18.04.12 | Gündelik | Hydyr Amangeldi

18.04.12

Aprel 18, 2012 | 0 teswir | 1022 okalan

Şu gün kinony alyp başladyk. Daňdan sagat 6-da kinostudiýadan athana bir awtobus bolup gitdik. Taýjagalary, süri baýtallary, dym-gyzyl gülälekli baýryň gerişlerini, üç sany ata aşyk oglanlary(kinomyzyň gahrymanlaryny) surata düşürdik. Garaz, isleýşimiz ýaly bolmasa-da, gowja zatlary aldyk. Režissýor Myrat Orazow. Men maslahatçy. Ylýas işli bolansoň gidip bilmedi. Sagat ikilere yzymyza dolanyp geldik. Bu-da bir döredijilik. Munda-da hiç wagt öz eden işiňden doly razy bolup bolanok, entegem gowy edesiň gelýär. Akylymyzyň, gözýetimimiziň, eşdişimiziň çäkil bolşy ýaly döredijiligimizem çäkli. Adama gepiňi düşündirip bilmegem, artisti oýnadyp bilmegem, operatory işletmegem – hemmesi çäkli. Çünki ynsanyň ýaradylyşy çäkli. Bize ýeten paý – elimizden gelenini etmek. Soň ökünmejek bolmak. Emma, topar bolup işlemek kyn zat. Kino işinde gaty köp adam gatnaşýar. Hersiniňem öz düşünjesi, ýörelgesi bar. Niçigem bolsa, çölden gelnimiň peýdasy köp degdi öýdýän, gaty sabyrlylyk (maňa görä) edip bildim. Eger, kino almak pikiriňiz bar bolsa, ilki bir çöle gidip zarýad alyp gelmnegi maslahat berip biljek.

Başga näme? Allaha şükür, saglygym ýagşy, gowy diýsemem boljak. Bir zady pikir etdim. Adama gep düşündirip, ýagny, edýänine ýalňyş diýip, ýalňyşyny düşündirip bolmaýar ýa-da juda kyn hem meniň başarjak zadym däl. Diňe razylaşyp, arasynda-da “Şeýle edip görsek nähili bolarka?” diýen ýaly sözler bilen öz garaýşymy düşündirip bilsemem boldugy. Hatda şeýdip düşündiräýeniňde-de, ony alga alaýan az. Belki şonuň üçinem ynsan dürli-dürli. Şol dürlüligem onuň gözelligi. Ýöne bu gözellik juda gymmat bahaly bir gözellik. 

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.