29.01.12 | Gündelik | Hydyr Amangeldi

29.01.12

Ýanwar 29, 2012 | 0 teswir | 919 okalan


Bu gün özümi ýeňil duýýän. Ýeňillik  ýüküňi düşüreňde has gowy duýulýar. Bir döwürler wagondan ýük düşürüpdim. Egnim ýüküň agramyna gyzaryp ýagyr bolupdy. Bu gün şol günleriň başymdan geçenine begenýän. Ýogsa, ýük näme, ýüki düşürmek näme bilmezdim. “Akmak öz ýalňyşyndan öwrener, akylly iliň ýalňyşyndan” diýen gep bar. Ýöne başga biriniň ýalňyşyny özüňki ýaly duýmagam edil onuň agyrysyny, derdini özüňki ýaly duýmaga meňzeş bir zat. Bu-da juda kyn. Bu duýgy ähli kişide-de bardyr welin, kä birinde ösen, ýiti, käbirinde kütegräk bolýar. Ýük düşürmek, keselden gutulmak, gözüň açylmak, aýagyň ýeňlemek ýaly duýgulary ýaşamagyň täsin lezzeti bar. Emma, bu bir basgançakdan basgançaga ýokaryk dyrmaşýan adamyň halyna-da meňzeýär. Birini geçýäň – ýüküň ýeňleýär, ýöne, öňüňde ikinjisi... Ýokaryk çykdygyňça aýaklaryň ýadaýar, emma ruhuň ýeňleýär. Gadyr goýulmaly, aladasy edilmeli zadam ilki bilen ruh dälmi? Ruhy sagdyn däl adamyň bedeniniň saglygy, baga bakylýan öküziň sagdynlygyndan näme tapawudy bar. “Sagdyn bedende sagdyn ruh” diýýärdiler. Ýok ruhuň sagdynlygy bilen bedeniň sagdynlgynyň arasyndaky baglanşyk beýle ýöntem däl bolsa gerek. Hassa adamyň ýanynda oturyp görensiňiz, ol köplenç onuň ýüregi ýukalýar, duýgurlygy artýar, mylaýymlaşýar, mähermleşýär. Emma, mesiň ýagdaýy başga. Bir zada üns berdiňizmi, bilmedim, ýöne her kim bedeniniň saglygynyň, uzak ýaşamagyň aladasyny ruhunyň sagdynlgynyň, arassalygynyň, kämilliginiň aladasyny edenden köp edýär. “Ruh diňe şahyrlaç, okumyş adamlaryň derdi, biziň derdimiz gazanç etmek, özümizi, çagalarymyzy hor etmezlik” diýen düşünje-de bir ýanmyzdan aýrylanok. Emma, ruhuň sagdynlygy üçin bir iş edeňde alýan lezzetiň bedeniň saglygy üçin bir iş edip alýan lezzetiňden ýokarrak bolsa ýagşy.
Adam garradygyça ýalňyzlaşýan eken. Dostlaryň ölýär, käsinden ýoluň aýrylyşýar, käsinden ýol seni aýyrýar... Bu temany gozgap ýüregiňizi gysdyrmaýyn. Ýöne “Gündeligimiň” ejizligini duýdum. Aýdasymyň gelýän hemme zadyny aýtmaga utanýan. Degdi-gaçdy oýnaýan. Şonuň üçin bu ýazgylarymy okap wagtyňyzy ýitirmäň. Ýöne, içginlik üçin, içginlik gerek. Kompýuteriň başynda bu juda kyn. Näme üçindir, hekaýa ýa-da esse ýazanymdaky ýaly içginlige girmek kyn düşýär. Belki, öwrenşip bilýän däldirin. Bir hili oňaýsyzlyk bar, diýmek sizde-de şeýle duýgy döredýändirin, bagyşlaň.

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.