25.03.12.
Mart 25, 2012 | 1 teswir | 1089 okalan
Cöle çykdyk. Dünýä ýap-ýaşyl. Täsin howa. Gadymy ýadygärlikler. Öten welilerimiziň guburlary. Bize nätanyş, emma şeýle ýürekdeş adamlary gördüm. Şeýle bir tämizlenmegi, ruhumyň ýokary göterilişini duýdum, dil bilen düşündirer ýaly däl. Belki, iň soňkuja düşünip ugran bir düşünje barada ýazsam, azajygam bolsa nämeleri başymdan geçirendigimi aňarsyňyz.
Owalam köp eşiderdim: özüňi ýok saýmaly, hiç zatdygyňa akyl ýetirmeli diýip. Bu düşünje sopularyň, Jelaleddin Rumy dagynyň gelen netijeleri. Bu düşünje meniň üçin elýetmez, hiç haçan başaratmaz diýip hasaplaýan düşünjämdi. Biz ýaz-poz bilen meşgullanýan adamlar hasam şöhrata, tanymallga, meşhurlyga höwesek bolýan adamlar. Hawa, “Men şöhratparaz däl” diýýän. Hatda gazýetde öz adymy goýmanam bir zatlar ýazypdym. Şonda-da, “Bäh, şoň ýaly şöhratparazlykdan arassalanan adam, gör arkaýyn, adyny goýman bir giden zatlary ýazyp ýör” diýilenini isleýärdim, bolmanda eger biriň şeýle diýýänini daşgulakdan eşdäsemem begenjekdim. Yananyň şuňa şöhrat gazanmak höwesiniňem gaty köp, gaty düşünmesi, duýmasy kyn görnüşleri bar. “Men ýok” diýeýmek aňsat-aňsat iş däl. Neşäni goýandanam köp esse agyrmyka diýýän. Meniň üçin-ä şeýle. Ýok, men şöhrata kowalaşyp, göze-başa düşüp ýören däl, ýöne gelse, ýylgyryp, gujak açyp garşylaýan. Onuň deňinden “Men ýok, Sen bar” diýip geçip bilemok ýa-da döşünden itere güýjüm ýok. Ýogsa, men kim? Ýatsa turjagyny, tursa ýatjagyny bilmeýän körüňem köri. Ol barka, men nädip bolaýyn? Bu heý, akyla sygjak zatmy? Ol maňa näme üçin Özüni görkezýär, meň ýokdugymy maňa düşündirýär. Bu duýgularym barada uzak gürrüň edesim gelýär. Ýöne uzaltdygymça-da “düşnüksiz” zatlary, samrama ýaly zatlary ýazjagymy bilýän. Bu duýgyny düşündirip bolmaýar ýa-da düşündirmäni başaramok. Diňe akmak gul patşanyň şöhraty ýaly şöhraty islär. Guluň özüne laýygy bar, patyşanyň patyşa. Hakyky gul, özüniň guldugyna düşünen gul diňe Eýesini razy etjek bolar, edip bilse, edendirin öýtse, şoňa begener, artygy onuň üçin artyk. Diňe akmak pişik dzşyndan meňzeýän, men gaplaň bolaýmaýyn diýip keýik awlajak bolar. Pişigiň awy syçandyr, onam sabyr edip, hininiň agzynda garaşmany başarsa. Hinie girse o pişege syçanam tutdurmaz. Bu özüňi kiçeltmek däl. Hakykatdanam bu gürrüňi uzaga çekdirmäýin. Düşünjege düşünerçe bolandyr.Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Mende de so kesel bar, cyndanam dusundurer yaly dal...
Ozuni osdurmek ucin munca kosenip, yene ozuni "HICZAT" saymak ansat is dal...
Kawagt ozuni ynandyrmak ucin edyan kabir gowy zatlaryny(kime gora, name gora) gizleyan, yone yenede icindaki seytan sony bildirayesi gelip dur, hatda gizlap edyanini bildiresi gelyar...