05.04.12. | Gündelik | Hydyr Amangeldi

05.04.12.

Aprel 05, 2012 | 0 teswir | 868 okalan

Birinden eşdipdim, adamyň işleri üç topara bölünýär:

1.     Gyssagly işler

2.     Zerur , ähmiýetli işler

3.     Ownuk-uşak, derekli-dereksiz işler.

Eger, adam diňe gyssagly işlerini etse, zerur, ähmiýetli işleri yza galýar. Eger, iň zerur, ähmiýetli, emma gyssagly bolmadyk işlerini edip ýörse, gyssaglylar ýuwaş-ýuwaş azalýar, işler tertibe münýär. Eger, ownuk işlere gümra bolunsa, onda hemişe ýetişiksiz günde, bitirýän işiňem bolmaýar. Men munuň dogrudygyny görýän. Dogrusy, iň ähmiýetli işlerimi etmäge çalyşýan, gyssagly diýlen meseläni aýyrjak bolýan. Kän bir gyssagly etmeli işim bolmansoň, bu maňa başartmanam duranok, emma muny has öňräkden eden bolsam, uly işleri bitirip bolardy, belki. Ýöne aslynda, esasy höwes eden zadym edebiýat boldy 25 ýaşdan soň. Şoňa-da köp wagtymy berdim, eger ownuk işlerimi hasaba almasam. Garaz, birhili öwünjek bolan ýaly boldum welin, aslynda gynanýan. Biz çagalarymyza esasy işi tapmagy, we diňe şoňa wagtyny sarp etmegi öwretmeli. Emma, beýle diýeniň bilen mesele çözülmeýär. Adamyň ömür ýolunda ýol görkezýän belgiler kän duş gelýär. Biz olary okap, görüp düşünip bilmeýäris. Edil entek prawa almadyk, ýol yşaratlaryny öwrenmedik oglan ýaly. Biz hatda barjak ýerimizem bilemizok. Köp kişi gowy aýlykly, uly weizpeli iş, maşyn, akyllyja aýal, edeplije çaga – şulara barmalydyryn öýdýär. Şolara baranyňdan soňam, indi näme pensiýa çykyp, abraýlyja öläýmek galýar diýýär. Bu salgyma ýetdim, emma suw ýok eken, indi öläýmesem, başga näme edeýin diýýäniňkä meňzeýär. Çünki, adam wezipä kowalaşanda-da, şan-şöhratyň aşygyka-da, öý-içer, aýal-çaga diýýärkä-de – bularyň hemmesiniň salgymdygyny bilýär. Ýalançy dünýe, pany jahan, ölümden gutulan ýok diýen ýaly köşeşdirji “saman çöplerine” ýapyşýar. Emma, hemişe ahyretiňe taýýarlanyp ýaşamaly eken. Men dindar bolmak barada aýdamok, Magtymgulam “Senden gapyl kim bardyr?” diýende adamlardan dindar etjek bolmaýan eken. Ol ýeke-täk hakykaty aýdypdyr. Biz hakykatdanam ahyrete, o dünýä barýarys. Şuňa näçe ir düşünseň, şonça salgyma kowalaşmak belasyndan goranyp bilýän ekeniň . Men bir ýazyp pozýan adam, eger, inžener bolan bolsamam şu akyly kabul edip, “bu akyl maňa degişli däl” diýmän, oňa gözümi ýummadyk bolsam, esasy işimi bitirmegim üçinem has peýdaly bolardy. Bu dünýede her işiň hiliniň ýokary bolmagy ony ahyret bilen baglydygyna düşünip bilşiňe görä eken. Eger durmuşyň salgyma kowalaşýanyň durmuşyna meňzäp ugraberse, onda sen işleriňi ahyretden üzňe edýändigiňdir. Men şuňa şol 25 ýaşymda düşünen bolsadym, Magtymgulynam, Gurbannazaram başgaça okardym, ýazýan zatlarymam başgarak bolardy. Arada, meni haýran eden bir zady okadym – Andreý Tarkowskiý Bibliýany ýatdan bilýar eken. “Solýaris” Halkara baýragy alanda iki sany žurnalist (çehmi, polýakmy) ondan interwýu aljak bolýarlar, olam: “Siz Hudaýa ynanýaňyzmy?” diýip soraýar. Olar “Ýok, biz o zatlaryň ertekidigini bilýäs” diýenlerinde, Tarkowskiý: “Men size interwýu berip biljek däl, siz maňa düşünmersiňiz” diýýär. (Men bu gürrüňiň manysyny ýazdym, sözme-söz däl). Ol muny aýdanda SSSR-iň iň dabaralýan döwri, 60-njy ýyllar. “Solýarisi” görmedik bolsaňyz görüň, köp zat öwrenersiňiz.

Gumdan gelýänçäm sag boluň, her birimize salgyma kowalaşmazlygy dileg edýärin.

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.