28.03.12 | Gündelik | Hydyr Amangeldi

28.03.12

Mart 28, 2012 | 2 teswir | 964 okalan

Düýnki, öňunki stresslerden soň, özümi gowy duýýan. Stresler hakda ýazmaýanym üçin bagyşlaň. Eger, çeper edebiýat bolan bolsa, mysallar, yşaratlar, kakdyrmalar bilen ýazardym, emma, gündelikde olary açyk aýdasym gelenok. Näme üçin? Watan üçin. Ýadyňyza düşýändir Tolstoýyň gündeliklerini hiçç kime okatmajak bolup derde galyşy. Şol derde galasym gelenok. Mollaň gündeliginde-de bardyr “Olary ahyr bir gün ýyrtaryn” diýýändir. Edil şonuň ýaly. Käbir günler bolýar ynsanyň aýyp ýerlerindenem aýyply, onsoň olary açyp görkezene bihaýa diýiler.

Köp kişi üçin “Näme boldy? Kim günäkär?” diýen soraglar has gyzyklydyr. Ýöne men bu ýagdaýdan öz çykaran, çykarmaga çalyşan netijämi  ýazaýyn. Şol gün özüňi hiç kim hasaplamagyň keýpindedim. Özüňi hiç kim duýmak sende şeýle bir sazlaşyk döredýär eken. Hatda daşlar, ot-çöplerem seniň özüň ýaly, olardan aýry bir tapawutlylyk duýaňok. Şeýtan ýedi metrem golaýyňa gelip bilenok. Birdenem, duýman durkam şeýtan meni şeýle bir urdy welin, tas nokaut bolupdym. Kelläme saňsar daşy degen ýalu boldy. Iki gün kellämi tutup, gijämi ýatyp bilmän geçirdim. Hatda kofede peýda etmedi. Emma, nokaut bolmanym üçin, ýene özüme geldim. Anyk bir çykalga ýoluny görmesemem, ýene ýokluga gitmekden başga alaç bilemok. Şeýtan näme? Päsgelçilik. Päsgelçilik näme? Ösmegiň üçin ýa-da çuňlaşmagyň üçin basgançak, eger ýykylmasaň. Hudaýa şükür, ýykylmadym. Indi mundan peýdalanmak özüme bagly. Bolmanda seresap bolaryn, indikile şeýtana şol tarapdan urdurmajak bolaryn. Nähili boldy, şeýtanyň bardygyny unutdym. Indi unutmajak bolaryn.

P.S. “Gören kim, görünen kimi” PDF şekilinde dolulygyna goýup bereli diýdiler. Ýogsa ýeke sahypadan goýjak bolsaň kyn. Okaýan üçinem aňsat däldir. Inşalla, bahym goýarlar.

Teswirler (2 sany)

Dowlet:
01 Aprel, 2012

Şeýtanyň iň uly oýny özüniň barlygyny duýdyrmazlyk, bildirmejek bolýar ekeni.

"Gören kim, görünen kim" ertir.com'dan tapdym, bir bölegini birleşdirip PDF'e öwürip okap ýördüm. PDF şeklinde kitaplaşdyrsaňyz çyndanam gowy boljak.

hydyr amangeldi:
03 Aprel, 2012

Hawa, ýöne ýamanlygy bildirmän etmek kyn, ol ahyry bilinýär. Ýöne ony edeniň şeýtandygyny bilmezlik, ýa-da ýamanlyk edileniňi, azaşdyrylanyňy bilmezlik - has howply

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.