03.04.12. | Gündelik | Hydyr Amangeldi

03.04.12.

Aprel 03, 2012 | 3 teswir | 1045 okalan

Hakykatdanam “Gün ýörär aýlar görüner...” 

Gündeligi ýazmadygymça ýazmaga ýaltanýan. Şu günler hem işim köpeldi , hem daşyndan täsirler. Her bir hadysa diýen ýaly. Üstesine, muny ýazjagam bolsaň has kyn görünýär. Belki, ömraümde näçe gezek ”şeýtan” diýendirin, emma şu günler ony has ýakyndan duýmaga başladym. Gönüden-göni uruşýan diýsemem ulaldygym bolmajak ýaly. Otursam-tursam, agzymy açyp ýeke söz diýsemem şeýtan bularyň arasynda. Durmuşyň özem şeýtanyň tarapdary ýaly. Emma, Hudaýa şükür barmajak ýerlerime aýaklarym meni eltenok, görmejek adamlarymy, zatlarymy gözüm görmejek bolýar. Alla meni goraýar. Ýeke özüm galsam, şeýtan maňa eýgertjek däl. Gaharjaňlygym, özümden hoşallygym, ile kembaha seredesimiň gelip durmagy... ýene-de birgiden kemçiliklerim şeýtan üçin uly pursat bolýar. Hezreti Ebu Bekiriň diliniň aşagynda daş goýup gezmegi diliniň endigini saklamak üçindir öýdýärdim, şeýtandan goranmak üçin eken.

Ýok, ullakan bolan zat ýok. Gaýta, ýagdaýlarym, pikirlerim gowlanan ýaly, emma, bu-da maňa Allanyň şeýtany ýatlatmagy, ondan goranmalydygymy duýdurany üçin şeýle. Şonda-da maňa goranmak kyn düşýär, ýene Alla sygynýaryn. Dälilere, huşuny ýitirenlere gözüm gidýär.

Öňümizdäki şenbe güni ýene çöle çykmaga hyýallanýarys. Çomuç iýmäge, düýe süýdüni, geçi süýdüni içmäge çopan goşuna gitmekçi. Bu meni hasam gurplandyrar, pikirlerimi durlar diýip umyt edýän. Dogrusy, Alla meni durlansyn diýip çöle çykarýar.

Gündeligi az ýazýanym üçin, ötünç soraýaryn. Indem bir hepde gowrak çölde bolsam ýene ýazyp bilmerin. Ýogsa, ýazsam ilki bilen özüm üçin peýdaly. Işlerem birden köpelen ýaly bolaýdy.

Teswirler (3 sany)

Alp Arslan Türkmen:
04 Aprel, 2012

Эссаловмалейким! Шейтан билен гидишмек белли бир мертебе дийсегем болар. Бир достума окув довурлеримиз "Эртир намазына сени ким ояряр?" дийип сорапдым. Ол мана дегишме билен жогап берди. Йовуз Солтан Селим дийди. Бир ыслам уламасыны эртир намазына Осман Туркмен Довлетинин солтанларындан Йовуз Солтан Селимин (Хадимул Харемейнел Шерефейн) ояряндыгыны эшидипдим. Шона какдыряныны дуянымдан мен хем геп астында галмажак болуп гайтаргысыны берипдим. Оюнлыга салып (мен ол мертебелерден ферсах ферсах узакда болсам) - Онда сен песирак болян, мени шейтан ояряр дийипдим.
Бир гун Хезрети Алыны бири намаза ояряр. Ол оянан бадына озуни ояран натанышы гапыдан чыкманка якасындан тутяр ве кимдигини сораяр.
- Мен шейтан.
- Мени наме учин намаза оярдын?
- Ай йоне намазыны сыпдырайма дийип оярайдым.
Намазын гечирилмегине ин коп бегенжегин шейтандыгына анрыяны билен душунйан Хезрети Алы оны гыссамага башлаяр ве шейтан боюн аляр.
- Арада бир гун иш эдинип йузлерче мумин билен бирликде Сенин хем уклап галмагыны газаныпдым. Йоне сен намазын геченини билип шейле бир "ах" чекдин велин, Женабы Аллах шол гун намазы гечен ахли бенделерин намазыны кабул этди. Ене азабым койаймесин дийип Сени озум оярдым.
Шейтан хем харбылар ялы чин чин боляр экен. Мертебане гора шейтанлар пайланяр.
Шейтан жынлар тайпасындан дийип эшидипдим. Бу барада билйан болса маглуматларыны пайлашмагыны хайыш эдйарин.

Nazar:
04 Aprel, 2012

Çöl hakda gürrüň berersiňizdä onda gelip. Biz-ä çomujyň suratyny görsegem biljek däl, ol-a iýmek ekeni. Geçi süýdüniňem içilýänni Göroglyny okap bildik. Hydyr gören çöli görmäge giden Hydyryň gürrüňlerine garaşýas.

hydyr amangeldi:
15 Aprel, 2012

Men sizi gynandyrjakdygyma gynanýaryn, elimden gelýän zat ýok. Ne şeýtan hakynda ullakan bilýän zadym bar, ne-de Hydyr gören çöl hakynda garaşan gürrüňiňizi edip bilerin öýdemok. Emma teswirleriňiz üçin çynym bilen minnetdar.

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.