15.04.12
Gumdan düýn geldik. Ömrümiň iň gowy günlerini çölde goýup gaýtdyk. Elbetde, täze ýyl ýene seni görmäge geleris diýdik. Çöl – türkmeniň özi. Giň, parahat, ümsüm, ýakymly, mähirli. Asla darykmaýan çöl – türkmeniň özi. Göwnüme çyn türkmen ähli gowy häsiýetlerini çölden öwrenen ýaly. Onda-da ýazyň gününiň çöli. Bir kese ýurtly çöleden bakylygyň sesi gelýär diýipdir. Diňe bir bakylygyň däl, eý, kese ýurtly, ondan türkmeniň sesi gelýär, sen muny duýduňmy, duýmadyňmy bilmedim. Gaty taryp etmäýin, gözüňiz gider, birem şäheriň dar köçelerini, şaýollaryny taşlap, çölüň giň gujagyna özüňizi oklap bilmeýäniňize gynanarsyňyz.
Çalmar diýip bir ýerde ýaşadyk, çatma diýseň üsti açyk, öý diýsem şemal süzülip diwarlaryndan içerik girip dur. Sözen agaçlaryny (sazakadan berk, boýy ösgün, inçeräk agaç) dikligine, çala başyny aşak egip aýlawly dikip çykypdyrlar, daşyndan sazagy ýatyryp aýlapdyrlar, oň daşyndan ýene sözen aýlapdyrlar. Diýametri dört metr töweregi bir jaý. Orta-da sazak oduny ýakýarys. Çaý gaýnap dur, kofe içer ýaly gaýnag suwam taýýar. Üstümde düýe ýüňünden edilen ýeňiljek, emma, şeýle ýyljak ýorgan, aşagynda goýun derisi. Daň bieldiren badyna oýanyp ertir namazyny okap bolanymyzdan düýe süýdüni getirip berýärler. Soňra çomuç iýmäge gum gerşlerine çykýarys, bir alaň aşmankaň çomuçlar başlaryna çilkme telpek geýen ýaly sary güllerini güjeňläp otyrlar. Biz ýaşajyklaryny saýlaýarys. Göwnümize ýaran biriniň düýbüni bir sere töweregi gazyp alýarys-da, daşyny artyp, ap-ak, täsin tagamly, başyňy aýlap barýan ajaýyp ysly çomujy iýýaris. Men onuň ne tagamyny ne ysyny size ýetirip bilýarin. Çölde bolmanda ýekeje gije ýatyp görüň diýäýmesem. Birini tanajak bolsaň onuň öýüni, ýaşaýan ýerini, ýurduny synla diýilýär-ä. Gidiň, türkmeni azajygam bolsa tanaň diýesim gelýär. Athelteke atyna bir göwnüni bereniň ondan aýrylyp bilmeýşi ýaly, çölüne-de bir aşyk bolan onuň baky bendisidir, mejnunydyr.
Çölden bir zady öwrenesim geldi – az gürlemegi, az sözde köp zady aýdyp bilmegi, emma başarmadym öýdýän. Görüň-ä ony taryplajak bolup ençeme sözüň başyny agyrtdym. Çöl welin, bary-ýogy üç sany harp bilen özüniň kimdigini aýdýar. Çöl!
Onuň mahmal çägesine döşümi goýup ýatyşyma oňa siňip gidiberesim geldi. Elimiň arasyndan akyp giden çägeler mysaly bary akyp gitdi, men ýene dogduk obama geldim. Aýlanaýyn obamdan diýdim, emma bu sözüm üçin çöl menden çigit ýalam kine etmedi. Aslynda, ol meni ýene yzyma dolamak üçin bagryna basdy ahyryn. Muňa men häzir akyl ýetirip otyryn. Meni ynjytman yzyma dolap, maňa baky ýar bolan çöl, bagyş eden günleriň üçin mydama minnetdar gezerin. Meni nämä taýýarlap, nämä ugradanyňam unutmajak bolaryn. Unudybersem, Alla meni ýene seniň ýanyňa iberer. Seniň çägäň bilen birlikde giňligiňem, yssy mähriňem, ýumşak ümsümligiňem süňňüme gaýtadan siňer...Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.