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.